Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 695
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, ilkinji nobatda, möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň durmuş-ykdysady düzümini döwrebaplaşdyrmaga, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Maslahatyň barşynda göni aragatnaşyga ilkinji bolup Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli milli maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda geçirilýän işler, şeýle hem galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, agrotehniki kadalara laýyklykda gowaça ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Milletiň Lideri galla oragyny guramaçylykly we çalt geçirmegiň möhümdigini nygtap, yzda galýan etraplary tijendirmek üçin ähli çäreleri görmegi, kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň öndürijilikli we bökdençsiz işlemegini üpjün etmegi, ýetişdirilen bugdaý hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almagy, gallaçylar barada yzygiderli alada etmegi welaýat häkimine tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň käbir etraplarynda, hususan-da, Baharly etrabynda (häkimi J.Gulmyradow), Tejen etrabynda (häkimi O.Amandurdyýew) we Babadaýhan etrabynda (häkimi A.Kakabaýew) galla oragynyň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, olarda oragyň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň baýramyny welaýatda guramaçylykly geçirmek meselesine degip geçip, döwlet mundan beýläk hem türkmen halkynyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak işinde möhüm orun eýeleýän bu ulgamyň işgärleri barada yzygiderli alada eder diýip belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowy çagyrdy. Ol welaýatda alnyp barylýan işler barada jikme-jik hasabat berdi. Hususan-da, häkim galla oragyny gysga möhletde bökdençsiz we ýitgisiz geçirmek, gowaçalara agronomçylyk kadalaryna laýyklykda ideg etmek, welaýatda ýollary abatlamak hem-de täze ýollary gurmak, ulanylman ýatan metal böleklerini toplamak we metallurgiýa zawodyna tabşyrmak boýunça alnyp barylýan işler, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda binalary we desgalary gurmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, welaýatda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe taýýarlyk görlüşi hakynda hem aýdyldy.

Milletiň Lideri ýurdumyzda amala aşyrylýan milli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde gurulýan, günbatar sebitiň durmuş-ykdysady düzümini toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen desgalaryň gurluşygynyň barşyna ünsi çekip, Balkan welaýatynyň häkimine bu işleriň depginini güýçlendirmek boýunça ähli çäreleri görmegi we bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime ýüzlenip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda işleriň ilerledilişi bilen jikme-jik gyzyklandy. Häzirki wagtda bu ýerde dünýä derejesindäki deňiz şypahanasynyň düzümini ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça möhüm maýa goýum taslamalarynyň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda döredilýän halkara syýahatçylyk we dynç alyş merkeziniň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtap, häkime “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça işleriň barşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şol işler bolsa ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz günbatar sebitde galla oragynyň barşy, bu işde tehnikalaryň netijeli işledilişi bilen gyzyklandy. Milletiň Lideri welaýatyň etraplarynyň käbirinde, hususan-da, Magtymguly etrabynda (häkimi H.Ylýasow) we Esenguly etrabynda (häkimi N.Araztuwakow) galla oragynyň haýal alnyp barylýandygyna häkimiň ünsüni çekip, bu ýagdaýy seljermegi, bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi we mundan degişli netije çykarmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bilen göni aragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çykdy. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde galla oragynyň guramaçylykly alnyp barylýandygyny we gallaçylaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini habar berdi. Şeýle hem häkim milletiň Lideriniň sowallaryna jogap bermek bilen, welaýatda durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şol desgalaryň gurluşygy sebiti toplumlaýyn ösdürmek we ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmak maksatnamasynda göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem welaýatyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Medeniýet we sungat işgärleriniň baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat bermek bilen, milletiň Lideriniň garamagyna welaýat kitaphanasynyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen işleriň ählisiniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir etraplarda täze gurluşyklaryň üpjünçiliginde yza galynýandygyny belläp, bu işi çaltlandyrmagy we onuň möhletleriniň hem-de hiliniň berjaý edilmegine gözegçiligiň ýola goýulmagyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan Milli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmaga welaýatyň iri gurluşyk firmalaryny giňden çekmegiň möhümdigini nygtap, olaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleri döretmek barada anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri täze desgalary gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek meseleleri barada durup geçip, häkimden bu ugurda netijeli işleriň geçirilmegini talap etdi. Döwlet Baştutanymyz kitaphananyň taslamasyny makullap, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň gyşarynyksyz durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowy çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen desgalaryň gurluşygy, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy.

Häkim, ilkinji nobatda, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna hususy gurluşyk kompaniýalarynyň çekilişi barada hasabat berdi. Ol şeýle hem milletiň Liderini welaýatda galla oragynyň çalt we ýokary hilli geçiriljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň käbir etraplarynda, hususan-da, Birata etrabynda (häkimi Ç.Hojakulyýew), Döwletli etrabynda (häkimi S.Rozynazarow) we Seýdi şäherinde (häkimi A.Wellekow) galla oragynyň haýal alnyp barylýandygyny belläp, bu möhüm işiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýüze çykýan meseleleri öz wagtynda çözmegiň möhümdigine welaýat häkiminiň ünsüni çekip, biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ählisiniň bir maksada—halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilendigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowy çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, galla oragynyň barşy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, täze möhüm desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, olaryň hili we ulanmaga bermek möhletleriniň berjaý edilişi bilen gyzyklandy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Başutanymyz şeýle hem welaýatda galla oragynyň barşy, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi barada anyk tabşyryklary berip, kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylyşy bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň käbir etraplarynda galla oragynyň haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bildirdi. Bu, ilkinji nobatda, Mary etrabyna (häkimi N.Amannaýew), Oguzhan etrabyna (häkimi S.Süleýmanow) we Baýramaly etrabyna (häkimi Ý.Bähbidow) degişlidir. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, ýüze çykan ýagdaýy seljermegi we çalt düzetmegi tabşyrdy. Şeýle hem milletiň Lideri şu ýyl Türkmenistanyň GDA Başlyklyk etmegi mynasybetli Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň türkmen halkynyň baý medeni hem-de ruhy mirasynyň dünýä ýüzünde wagyz edilmegine, ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, baýlaşdyrylmagyna, dünýäniň dürli halklary bilen dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berjekdigi şübhesizdir. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz bu gadymy şähere şeýle belent derejäniň berilmegi mynasybetli Maryda ýurdumyzyň täze taryhynyň dowamynda ýetilen belent sepgitleri mahabatlandyrýan görnüşleriň görnükli ýerlerde goýulmagynyň wajypdygyna welaýatyň häkiminiň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen söhbetdeşlikden soň, göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Ol paýtagtymzda amala aşyrylýan işler, hususan-da, şäheri abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek, täze awtomobil ýollaryny gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz aşgabatlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça günübirin geçirilýän işler bilen gyzyklanyp, ak mermerli paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça görülmeli çärelere ünsi çekdi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik –şähergurluşyk keşbinde, şol sanda belent binalaryň we döwrebap ýollaryň gurluşygynda bu ulgamda inžener-tehniki pikiriň iň täze gazananlary bilen birlikde, özboluşly milli bezegleriň ulanylmagynyň möhümdigini belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet baştutanymyz şu günler çagalaryň tomusky dynç alşynyň dowam edýändigini aýdyp, şäheriň häkimine bu babatda nähili işleriň geçirilýändigi barada sowal berdi. Paýtagtymyzyň ýolbaşçysy Gökderede körpeleriň 5100-e golaýynyň dynç alýandygyny habar berdi. Hormatly Prezidentimiz bu habary kanagatlanma bilen kabul edip, tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmeklerini guramak üçin ähli zerur şertleriň amala aşyrylmalydygy barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, onda gozgalan meseleleriň ählisiniň, aýratyn hem galla oragynyň depgini we iri gurluşyk desgalarynyň işi bilen baglanyşykly meseleleriň örän möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekip, olaryň üstünlikli çözülmeginiň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösmegine saldamly goşant boljakdygyny nygtady.

Maslahatyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ertir Türkmenistanyň hökümet wekilýetiniň BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyna gatnaşmak üçin Rio-de-Žaneýro şäherine (Braziliýa Federatiw Respublikasy) ugraýandygyny aýtdy. Onda dünýä bileleşigine biziň ýurdumyzyň häzirki wagtda adamzadyň öňünde duran uly möçberli ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly birnäçe ähmiýetli başlangyçlary hödürlener.

Wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Rio-de-Žaneýro şäherine iş saparynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşan ýolbaşçylara berk jan saglyk we işlerinde üstünlik arzuw edip, maslahaty tamamlady.