Ï Müňýyllygyň belent maksatlaryna tarap täze Ýüpek ýoly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Müňýyllygyň belent maksatlaryna tarap täze Ýüpek ýoly

view-icon 810
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlsine gatnaşdy

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň Pekinde geçirilen 12-nji mejlsine gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Şaýhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Sammitine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesinde uly at-abraýa eýe bolup durýandygyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmadaşlygyň ösdürilmegine gönükdirip ýöredýän oňyn, döredijilikli daşary syýasatynyň giňden ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan strategiýany yzygiderli ýagdaýda amala aşyrmak arkaly, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki özara peýdaly gatnaşyklary ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň halkara guramalarynyň 42-siniň agzasy bolup durýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem Türkmenistan agza bolup durmaýan halkara we döwletara guramalarynyň birnäçesiniň ýokary derejeli mejlislerine gatnaşýar. Çünki olaryň işleriniň esasy jähetleri ýurdumyzyň daşary syýasatynda, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilip, ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.

Türkmenistan ählumumy abadançylyk ugrunda giň we oňyn gepleşigiň geçirilmegini ileri tutup, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň oýlanyşykly çözgütleriniň işlenip taýýarlanmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisine gatnaşmagy hem hut şu ýagdaý bilen şertlendirilýär. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Sammitlerine hormatly myhman hökmünde ozal hem birnäçe gezek gatnaşdy.

Şu meselä degişli gürrüňi dowam etmek bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriň ählisi bilen netijeli, dostlukly gatnaşyklary üstülikli ösdürýändigini bellemek gerek. Ýeri gelende aýtsak, 2001-nji ýylda döredilen we hemişelik esasda hereket edýän bu hökümetara halkara guramasynyň düzümine Gazagystan Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Gyrgyzystan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy goşulýar. Şunuň bilen baglylykda, düýn, 6-njy iýunda Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Hu Szintao bilen gepleşikleriň geçirilendigini bellemek gerek, bu gepleşikler döwletara gatnaşygynyň ýokary derejä ýetirilendigini hem-de taraplaryň uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutmak arkaly, doly möçberli hyzmatdaşlyga gönükdirilen ugra ygrarlygyny tassyklady.

Ýeri gelende aýtsak, şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen bilelikde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (СNPС) baş edara binasyna bardy we bu ýerde СNPС-niň direktorlar geňeşiniň başlygy jenap Szýan Szemin bilen duşuşdy. Gepleşikler tamamlanandan soňra bu ýerde Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň goşmaça möçberlerini ibermek boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (СNPС) arasynda hyzmatdaşlyk baradaky Çarçuwaly ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama strategiki ähmiýetli ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlyk edilýändigini görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi, Türkmenistan-Hytaý transaziýa gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça uly möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy şol hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylýandygyny görkezýär.

6-njy iýunda, günüň ikinji ýarymynda “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respulikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad bilen duşuşdy. Söhbetdeşler türkmen-eýran gatnaşyklarynda ileri tutulýan meseleri ara alyp maslahatlaşyp, iki ýurduň däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara, hoşniýetli goňşuçylyga we özara peýdaly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny bellediler.

Şol gün agşam türkmen Lideri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşýan daşary ýurtly kärdeşleri—döwlet baştutanlary bilen bilelikde, Hytaýyň Uly Döwlet teatryna bardy, onuň opera zalynda hytaý tarapynyň teklibi boýunça Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan yglan edilen Dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýylyna bagyşlanan Gala-konsert boldy.

Şol gün Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň işewürlik maslahatyna gatnaşdylar.

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasynda Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (СNPС) direktorlar geňeşiniň başlygy jenap Szýan Szemini kabul etdi.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen döwletiniň Baştutany Halk Ýygnaklarynyň Öýüne tarap ugrady, ol Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji mejlsiniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Sammitine gatnaşmak üçin Pekine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimow geldiler.

Şeýle hem mejlise Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň ýanynda synçylaryň derejesine eýe bolup durýan döwletleriň baştutanlary –Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmedinežad, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari we Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdorž gatnaşdylar. Sammitde Hindistan Respublikasyna bu ýurduň daşary işler ministri Somanahalli Mallaýýa Krişna wekilçilik etdi. Şeýle hem Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Sammitine hormatly myhman hökmünde Pekine Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý geldi.

Ozal bellenilişi ýaly, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramasy bolup durýar. Onuň işiniň esasy wezipeleri sebitda durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, häzirki döwürdäki howplara we wehimlere garşy durmak maksady bilen umumy tagallalary birikdirmekden, oňyn syýasy gatnaşyklary hem-de söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar-medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşi Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Döwlet baştutanlary her ýylda mejlise gatnaşmak üçin ýygnanýarlar.

Şu ýerde, Halk Ýygnaklarynyň Öýünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy, şeýle hem beýleki belent mertebeli myhmanlary Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Hu Szintao mähirli garşylady.

Mejlisiň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň banneriniň ýanynda bilelikde surata düşdüler. Soňra Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň, synçy ýurtlaryň we hormatly myhmanlaryň 12-nji mejlisi giňeldilen düzümde başlandy.

HHR-iň Başlygy Hu Szinitao mejlisi açyp, oňa gatnaşyjylary mübärekledi hem-de öz çykyşynda sebit we halkara derejesinde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, hemmetaraplaýyn ösüşi höweslendirmek maksady bilen, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra bellenilen tertibe laýyklykda, çykyş etmek üçin, duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisde çykyş edip, HHR-iň Başlygy Hu Szintao şunuň ýaly derwaýys hem-de wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de myhmansöýerlik we mähirli kabul edendikleri üçin tutuş hytaý halkyna hoşallyk bildirdi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna we ykdysady gatnaşyklara esaslanýan strategiýasyny durmuşa geçirmek arkaly, daşarky gatnaşyklaryň geografiki taýdan yzygiderli giňeldilmegine we düzümleýin diwersifikasiýa edilmegine, dünýä ösüşiniň esasy kesgitleýji meýillerine işjeň gatnaşmaga ygrarlydygyny belledi. Munuň özi, ýurdumyzyň käbir döwletler bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini hem-de ösüşi we rowaçlygy gazanmak maksady bilen, deňhukuklylyga we özara bähbitlilige esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine eýerýän döwletara birleşmeleri bilen özara arkalaşykly hereket edilmegini göz öňünde tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, biziň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna hormat bilen garaýşymyz hut şu nukdaýnazardan kesgitlenýär diýip belledi. Türkmenistan öňden bäri Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolup durýan döwletler, şeýle hem synçy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edýär, olar biziň goňşularymyzdyr we dostlarymyzdyr. Türkmen Lideri hut şonuň üçin, biz ŞHG bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli alnyp barylmagynyň hem-de Türkmenistanyň sebit we ählumumy derejedäki ýagdaýlara gatnaşygynyň umumy ugry bilen sazlaşykly baglanyşdyrmak arkaly garaýarys diýip aýtdy hem-de Türkmenistanyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen birnäçe ugurlar, energetika, ulag, aragatnaşyk, söwda we medeniýet boýunça hyzmatdaşlyga degişli mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti energetika toplumyndaky hyzmatdaşlyga degişli mesele barada durup geçip, energiýa serişdelerini Orta Aziýadan Hytaýa, Günorta Aziýadaky we Orta Gündogardaky ýurtlara ýetirmek boýunça toplumlaýyn ýangyç geçiriji desgalary döretmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Soňky ýyllarda Türkmenistandan Hytaýa we Eýrana gaz geçirijileriň gurulmagy, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisine degişli ýene-de bir strategiki ähmiýetli taslamanyň işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilýän tapgyrda bolmagy şunuň ýaly meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylyp bilinjekdigini we durmuşda möhüm ähmiýetlidigini tassyklaýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany yklym derejesinde döwrebap, köp ugurly ýangyç geçiriji ulgamyň gurluşygynyň döwrüň talaby bolup durýandygyna ynanýandygyny aýdyp, şunuň ýaly taslamalaryň amala aşyrylmagynyň sebitde we onuň çäklerinden daşarda ykdysady ösüşiň gazanylmagyna güýçli itergi berjekdigini hem-de maýa goýumlar babatda işjeňligi höweslendirjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şu ugurda netijeli pikir alyşmak we bilelikdäki meýilnamalary işläp taýýarlamak üçin açykdygyny hem-de bulary amala aşyrmak üçin özüniň serişdeler babatdaky kuwwatly mümkinçiliklerini, geoykdysady taýdan ýerleşişiniň artykmaçlyklaryny hem-de şu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara arkalaşykly hereket etmek arkaly toplan tejribesini hödürlemäge taýýardygyny nygtady.

Türkmen Lideri Ýuwaş ummanyndan Baltika çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli aralykda ýerleşýän giňişlikleri baglanyşdyryp biljek “Demirgazyk-Günorta”, “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça ulag ulgamyny oňaýlaşdyrmagyň geljekki mümkinçilikleri bilen baglylykda ulag-kommunikasiýa ulgamynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna goşulýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň hem wajyp ähmiýetli bolup biljekdigini belledi. Türkmenistan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna goşulýan ýurtlar bilen söwda dolanyşygynyň artdyrylmagyna, eksport-import amallarynyň diwersifikasiýa edilmegine, özüniň desgalarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak üçin toplanan tejribeden we tehnologiýalardan peýdalanylmagyna,oba hojalygy boýunça bilelikdäki taslamalaryň işlenip düzülmegine, telekeçilik düzümleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan bilelikdäki mümkinçilikleriň şunuň ýaly gatnaşyklaryň özara peýdaly we uzak möhletleýin esasda guralmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýokarda aýdylanlary göz öňünde tutanyňda, asyrlar boýy diňe bir uly söwda ýoly bolmak bilen çäklenmän, siwilizasiýalary baglanyşdyran, halklaryň arasynda medeni, gumanitar gatnaşyklaryň giňden ösdürilmegine ýardam beren Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginiň uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Köp asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, häzirki tapgyrda-da Türkmenistan bu oňyn ýagdaýlara özüniň goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýoluny taryhdaky ähmiýetine ýetirmek üçin biziň döwletlerimizde ähli zerur syýasy we ykdysady mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Türkmenistanyň ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belläp, geljek ýylda Beýik Ýüpek ýolunyň ХХI asyrdaky mümkinçiliklerine bagyşlanyp wekilçilikli halkara maslahatyny geçirmegi teklip etdi.

Türkmen Lideri sözüni dowam edip, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynda sebit derejesindäki ýagdaýlaryň durnuklylygynyň we sazlaşykly ösdürilmeginiň üpjün edilmegine, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, düzümi boýunça uly möçberli halkara taslamalarynyň amala aşyrylmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilen wajyp ugry bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine sebitara gatnaşyklary ösdürmek, dünýäniň ykdysady giňişligine dolulygyna we deňhukuklylyk esasynda goşulyşmak üçin biziň ýurtlarymyzda bar bolan mümkinçiliklerden göwnejaý peýdalanmak bilen baglylykda garalýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň parahatçylygy pugtalandyrmak, halkara we sebit derejesinde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek, ХХI asyrdaky howplara we wehimlere garşy durmak, döwletara gatnaşyklarynyň oýlanyşykly ulgamyny guramak bilen bagly meselelerde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň eýerýän netijeli, oýlanyşykly we jogapkärli ugruna ýokary baha berýändigini belledi. Türkmen döwletiniň Baştutany bu möhüm ähmiýetli wezipeleri berjaý etmekde ýurdumyzyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap, şu ugurdaky köpçülikleýin çäreleriň güýçlendirilmegine gönükdirilen anyk teklipleri Birleşen Milletler Guramasyna hödürlemek üçin umumy tagallalary jebisleşdirmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Owganystandaky ýagdaýyň düzgünleşdirilmegine degişli meselelere ünsi çekip, Türkmenistanyň bu goňşy doganlyk ýurduň durmuş-ykdysady taýdan tiz dikeldilmegine, owgan topragynda parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar edilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň goňşy döwletdäki ýagdaýy düzgünleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna goşulýan ýurtlar we Owganystan bilen bilelikde işlemäge, şol sanda BMG-niň howandarlyk etmeginde owgan meselesi boýunça giňişleýin halkara geňeşmeleri geçirmek üçin Bitarap Türkmenistanyň syýasy giňişligi hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşyny dowam edip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Hu Szintaonyň dünýä syýasatynda, häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynyň ählumumy binýadyny döretmekde görnükli orny eýeleýändigini belledi. Türkmen Lideri soňky onýyllykda Hytaýyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça uly üstünlikleri gazanandygyny, halkara gatnaşyklarynyň durnukly we oýlanyşykly ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýetli täsirini ýetirýändigini, ýer ýüzünde durnuklylygyň we howpsuzlygyň saklanmagyny kepillendirýän ýurtlaryň birine öwrülendigini aýdyp, HHR-iň Başlygyna ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy we özara duşunişilmegini pugtalandyrmak işine goşan goşandy üçin minnnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Hu Szintao däbe öwrülen hem-de häzirki wagtda sazlaşykly ösdürilýän we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine degişli meselelere içgin üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmen Lideri çykyşynyň ahyrynda tutuş hytaý halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy

Mejlis tamamlananadan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşdy. Türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem ikitaraplaýyn gyzyklanmalara jogap bolup durýan sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak bilen, iki ýurduň Liderleri taraplaryň özara erkine, däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek däplerine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem şu gün Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Sammitine gatnaşýan wekiliýetleriň baştutanlarynyň hormatyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň adyndan resmi nahar berildi.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Hu Szintao bilen mähirli hoşlaşdy hem-de Halk Ýygnaklarynyň Öýünden çykdy.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany Pekiniň halkara howa menziline bardy we şol ýerden ata Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.