Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

view-icon 682
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy jenap Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagy özi üçin uly hormat saýýandygyny aýtdy. Türkiýeli işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, jenap Refat Hisarjyklyoglu Türkiýede doganlyk Türkmenistanyň täze taryhy eýýamyň oňyn ösüşler ýolunda gazanýan üstünliklerine guwanýarlar diýip belledi. Myhman şu geçen bäş ýylyň içinde Türkmenistanda döwlet Baştutanynyň Prezidentiniň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde doganlyk ýurduň milli ykdysadyýetinde, durmuş ulgamynda we döwletiň hem-de jemgyýetiň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanýandygyny, şeýle hem ýurduň dünýä giňişliginde, şol sanda halkara işewür toparlarynyň arasynda barha belent abraýa eýe bolýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem öz tarapyndan Türkiýe bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň türkmen we türk halklarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy-medeni umumylyklaryna we gadymy dostluk däplerine esaslanýandygyny aýtdy. Şunuň ýaly pugta binýady bolan döwletara gatnaşyklary soňky ýyllarda täze ösüşe eýe boldy we onuň yzygilderli üsti ýetirilýär hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady pudakdaky we häzirki zaman talaplaryny, şol sanda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi nazara almak bilen işewür gatnaşyklary diwersifikasiýa etmekde türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek hakynda gyzyklanma bildirýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz we myhman ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny sazlaşykly ösdürmek, iki ýurduň telekeçiler düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we işjeňleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we bu gatnaşyklar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň we Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň işiniň netijelliligini, şeýle hem pudaklaýyn sergileriň we bilelikdäki işewürlik maslahatlarynyň yzygiderli guralmagyny şertlendirýär diýip bellediler.

Jenap Rifat Hisarjyklyoglu milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, köp ugurly oňyn mümkinçilikleri bolan, şeýle hem maýa goýum ýagdaýy we netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri bolan türkmen bazarynyň örän uly geljeginiň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman hoşlaşanlarynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat we özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan däp bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de iki doganlyk halklaryň abadançylygyň hatyrasyna üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.