Ï Türkmenistanyň ylmy: özgertmeler strategiýasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ylmy: özgertmeler strategiýasy

view-icon 1437
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzyň ylym wekilleri bilen maslahat geçirdi.

Ylymlar gününe—ýurdumyzyň ylmy mekdebini kämilleşdirmek üçin örän ähmiýetli dabara gabatlanylyp geçirilen bu maslahat täze taryhy eýýamda öňe sürülýän gaýragoýulmasyz wezipeler jähetinden türkmen ylmyny mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýys meselelerine bagyşlandy.

Mälim bolşy ýaly, Ylymlar güni oýlanyşykly ylmy çemeleşmelere, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýan täze özgertmeler eýýamynda döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda, ylym ulgamyny düýpli özgertmek boýunça meseleleriň gozgalan hem-de möhüm çäreleriň bellenen mahalynda bu ägirt uly işiň başyny başlady.

Geçen bäş ýylyň dowamynda örän uly işler amala aşyryldy—ýurdumyzyň ylmynyň ygtybarly hukuk binýady döredildi, ony ösdürmegiň esasy maksatlary we wezipeleri, şeýle hem ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi, ylym we ýokary tehnologiýalar ulgamynda iri halkara guramalary hem-de ylmy merkezler bilen uzakmöhletleýin halkara hyzmatdaşlygyna badalga berildi. Ýurdumyzda ýokary döwlet edarasy—Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hereket edýär. Onuň ýolbaşçylygynda döwletiň ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirilýär. Türkmenistan düýpli ylymlary ösdürmek, ylmy-tehniki kuwwaty artdyrmak, milletiň täze aň-bilim işgärlerini-alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ylmy işe has ukyply ýaşlary çekmek ýurdumyzyň ylmyny özgertmegiň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi. Şol wezipeler bolsa Garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji gezek işlenilip taýýarlanylan ylmy işgäriň statusy hakyndaky Kanunda öz beýanyny tapdy. Şol resminama ýurdumyzyň ylmyny ösdürmek ulgamyndaky işi kadalaşdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň ýanynda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy edaralarynda aspiranturalar hem-de doktoranturalar hereket edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň howandarlygynda dünýä ylmynyň derwaýys meselelerine bagyşlanan halkara ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, onuň taryhyny we medeniýetini hemmetaraplaýyn öwrenmäge ýardam edýän ylmy ekspedisiýalar guralýar.

Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň alymlarynyň, tutuş jemgyýetçiligiň öňünde goýan esasy wezipesi bolsa ylmy hil taýdan täze derejä çykarmakdan, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmakdan, olary jemgyýetimiziň we döwletimiziň örän wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmekden ybaratdyr.

Ine, şu gün milli Liderimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletini ösdürmegiň strategiki ugry hökmünde ýurdumyzyň ylmyny kämilleşdirmek meselelerine ýene-de gaýdyp geldi.

Ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata gatnaşmak üçin hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary, akademikler we professorlar, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, aspirantlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen halkymyzy, ýurdumyzyň ähli alymlaryny we ylmy işgärlerini şu gün berkarar döwletimizde giňden bellenip geçilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli alymlarymyza we ylmy işgärlerimize mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri we täze ylmy açyşlary arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahaty geçirmek bilen öňümizde goýýan maksadymyz  ylmy ösdürmegiň ýollaryny hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ylmyň esasy ornuny anyk kesgitlemekden ybaratdyr diýip nygtady.

Milletiň Lideri ylmyň möhüm orny barada aýtmak bilen, häzirki döwürde ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli ulanmak, jemgyýetiň aň-düşünjesini has-da ýokarlandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip belledi.

Ylmyň täze, has belent sepgitlere çykarylmagy bize ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň medeni derejesini we maddy hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde ylma daýanmazdan, islendik döwletiň durnukly öňe gitmegini we hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini gazanmak, sözüň doly manysyndaky ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek asla mümkin däldir. Jemgyýeti ösdürmegiň kuwwatly hereketlendiriji güýji hökmünde ylym ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär, berkarar Watanymyzyň dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagynda esasy şertleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem, biz ylmy güýçli depginler bilen ösdürmek, ony kämilleşdirmek, hil taýdan özgertmek we höweslendirmek boýunça giň gerimli çäreleri durmuşa geçirmäge, ähli göz öňünde tutulýan ägirt uly özgertmeleriň ýeterlik derejede ylmy taýdan düýpli esaslandyrylmagyny gazanmaga aýratyn möhüm ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylmyny ösdürmekde anyk gazanylanlaryň birnäçesi barada durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri soňky ýyllarda ýurdumyzda ylmyň düýpli we ygtybarly hukuk binýadynyň döredilendigini, ylmy ösdürmek we onuň gurluşyny kämilleşdirmek boýunça birnäçe kararlaryň kabul edilendigini, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde raýatlarymyza ylmy we tehniki döredijiligi erkin alyp barmaga hukuk berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym ulgamyny ösdürmekde döwletiň esasy orny eýeleýändigini aýdyp, hususan-da, şu maksatlar üçin Döwlet býujetinden goýberilen serişdeleriň ýylsaýyn artýandygyny, häzirki döwürde geljegi uly bolan ylmy, tejribe-synag we tehnologik barlaglaryň maliýeleşdirilmeginiň has-da gowulanýandygyny, ýurdumyzda ylmyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça goşmaça çäreleriň geçirilýändigini, şu maksatlar üçin soňky döwürde 10 million amerikan dollary möçberde serişdäniň goýberilendigini belledi.

Türkmenistan ylmy ösüşiň ugurlarynyň hiç birinden asla çetde durup bilmez. Sebäbi ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny peýdalanmagy başarmaýan döwlet dünýäniň umumy ösüşinden, bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyndan çetde galýar. Biz bu hakykaty hiç wagt unutmaly däldiris. Şeýle hem, ýurdumyzyň ylmy kuwwaty onuň halkara abraýynyň nyşanydyr, milli baýlygymyzyň aýrylmaz bir bölegidir, berkarar döwletimiziň geljekki üstünlikleriniň berk binýadydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, milletiň Lideri döwletimiz tarapyndan uly goldawyň berilýändigine garamazdan, ýurdumyzda ylmyň maddy-enjamlaýyn binýadyny täzeden dikeltmek we ösdürmek, aýratyn-da, ylmy işgärleri taýýarlamak işleriniň örän haýal alnyp barylýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ekspert geňeşleri bolan Ýokary attestasiýa komitetiniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň akademiki we pudaklaýyn ylmy edaralarynyň birnäçesiniň işinde düýpli kemçiliklere ýol berilýändigini aýtdy. Pudaklaýyn ylmy edaralar önümçilige beýleki ylmy edaralardan has ýakyn durýandyklary sebäpli, öz pudaklarynda ylmy-tehniki ösüşiň gazanylmagy üçin doly jogap bermelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ylmy işler barada aýdyp, olaryň uly ylmy mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmaýandygyny belledi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň baş ylmy merkezi hökmünde Ylymlar akademiýasynyň düýpli we amaly barlaglary geçirmek arkaly jemgyýetiň ylmy we inžener-tehniki kuwwatyny artdyrmalydygyny, ösen milli aň-düşünjeli öňdebaryjy ylmy işgärleri – ylmyň täze ugurlary boýunça alymlary taýýarlamak, has ukyply ýaşlary ylmy döredijilige giňden çekmek boýunça hem netijeli işleri alyp barmalydygyny nygtady. “Biz alymlary diňe bir ýurdumyza getirilýän tehnikalaryň we enjamlaryň dünýä standartlaryna we biziň anyk tebigy-howa şertlerimize laýyk gelýändigini seljermek boýunça geçirilýän işlere çekmek bilen çäklenmän, eýsem, olary taslamalary, möhüm ähmiýetli çözgütleri hem-de meýilnamalary taýýarlamaga we seljermäge hem giňden çekmelidiris. Biz alymlaryň pikirini nazara alyp, olaryň geçirýän ylmy-barlag işleriniň netijelerini we berýän tekliplerini döwlet syýasatynda hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alyp barýan işlerimizde hem giňden peýdalanmalydyrys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ylmyň innowasiýalar esasynda ösdürilmeginiň hem örän möhüm meseleleriň biridigini aýdyp, ylmyň öňdebaryjy tehnologiýalary yzygiderli hödürläp durmalydygyny, düýpli we amaly ylmy-barlaglary höweslendirmäge aýratyn üns berilmelidigini, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmäge gönükdirilen, has ähmiýetli we möhüm ylmy barlaglary höweslendirmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň tejribe-synag binýadyny pugtalandyrmak, ylmy barlaglary geçirmek üçin olaryň häzirki zaman abzallary, enjamlary, awtomatlaşdyrylan serişdeler we hasaplaýyş tehnikalary, materiallar we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edilişini düýpli gowulandyrmak zerurdyr diýip, milletiň Lideri belledi.

Ýurdumyzyň esasy innowasiýa-tehnologiýa we tejribe-synag merkezi bolan Ylymlar akademiýasynyň hem-de onuň garamagyndaky ähli edaralaryň alyp barýan işlerini hil taýdan has-da ýokarlandyrmagyň wagty gelip ýetdi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we ylmy-barlag işleriniň esasy utgaşdyryjysy hökmünde Ylymlar akademiýasynyň ähmiýetini ýokarlandyrmagyň, ylmy barlaglaryň häzirki zaman nazary we usuly esaslaryny döretmekde akademiýanyň jogapkärçiligini artdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň hem-de netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýdyp, bu ugurda görülmeli anyk çäreleriň birnäçesi barada durup geçdi.

Akademiki we pudaklaýyn ylmy işleriň hem-de ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ylmy işleriň özara baglanyşygynyň pugtalandyrylmagy, tebigy, tehniki we jemgyýetçilik ylymlaryny özara utgaşdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmegi, umuman, türkmen ylmyny dünýä ylmy bilen utgaşdyrmagyň geriminiň has-da giňeldilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ylmyny özgermekde alymlaryň orny barada aýdyp, nazary we amaly meseleler boýunça geçirilýän ylmy barlaglaryň netijelerine alymlaryň goşan goşandyna dogruçyl baha bermegiň, olaryň zähmetini, ýurdumyzy innowasiýa ýoly bilen ösdürmek we önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça edýän tagallalaryny ýeterlik derejede höweslendirmegiň zerurdygyny belledi. Erkin ylmy döredijiligi ýokary işjeňlik we netijelilik, ylmy barlaglaryň anyk netijeleri üçin jogapkärçiligi duýmak bilen özara utgaşdyrmak her bir alymyň mukaddes borjudyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milletiň Lideri işgärleri taýýarlamak meselelerine ünsi çekip, häzir ýurdumyzda ylmy taýdan özboluşly oýlanmaga ukyply, esasan hem, netijeli ylmy işleri bolan, täze, zehinli alymlaryň gerekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşuly alymlaryň abraýyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny, olaryň ýaş alymlara halypalyk edip, hakyky ylmy işgärleri ýetişdirmäge işjeň gatnaşmagyny, aýratyn-da, ýaşuly alymlaryň ylmy ýolbaşçylygynda taýýarlanan dissertasiýalaryň ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilmegini has-da giňden höweslendirmegiň wajypdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň esasy ylmy edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde işlemek üçin daşary ýurt döwletlerinden meşhur alymlar çagyrylsa, maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Bu alymlaryň işlemegi üçin oňaýly şertler döredilen ýagdaýynda, olar biziň ylmy işgärlerimize öz baý tejribesini öwredip, düýpli ylmy işleri taýýarlamaga gatnaşarlar, ýaş alymlara usuly we iş ýüzünde kömek bererler, şeýle hem, kandidatlyk dissertasiýalaryna ylmy taýdan ýolbaşçylyk edip, doktorlyk dissertasiýalaryny taýýarlamakda bolsa geňeşdar bolup bilerler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milletiň Lideri häzirki döwürde Prezident Maksatnamasyna laýyklykda döredilýän ylmy-tehniki mümkinçilikleriň giňeldilmegine we netijeli ulanylmagyna esaslanýan senagat-innowasiýa ösüşini çaltlandyrmagyň, şeýle hem düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini önümçilige giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýdyp, ýurdumyzda öz yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen geçirilýän ylmy-barlag işleriniň gerimini ýyl-ýyldan giňeltmäge, Watanymyzyň ykdysady we medeni-durmuş ösüşine saldamly goşant goşmaga, netijede XXI asyrda halkymyzyň öňünde durýan örän uly we çylşyrymly wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply ylmy işgärleriň bardygy bolsa bizi aýratyn guwandyrýar diýip belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalaryna we ýurdumyzyň alymlaryna ýüzlenip, olaryň ünsüni Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan ylmy-barlag işleri bilen bagly meseleleri çözmäge çekdi we ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ulgamlarynda ylmy barlaglary alyp barmagyň anyk ugurlaryny kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz innowasiýa tehnologiýalaryny agrosenagat toplumyna ornaşdyrmak barada aýdyp, agrosenagat toplumynda ýeri we suwy aýawly peýdalanmak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ekin dolanyşygyny kämilleşdirmek we ekinleri etraplar boýunça ýerleşdirmekde netijeli işleri geçirmek, ekinleri ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kiçi kärhanalary gurmak boýunça zerur işler alnyp barylmalydyr diýip belledi.

Milletiň Lideri ekologiýa we tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak ulgamynda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak meselelerine degip geçip, alymlaryň daşky gurşawy we ýurdumyzyň tebigy serişdelerini goramak, ekologiýa ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmak, Garagum çölüniň biologiki köp dürlüligini gorap saklamak, özleşdirmek we baýlaşdyrmak boýunça ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz tehnologiýalary işläp taýýarlamalydygyny, olaryň “Altyn asyr” Türkmen kölüni we onuň şor suw akabalaryny hem-de oňa ýanaşyk ýerleri oba hojalygynda we durmuş-ykdysady ulgamda netijeli ulanmagyň tehnologiýalaryny hem döretmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň ekologiýa meselelerini çözmäge aýratyn üns berip, häzirki döwürde Hazar deňziniň tebigy çäklerini goramak üçin täze ylmy usullary döretmäge gönükdirilen, geljegi uly bolan köpugurly, sebitleýin ylmy-barlag maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge innowasiýalary ornaşdyrmagyň netijeliligini nygtap, alymlar bu ugurlar boýunça netijeli işleri geçirip, elektrik energiýasyny öndürýän we energiýa serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýalary döretmelidirler, uglewodorod serişdeleriniň ýataklarynyň ýerleşýän ýerlerini öňünden çaklamak, gözlemek we olary özleşdirmek hem-de uglewodorod serişdelerini çykarmak hem-de peýdalanmak, ýangyjy elektrik we ýylylyk energiýasyna öwürmek boýunça innowasiýa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamalydyrlar diýip belledi.

Himiýa tehnologiýalary we bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmek barada aýdylanda bolsa, nebithimiýa önümlerini, gazy, mineral serişdeleri iň täze ylmy usullaryň we innowasiýalaryň esasynda gaýtadan işleýän tehnologiýalary döretmek maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milletiň Lideri gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa babatda häzirki zaman şähergurluşygynda, ýollary we turbageçirijileri gurmakda ylmy işläp taýýarlamalaryň, şeýle hem seýsmologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň lukmançylygyny we derman senagatyny ösdürmek meseleleirne degip geçmek bilen, köp asyrlyk tejribäni hem-de häzirki zaman usullaryny ulanmagy utgaşdyrmak arkaly keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglary kämilleşdirmegiň, şeýle hem molekulýar biologiýany ösdürmegiň, iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň we ulgama ornaşdyrmagyň, nanotehnologiýalary ulanmak arkaly lukmançylykda keselleri bejermegiň täze usullaryny gözlemegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň geljegi barada aýdyp, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny awtomatlaşdyrmagy we kompýuterleşdirmegi kämilleşdirmek arkaly önümçiligi guramagyň we dolandyrmagyň innowasion-maglumat binýadynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ylmy nukdaýnazardan türkmen halkynyň kemala gelşiniň, ösüşiniň taryhyny, onuň dünýä medeni ösüşindäki ornuny, Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, Garaşsyzlyk döwrüni hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyny düýpli öwrenmegiň, şu mowzuklara degişli sungat eserleriniň döredilmeginiň, ylmy makalalaryň ýazylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Milletiň Lideri ykdysadyýet we gumanitar ylymlar ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meselesi barada durup geçip, ata Watanymyzyň ykdysady ösüşini, halkymyzyň hal-ýagdaýyny we bagtyýar geljegini kesgitleýän ylym ulgamy dünýäniň ylmy giňişligine çalt we netijeli goşulmalydyr diýip belledi. Ylym döwür bilen aýakdaş gitmelidir we hemişe ösüşde bolmalydyr. Alymlaryň ylmy açyşlary we täzeçillik teklipleri bütin dünýäde parahatçylyga hem-de adamzadyň gülläp ösmegine hyzmat etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri we geljegi barada aýdyp, biz hem dünýä jemgyýetçiligi bilen bir hatarda, döwür bilen aýakdaş gitmek üçin, öz Milli kosmos agentligimizi döredýäris, Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Ýeriň milli emeli hemrasynyň uçuryljak güni indi uzakda däl diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkymyzyň köp asyrlyk şöhratly taryhynyň dowamynda astronomiýa ylmyna uly goşant goşan dünýä belli, meşhur alymlaryň ylmy döredijilik bilen meşgullanyp, ýaşap geçendigini, olaryň hatarynda Şemseddin Merwezi, Al-Horezmi, Biruni, Omar Haýýam ýaly alymlaryň öz ömürleriniň köp bölegini astronomiýa ylmyna bagyş edendigini belledi we alymlary olaryň başlan işlerini häzirki döwürde üstünlikli we mynasyp dowam etdirmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň maksatnamalaýyn çykyşyny jemläp, döwletimiziň ylmy ösdürmäge we ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hemişe uly üns berjekdigini ýene-de bir gezek nygtady. Döwletimiziň ylmy ösdürmek barada edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasy hökmünde döwlet Baştutanymyz birnäçe karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda Aşgabat şäheriniň Bekrewe şäherçesinde Tehnologiýalar merkezini döretmek hakyndaky karara gol çekdi. Bu merkez ylmy-barlag edaralaryny, okuw mekdeplerini, senagat desgalaryny we işewürler merkezlerini, sergi meýdançalaryny hem-de ylmy ösdürmegi höweslendirmäge, innowasiýa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga we halk hojalygynyň dürli pudaklarynda giňden ornaşdyrmaga niýetlenen köp sanly beýleki desgalary özünde birleşdirýän ýörite toplumy öz içine alar. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, tehnologiýalar merkezinde ylmy we inženerçilik pikiriniň iň öňdebaryjy gazananlary jemlener. Bu merkezi döretmegiň maksady-senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiýa häsiýetli anyk ugurlarda netijeli işleri alyp barmakdan, ylmyň täze ugurlary boýunça alymlaryň we hünärmenleriň neslini kemala getirmek üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Ylymlar akademiýasyny hem şol merkezde ýerleşdirsek, maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmek üçin maliýe serişdelerini bölüp bermek hakyndaky karara gol çekip, şu maksatlar üçin goşmaça 10 million amerikan dollary möçberdäki serişdäni bölüp berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanda alymlyk derejeleri we alymlyk atlary üçin goşmaça tölegleriň hem-de akademiki atlar üçin aýlyk haklarynyň möçberlerini tassyklamak hakyndaky karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy ýygnananlaryň ählisi tarapyndan ruhubelentlik we şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ähli alymlaryň hem-de ylym bilen meşgullanýan adamlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ylmyny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň şu gün gol çeken resminamalarynyň taryhy ähmiýete eýedigini belledi. Şol resminamalar Türkmenistanyň ylmynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna täze kuwwatly itergi berer.

Soňra professor adyna eýe bolan alymlary hormatlamak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, şu baýramçylyk gününde ýokary ylmy derejeleri bermek däbi 2008-nji ýylyň 12-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýola goýuldy. Şonda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ilkinji gezek Ylymlar güni bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň ýurdumyzyň alymlarynyň dördüsine professor alymlyk adyny dakmak hakyndaky çözgüdini yglan etdi.

Ýörite çözgüde laýyklykda ýokary alymlyk derejesi olaryň alyp baran ylmy we ylmy-pedagogika işlerinde bitiren hyzmatlary, şeýle hem ylmy-amaly gymmatlyga eýe bolan ylmy işleri üçin berildi. Türkmen politehniki institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň doktory Meret Aşyrbaýewe, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Annamyrat Saparmuhammedowa, Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hudaýnazar Amangeldiýewe, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň direktory, ykdysady ylymlaryň doktory Muhammetgeldi Ataýewe professor alymlyk ady dakyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şowhunly el çarpyşmalaryň astynda olara degişli diplomlary gowşurdy. Milletiň Lideri ýokary ylmy atlaryň dakylmagy mynasybetli alymlary gutlap, olaryň ählisiniň ýurdumyzyň ylmynyň ösmeginiň, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine ähli güýç-gaýratyny we zehinini aýaman tutanýerli zähmet çekjekdigine ynam bildirdi. Döwletimiz mundan beýläk hem alymlara asylly işlerinde hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra professor alymlyk adyna mynasyp bolan alymlara söz berildi. Çykyş edenleriň her biriniň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman ylmy dünýä ösüşi bilen berk baglanyşykly bolmak bilen, döwletiň üstünlikli ösmeginiň örän möhüm şerti bolup durýar. Milletiň Lideriniň innowasion häsiýete eýe bolan syýasaty ýurdumyzyň okgunly ösmegine ýardam eder, ony dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarar diýip, alymlar nygtadylar. Olar öz zähmetine beren ýokary bahasy, ylmy işleri alyp barmak üçin hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi we ähli şertleri döredýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milletiň Liderini türkmen ylmyna mundan beýläk-de ak ýürekden hyzmat etmek, Türkmenistanyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine we tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alymlar we duşuşyga gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, olara berk jan saglyk, öňde goýlan asylly maksatlara ýetmekde üstünlikler arzuw etdi.