Ï Diwaryň ýüzünde hem edil gaýa çykan ýaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Diwaryň ýüzünde hem edil gaýa çykan ýaly

view-icon 764
„Demirýolçy“bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň emeli usulda ýasalan dag gaýasyna çykmak boýunça meýdanynda çagalar dag gaýasy festiwaly geçirildi. Bu bäsleşik „Agama“ alpinistler kluby we Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.

Emeli usulda ýasalan dag gaýa meýdany dürli ýaşdaky, boýdaky, beden taýdan mümkinçilikli çagalar üçin niýetlenen çagalara çykmak üçin ýörite taýýarlanan ildirgiçli diwar - öz ussatlyklaryny, fiziki taýdan taýýarlygyny synap görmegi maksat edinen çagalary bir ýere jemledi. Festiwala gatnaşmaga isleg bidirenleriň ählisi - 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli bolan oglanjyklardyr gyzjagazlar, ýetginjekler we gyzlar gatnaşdyryldy. Uly ýaşlylar hem dürli çylşyrymlykly ugurlar boýunça ýokary galmaga synanyşdylar.


Bu ýerde ygtybarly ätiýaçlandyryş goragy, ildirgiçleri hem çalşyp bolýar, özüňe ýaramly ýagdaýda goýar ýaly mümkinçiler bar. Bu bäsleşigi guraýjylar 7 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalaryň uly toparynyň bäsleşige gatnaşýangyny göz öňünde tutup, dürli çylşyrymlykdaky ýollaryň 8-ni guradylar. Olaryň köpüsi dikligine çykmak boýunça bäsleşikde üstünlikli ýeňmegi başardylar.

„Agama“ klubynyň tejribeli agzalary bu ýere ýygnanlaryň el çarpyşmalary astynda diwaryň çylşyrymly ugurlary boýunça dyrmaşmakda öz ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler.

Çagalar üçin dyrmaşmak – iň bir jogapkärli hem-de gyzyklandyrýan ýagdaýdyr. Olaryň köpüsi baglara ýa-da haýatdyr diwarlara dyrmaşýarlar. Bäsleşigi guraýjylar bu ýagdaýy „kanunlaşdyrmak“ maksady bilen, çagalara we olaryň ene-atalaryna bu ajaýyp sport bäsleşigini teklip etdiler. Çagalar dik diwar boýunça, ulylaryň we ygtybarly ätiýaçlyk gorag astynda, dyrmaşdylar. Çagalaryň, hat-da ene-atalaryň hiç biri hem teklip edilen bäsleşikden ýüz öwürmediler. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň we „Agama“ alpinistler klubynyň hormat hatlaryna, ýeňijiler bolsa baýraklara mynasyp boldular.