Ï Kottej şäherçesiniň açylmagyna taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kottej şäherçesiniň açylmagyna taýýarlyk görülýär

view-icon 838
Awazada deňiz kenarynda „Türkmenbaşy“ döwlet täjirçilik bankynyň buýurmasy boýunça gurulýan kottej şäherçesiniň açylmagyna taýýarlyk görülýär. Bu desga – deňiz dynç alyş merkeziniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulýan ilkinji desgalaryň biridir.

Bu şäherçe iki gatly kottejleriň onusyny, edara binasyny, medeni-dynç alyş merkezini, sport meýdançalaryny öz içine alýar. Açyk suwa düşülýän howuzlar ýerleşen emeli kölleriň öwüşgin atyp duran gök reňkleri görenleri haýran galdyrýar. Olaryň birini suw attraksionlary bezese, beýlekisini – tomusky bar-restoran bezeýär.


Gazonlaryň gür ekilen gökje otlary, gyrymsy agaçlar we baglar dürli güller bilen bezelen ýodajyklaryň ugry köp ýyllyk adaty landşaft ýaly bolup görünýär. Şeýle hem bu ýerde ýeňiljek owadan telärler we ýagty reňkli güller bilen bezelen klumbalar ýerleşdirilendir. Onuň ýakynynda bolsa kiçi futbol, woleýbol, futzal, basketbol oýunlaryny oýnar ýaly meýdançalar, howada güýç synanyşmak boýunça sapak geçer ýaly fintes-meýdança ýerleşýär.

Medeni-dynç alyş merkeziniň binasynda – restoran we diskoteka geçirilýän, kiçi ýaşly çagalar üçin oýnalaýan, billiard üçin ýerli bouling-klub ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde lukmançylyk otaglary, sauna, üsti ýapyk suwa düşülýän howuz, trenajer zal we fuksional jaýlary ýerleşendir. Edara jaýynda dürli görnüşli harytlary we sowgatlyklar üçin ýörite bölümli, plýažda ulanar ýaly esbaplary söwda eder ýaly dükan ýerleşendir.

Kottejleriň her biriniň birinji gatynda dört nomer we ikinji gatynda bolsa iki nomer bardyr. Olarda müşderileriň oňat hilli dynç almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Nomerler eýýäm mebeller we beýleki gerek bolan enjamlar bilen doly üpjün edildi. Kottejleriň gatlarynda özbaşdak aşhana balkona çykalgasy bilen bile gurulandyr.

„Türkmenbaşy“ bankynyň kottej toplumynyň çäklerindäki gurluşyk işleri doly tamamlandy. Halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän bu täze desganyň gurluşyk işleri bellenilen möhletinden üç aý öň tamamlandy hem-de ol iş ýüzünde myhmanlary kabul etmäge taýýar.