Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Jemil Çiçegi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň we ýurduň Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Türkiýäniň parlamentiniň baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň hökümeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady ulgamy ösdürmekde ägirt uly üstünliklere we dünýä jemgyýetçildiginiň giňden ykrar edilmegine eýe bolan doganlyk Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň başlygyny türkmen paýtagtynda görýändigine şatdygyny belläp, dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylaryna özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy we Türkiýe Respublikasy bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek türkmen döwleti üçin uzakmöhletleýin strategik häsiýetdäki wezipeleriň biridir diýip nygtady.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, häzirki tapgyrda taryhy taýdan kemala gelen bir bitewi ruhy däplere esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär we täze mazmun bilen üsti ýetirilýär. Şu jähetden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklar döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berdi diýlip, duşuşykda bellenildi.
Myhmanyň nygtaýşy ýaly, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň deputatlary Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşugy mähirli ýatlaýarlar we şol duşuşygyň oňyn, deňhukukly we özara peýdaly parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin uly ähmiýete eýe bolandygyny aýdýarlar. Türkiýeli deputatlaryň türkmen kärdeşleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga meýillidigini belläp, jenap Jemil Çiçek bu ugurdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berer diýip ynam bildirdi. Şunlukda, Türkiýe Respublikasynyň parlamentiniň Türkiýe -Türkmenistan dostluk toparyna aýratyn ornuň degişlidigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köp ugurly işinde üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Duşuşyga Türkiýe Respublikaynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.
* * *
Şeýle hem şu gün Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy jenap Jemil Çiçegiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparynyň agzalary Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinde we ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildiler.
Geçirilen gepleşikleriň barşynda myhmanlar ýurtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň, şol sanda hukuk ulgamyndaky özgertmeleriň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň we Türkiýe Respbulikasynyň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan üýtgewsiz ygrarlylydygyny tassyklap, duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm ugry bolup durýar.