Ï Türkmen basketbolçylarynyň üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen basketbolçylarynyň üstünligi

view-icon 771
Şu günler Hytaýyň Haýang şäherinde geçirilýän Aziýanyň üçünji plýaž sport oýunlarynda türkmen basketbolçylary kümüş medala mynasyp boldular.

Bu Aziýa oýunlary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň howandarlygynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän iri toplumlaýyn bäsleşikleriň bäşisiniň biridir. Şeýle oýunlar ilkinji gezek 2008-nji ýylyň oktýabrynda Balide (Indoneziýa), ikinji gezek bolsa 2010-njy ýylyň dekabrynda Maskatda (Oman) geçirildi.

Bu gezekki bäsleşiklere Aziýa yklymynyň 45 ýurdundan 1600-e golaý türgen gatnaşdy. Olar bäsleşikleriň 13 görnüşi boýunça medallaryň 49 toplumy ugrunda güýç synanyşdylar. Şonda woleýbol, futbol, el pökgüsi, basketbol, serfing, sportuň suwda lyžaly görnüşi, 20 orunlyk kanoede bäsleşik, motoparaplan, gaýa dyrmaşmak, rolikde typmak we beýleki görnüşler boýunça bäsleşikler guraldy.

Haýangde geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň toparlary üç görnüş boýunça bäsleşiklere gatnaşdy. Biziň türgenlerimiz woleýbol, basketbol hem-de zenanlaryň arasynda geçirilen el pökgüsi boýunça bäsleşiklere gatnaşdylar.

Basketbol boýunça guralan bäsleşiklerde 12 topar çykyş etdi. Şonda Türkmenistanyň topary Nepaldan gelen bäsdeşlerinden 18:13, palestinaly garşydaşlaryndan 19:11 we hindistanly türgenlerden 20:12 hasabynda üstün çykyp, final ýaryşlaryna çykmagy başardy we kümüş medala mynasyp boldy.

Türkmen basketbolçylarynyň bu gazanan ýeňşi biziň ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi barada döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmeginde Türkmenistanyň türgenleri soňky ýyllarda yzygiderli üstünlik gazanýarlar.