Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem ýurdumyzyň içeri işler ministri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, ilkinji nobatda bolsa derwaýys oba hojalyk möwsümi bolan galla oragynyň barşy baradaky, welaýatlarda medeni maksatly desgalarynyň gurluşygy hem-de ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M. Nurmämmedow çagyryldy. Ol milli Liderimize ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim medeni maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy we howanyň gyzmagy bilen baglylykda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan işler hakynda aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine hem-de möwsümiň öz wagtynda tamamlanmagyna aýratyn ünsi çekip, bu işde oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz ulanylmagyny, ýetişdirilen hasylyň iň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny üpjün etmek barada häkime berk talap bildirdi. Hormatly Prezidentimiz welaýat boýunça Ruhabat we Baharly etraplarynda galla oragynyň örän pes depginlerde alnyp barylýandygyny belläp, Ruhabat etrabynyň häkimi A. Guldurdyýewiň we Baharly etrabynyň häkimi J. Gulmyradowyň işleri talabalaýyk guramaklaryny talap etdi we galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.
Şu ýylky möwsümde haýsy firmalaryň kombaýnlarynyň has netijeli ulanylýandygy bilen gyzyklanyp, milli Liderimiz bu meseleleri jikme-jik öwrenmek barada häkime tabşyryk berdi hem-de munuň geljekde biziň ýurdumyzyň toprak - howa şertleri üçin has oňaýly oba hojalyk tehnikalaryny saýlap almakda ähimiýetlidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň düýpli güýçlendirilmelidigine häkimiň ünsüni çekdi.
Ýangyn howpsuzlygy baradaky wajyp meselä geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýangynyň öňüni almak we ýangyna garşy göreş ulgamynyň bökdençsiz işiniň, şol sanda tehniki-guramaçylyk çäreleriniň üpjün edilmelidigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli howuzlaryň mydama suwdan doldurylyp goýulmalydygyny we ähli zerur bolan gurallaryň, enjamlaryň hemişe taýýarlyk ýagdaýynyň üpjün edilmelidigini pugta tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S. Satlykowy çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan durmuş-medeni ähmiýetli binalardaky işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol galla oragynyň barşy, ýangyn howpsuzlygynyň zerur derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Esenguly (häkim N.Araztuwakow), Magtymguly (häkimi H. Ylýasow) we Serdar (häkimi Ö. Meretgeldiýew) etraplarynda galla oragynyň pes depginlerde barýandygyny belledi we ýagdaýy seljerip, bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi häkimden talap etdi. Galla oragynda işledilýän tehnikalaryň üpjünçiligi bilen gyzyklanyp, kombaýnlaryň haýsy görnüşiniň Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigini öwrenip, bu babatda teklipleri taýýarlamagy we olary ýakyn wagtda hödürlemegi tabşyrdy.
Tomus paslynyň gelmegi bilen gurak, yssy howanyň saklanmagynyň ýangyn döremek howpuny artdyrýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangynyň öňüni almak we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň ähli ýerde berk berjaý edilmegini gyşarnyksyz üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Gurulýan durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň ýagdaýyna degip geçmek bilen, milli Liderimiz Awazanyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine aýratyn üns berilmelidigini belledi we bu ýerde türkmenistanlylaryň hem-de daşary ýurtlularyň oňaýly dynç alyp hem-de saglyklaryny berkidip bilmekleri üçin zerur şertleriň döredilişi bilen gyzyklandy. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmagy talap etdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýew öz hasabatynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde birigün galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülendigini we gallaçy-kärendeçiler, kombaýnçylar üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini habar berdi. Şeýle hem häkim welaýatda şaly ekişiniň barşy, durmuş-medeni ähmiýetli welaýatda gurulýan iri desgalardaky işleriň ýagdaýy, tomus paslynyň yssy günleriniň başlanmagy bilen ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi bilen baglanyşykly amala aşyrylýan çäreler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitde meýilleşdirilen ähli işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi barada anyk tabşyryklary berip, ýakyn günlerde ulanmaga tabşyrylmagy bellenen desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
Ýetişdirilen hasyly öz wagtynda iň soňky dänesine çenli isripsiz ýygnap almagyň wajypdygyny aýratyn nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz geljekde tohumçylyk işini has-da gowulandyrmak we bugdaýyň ýokary hasylly görnüşlerini almak maksady bilen dänäniň tehnologik häsiýetiniň gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milletiň Lideri möhüm azyk önümi bolan şaly ekişiniň öz wagtynda guramaçylykly tamamlanmagynyň zerurdygyny belledi.
Häzirki döwürde howanyň gyzmagy bilen ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmeginiň derwaýys meseleleriň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýangynyň öňüni almak üçin ähli toplumlaýyn çäreleriň geçirilmelidigini tabşyrdy. Welaýatyň hemme ýerinde zerur bolan howuzlaryň suwdan doldurylyp we beýleki ähli enjamalryň taýýarlyk derejesiniň üpjün edilmegini häkimden talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny dowam edip, Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim özüniň hasabatynda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragynyň we şaly ekişiniň barşy barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu wajyp oba hojalyk möwsüminiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi ugrunda ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni ähmiýetli desgalarda işleriň ýagdaýy we ýangyn howpsyzlygyny üpjün etmek barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň käbir etraplarynda galla oragynyň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, hususan-da, Birata etrabynyň häkimi Ç.Hojakulyýewiň, Döwletlei etrabynyň häkimi S.Rozynazarowyň we Seýdi şäheriniň häkimi D.Wellekowyň işleri guraşyna nägilelik bildirdi hem-de ýagdaýy düzetmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi. Milletiň Lideri şaly ekişiniň hem agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda geçrilmeginiň üpjün edilmelidigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň häkimine oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak bien baglynaşykly, ilkinji nobatda bolsa sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tehnikalary aýyl-saýyl etmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi we bu babatda teklipleri bermegi tabşyrdy.
Häzirki döwürde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň üpjün edilmeginiň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz häkimden welaýatyň çäklerinde howanyň gyzmagyny nazarda tutup, ýangynyň öňüni almak boýunça degişli düzümler bilen sazlaşykly işi ýola goýmagy talap etdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, galla oragynyň barşy, şeýle hem welaýatyň gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Ol ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçrilýän çäreler hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Mary welaýatynda galla oragynyň depginleriniň pesdigine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, welaýatyň käbir etraplarynda oragyň depginleri has-da pes alnyp barylýar. Munuň özi Wekilbazar etrabynyň häkimi M.Nepesowa, Baýramaly etrabynyň häkimi Ý.Bähbidowa we Mary etrabynyň häkimi N.Amannaýewa degişlidir diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýagdaýy seljermek we kemçilikleri düzetmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda galla oragyna degişli meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, işiň ýokary öndürijiligi üçin zerur şertleriň döredilişi, kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylyşy, olaryň bökdençsiz işiniň üpjün edilişi bilen içgin gyzyklandy.
Şeýle hem milli Lidermiz welaýatyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýyna ünsi çekip, medeni maksatly desgalardaky gurluşygyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň üpjün edilişine aýratyn üns bermek bilen, bu ugurda zerur bolan guramaçylyk işleriniň berk berjaý edilmeginiň derwaýysdygyny belledi. Ähli zerur bolan enjamlaryň, şeýle hem howuzlar hemişe suwdan doly, taýýarlyk ýagdaýynda bolmalydygyny we olaryň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş. Durdylyýewiň hasabatyny diňledi. Häkim paýtagtymyzda iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler we tomus paslynyň gelmegi bilen, Aşgabat şäherinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek bilen baglanyşykly görülýän guramaçylyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyza Aşgabatda ýaşaýyş jaý toplumynyň 12-nji nobatdakysynyň gurluşygynyň taslamalarynyň taýýarlygyna degişli meseleler hakynda habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri, olary gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen jikme-jik gyzyklanyp, ak mermerli Aşgabady degişli derejede abadanlaşdyrmagy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işlere ünsi çekdi. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň binagärlik ulgamynda, şol sanda köp gatly belent jaýlary we ýollary gurmakda bu ugurdaky iň täze inženerçilik-tehniki çözgütler bilen özboluşly milli binagärlik däpleriniň sazlaşmalydygyny belledi.
Ýaşaýyş jaý toplumynyň 12-nji nobatdakysynyň gurluşygynyň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz işlenip taýýarlanylan taslamalar boýunça ýerine ýetirilen işler bilen jikme-jik tanyşdy we Aşgabat şäheriniň häkiminine paýtagtymyzda täze gurlan jaýlarda amatly ýaşaýyş derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi barada anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze gurulýan jaýlarda dükanlaryň, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ýörite ýerleriň, lukmançylyk edaralarynyň, şeýle hem dynç almak we wagtyňy gyzykly geçirmek üçin degişli desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulmalydyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň aşaky gattlarynda ýerleşýän gulluk we beýleki otaglaryň hususy telekeçilere we daşary ýurt kompaniýalyrynyň wekillerine kärendä berilmegi bilen baglanyşykly meseleler oňyn çözülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek baradaky gürrüňe degip geçmek bilen, milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimine Içeri işler ministrliginiň degişli düzümi bilen bilelikde ýangynyň öňüni almak, şäherde ýangyn howpsuzlygyna zerur bolan gözegçiligi amala aşyrmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň içeri işler ministri I. Mulikowy çagyrdy. Ministr özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler we tomsuň gelmegi hem-de yssy howanyň saklanmagy bilen baglylykda, ilkinji nobatda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Ministriň habar berşi ýaly, häzirki döwürde bu ugurda toplumlaýyn işler alnyp barylýar, şol sanda degişli düzümleriň işgärleri bilen ýangyn howpsuzlygy boýunça düşündiriş işleri gurnalýar, hereket edýän kadalara laýyklykda, ýangyny öçürmekde ulanylýan ilkinji serişdeleriň üpjünçiligine, ýangynyň öňüni almakda peýdalanylýan gurallaryň we beýleki zerur enjamlaryň guratlyk ýagdaýyna barlaglar geçirilip durulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýangyn döremeginiň öňüni almak, ozaly bilen bolsa galla oragynyň barşynda we ýygnalan hasyly ýangyndan goramak maksady bilen geçirilen guramaçylyk işleriniň derwaýysdygyna ünsi çekip, içeri işler ministrine ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanmagy we ýerli häkimiýet guramalary bilen ýangyna garşy göreşmek çäreleriniň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Şu günki wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gozgalan meseleleriň hemmesiniň derwaýysdygyna ünsi çekdi we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pile taýýarlamak boýunça pes netijeleriň gazanylandygy sebäpli häkimleriň bu babatda işleri guraýşyna nägilelik bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz galla oragynyň barşy, iri gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigini aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylaryň hemmesine jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.