Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Durnukly ösüş boýunça maslahatyna gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Durnukly ösüş boýunça maslahatyna gatnaşar

view-icon 599
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasyna ugraýar. Döwlet Baştutanymyz şol ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça maslahatyna gatnaşar. Bu maslahat ýakyn günlerde Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde häzirki zamanyň abraýly syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagynda geçiriler.

Braziliýanyň Prezidenti hanym Dilma Russeffiň şu ýylyň fewral aýynda türkmen Lideriniň adyna iberen çakylyk hatynda belleýşi ýaly, geçen asyryň iň ähmiýetli halkara duşuşyklarynyň birinden—Zeminiň Sammitinden ýa-da BMG-niň daşky gurşaw we ösüş boýunça maslahatyndan 20 ýyl geçenden soň geçirilýän “Rio+20” forumynyň soňky ýyllarda halkara syýasatynda iň möhüm wakalaryň biri boljakdygyny belledi.

Türkmen Lideriniň halkara bileleşiginiň ХХI asyrda durnukly ösüşe ygrarlydygyny aýdyňlyk bilen görkezýän nobatdaky bütindünýä maslahatyna gatnaşmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň mizemezliginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýar. Möhüm ugurlaryň ählisi, şol sanda ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamy boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda dünýäniň halklarynyň Ýer togalagynyň biziň umumy öýümizdigine oňat düşünmegi netijesinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Biz Zemini geljekki nesiller üçin hem-de tutuş adamzadyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine aýawly saklamalydyrys we goramalydyrys. Hut şu örän derwaýys meseläniň çözgüdi köp babatda ekologiýa çökgünliginiň ýaramaz täsirleriniň öňüni almak ýa-da olaryň döremek howpuny azaltmak babatda bilelikdäki ylalaşykly hereketlere baglydyr.

Dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp pikirleri öňe sürüji hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bu ugurda hem öňdäki hatarlarda çykyş edip, ýöriteleşdirilen halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bar bolan we ýüze çykyp biläýjek ekologiýa meselelerini çözmäge täze çemeleşmeleri teklip edýär. Häzirki wagtda milli we sebitleýin derejede durmuşa geçirilýän hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Global Ekologiýa gaznasy ýaly abraýly halkara düzümleri tarapyndan goldanylýan 30-dan gowrak taslama we maksatnama munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dürli meseleler boýunça iri halkara forumlaryny geçirmekde Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesi türkmen paýtagtynyň möhüm ekologiýa forumlarynyň, maslahatlarynyň we okuw maslahatlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde ençeme gezek seçilip alynmagyny şertlendirdi. Şol forumlaryň gün tertibine laýyklykda, häzirki wagtda bütin adamzady tolgundyrýan meselelere çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň olaryň amatly çözgüdini gözlemäge işjeň gatnaşmaga taýýardygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden öňe süren we bütin dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp bolan nobatdaky möhüm başlangyçlarynda öz beýanyny tapdy.

Bu iri halkara guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýan türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlary Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, Hazarýaka sebitiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge we Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassalygyny saklap galmaga gönükdirilendir. Türkmen tarapynyň öňe süren beýleki derwaýys başlangyçlarynyň hatarynda täze ýöriteleşdirilen düzümi BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek baradaky teklibi hem bar.

Bu başlangyçlaryň ählisi öňümizdäki “Rio+20” Bütindünýä duşuşygynda ýene-de beýan ediler. Bu duşuşygyň geçirilmeginiň özi hem bu möhüm ugurda bilelikdäki sazlaşykly tagallalaryň möhümdigine hemmeleriň oňat düşünýändigini tassyklaýar.

Ýokary derejedäki wekilçilikli duşuşyk geljekki işleriň bitewi strategiýasyny işläp düzmäge, emele gelen ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak boýunça iş ýüzündäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem täze bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga ýardam eder.

Garaşylyşy ýaly, Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilýän forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer. Olaryň barşynda döwletara, sebitara we global hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.