Ï Norwegiýa Patyşalygynyň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Norwegiýa Patyşalygynyň wekiliýetiniň sapary

view-icon 797
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Norwegiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Dag Malmer Halworseniň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen Norwegiýa Patyşalygynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek meselesi düýpli maslahatlaşyldy. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, Norwegiýanyň hökümeti dünýäniň ähli ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen daşary syýasaty amala aşyrýan Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde ählumumy howpsuzlygy berkitmäge we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti we möhümdigi bellenildi.

Türkmen-norweg gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmagyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Onuň amala aşyrylmagy iki ýurduň bähbidine hyzmat eder. Dostlukly döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmek, oňyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, jenap Dag Malmer Halworsen medeni alyş-çalyşlaryň işjeňleşmegi barada pikir aýtdy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda okuw mekdepleriniň ugry boýunça ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak meselesi dowam etdirildi. Şonda bellenilişi ýaly, bu ugurdaky gatnaşyklar Türkmenistan bilen Norwegiýa Patyşalygynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge hyzmat eder.

Wekiliýetiň agzalary türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde Türkmen halysynyň muzeýine baryp gördüler, Aşgabat şäheriniň gözel ýerleri bilen tanşarlar we “Nusaý” taryhy-arheologik toplumyna baryp görerler.