Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde - Daşoguz şäherinde we Ruhubelent etrabynda her biri 365 orunlyk täze sport mekdepleriniň birbada ikisiniň açylyş dabarasy boldy.
Dabaralaryň ilkinjisi Daşoguz welaýatynda döredilenine bary-ýogy birnäçe ýyl bolan Ruhubelent etrabynyň merkezinde geçirildi. Tarp ýerde bina edilen bu şäherçe özüniň ösüş depgini boýunça “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikdi durmuşa geçirmekde görelde görkezýär.
Şeýle-de şu desgalary bina etmekde Ruhubelent etrabyndaky “Ymarat gurluşyk” hem-de Daşoguz şäherindäki “Medine gurluşyk” ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň hünärmenleriniň hem ussatlyklaryny gorkezendiklerini agzap geçmek gerek.
Täze sport mekdepleriniň açylyş dabaralarynyň şatlyk-şagalaňy ýerli türgenleriň hem-de höwesjeň artistleriň ýerine ýetirmegindäki aýdymdyr tansly çykyşlary bilen sazlaşyp gitdi.
Mekdepleriň giň hem-de sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan zallarynda we otaglarynda sportuň woleýbol, basketbol, tennis, el pökgüsi, boks, gündogaryň başa-baş söweşi, dzýudo ýaly görnüşleri bilen meşgullanmaga, şeýle-de dürli türgenleşik otaglarynda öz saglygyňy berkitmäge, sagaldyş maşklary bilen türgenleşmäge mümkinçilik döredilipdir. Mekdepleriň abadanlaşdyrylan töwereginde futbol, basketbol, woleýbol, tennis bilen meşgullanmaga açyk meýdançalar hem bar. Bu täze mekdeplerde dürli derejedäki bäsleşikleri geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Esasy zallarda tomaşaçylaryň münberleri, eminler otaglary, lukmançylyk otaglary bar. Mekdeplerde yşyklandyryş, ýyladyş, suw üpjünçiligi ulgamlary kadaly işleýär.
Ýeri gelende Ruhubelent etrabynda häzirki wagtda 1,5 müň orunlyk stadionly, häzirki zaman sport toplumly ýene bir sport mekdebiniň gurulýandygyny hem aýtmak gerek. Şeýle-de täze sport mekdepleri Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky, Gurbansoltan eje adyndaky, Görogly, Akdepe, Boldumsaz we beýleki etraplarynda hem gurulýar.
Welaýat merkezinde hem şular ýaly sport mekdepleriniň ikisi gurlup, ulanmaga berildi, ýene biri bolsa Nowruz-2 kiçi şäherçede gurulýar. Şol bir wagtda şäheriň Al-Horezmi köçesiniň ugrunda ýerleşýän bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň durkuny täzelemek işleri hem alnyp barylýar. Täze mekdepleriň ulanmaga berilmeginiň dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Şu dabaralar mynasybetli, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna hem-de milletiň Lideriniň baş saglygyna toý sadakalary berildi.