Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

view-icon 686
Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Pekine gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ol ýerde bolýan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli görşüp, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürilýän türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mahmud Ahmadinežad söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini we gumanitar-medeni gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, uly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy barada pikir aýtdylar. Bu köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijesinde bilelikdäki iri taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň arasynda sebit we halkara derejesinde özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge hyzmat etjek Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň we Eýranyň Baştutanlary ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki, ilki bilen bolsa abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esaslarynda ýola goýlan we iki ýurduň baý ykdysady we medeni mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge hem-de sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mahmud Ahmadinežad hoşlaşanlarynda, birek-birege jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň we Eýranyň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, bagt hem-de abadançylyk arzuw etdiler.