Türkmenistanyň olimpia ýygyndy düzüminiň üsti ýene-de bir türgen bilen ýetirildi. Astanada geçirilen Aziýa turnirinde üstünlikli çykyş eden boksçylar Serdar Hudaýberdiýew we Nursähet Pazzyýewiň yzysüre suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň birnäçe gezek çiempiony Jennet Saryýewa Londonda geçiriljek olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu barada Halkara suwda ýüzmek federasiýasynyň (FINA) ýerine ýetiriji direktory Kornel Markulesku özüniň Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetine iberen hatynda habar berdi.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, milli ýygyndy toparyň bolsa baş tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň ýolbaşçylygynda türgenleşik geçýän 18 ýaşly türgenimiz ulularyň arasynda geçirilýän baş bäsleşiklerde ilkinji gezek çykyş eder. J. Saryýewa iki ýyl mundan ozal Singapurda ýetginjekleriň arasynda geçirilen olimpia oýunlarynda erkin görnüşde 100 metr aralygy 1 minut 14,67 sekuntda geçip, şahsy rekord goýupdy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby J. Saryýewa erkin görnüşde 50, 100, 200, 400, 800 we 1500 metr aralyk boýunça Türkmenistanda taý ýok. Şeýle hem ol 50, 100 we 200 metr aralyk boýunça arkanlygyna ýüzmegiň we 200 hem-de 400 metr aralyga bolsa toplumlaýyn ýüzmegiň ussadydyr. Jennet 2010-njy ýylda Guançžou (Hytaý) şäherinde geçirilen XVI Aziýa oýunlaryna, 2009-njy ýylda Rimde, 2010-njy ýylda Dubaýda, 2011-nji ýylda bolsa Şanhaýda geçirilen dünýä çempionatlarynda çykyş etdi. Ýeri gelende aýtsak, J. Saryýewa geçen ýyl Hytaýda geçirilen dünýä çempionatynda 400 metr aralyk boýunça erkin görnüşde ýüzüş geçirilende özüniň öňki gazanan netijesinden 20 sekunt tapawutlandy we bu aralygy 5 minut 41,09 sekuntda geçmegi başardy. Ol Londonda geçiriljek Olimpiada-2012-de hem şu aralyk boýunça ýaryşa goşular.
Şeýlelikde, Olimpiada-2012-ä gatnaşäak türgenlerimiziň sany artdy. Aýal-gyzlaryň arasynda suwda ýüzmek boýunça geçiriljek ýaryşdan başga-da, Türkmenistanyň türgenleri XXX tomusky Olimpia oýunlarynda agyr atletika, boks, zenanlar dzýudosy, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça erkekleriň arasynda geçiriljek bäsleşiklere gatnaşarlar. Londonda geçiriljek oýunlara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň olimpia toparynyň gutarnykly düzümi ýakyn günlerde belli bolar.