“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlanan täze kitap hut şeýle atlagndyrylýar. Bu künjegiň täze döränine garamazdan Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahanasyna köp sanly fotoalbomlar, kitaplar we gollanmalar, şeýle hem birnäçe tele we radio gepleşikler, gazýet hem-de žurnal makalalary bagyşlanyldy. Munuň özi biziň “Awazany” diňe bir deňziň altynsow kenarynda bina edilen amatly myhmanhanalarynda ýokary derejeli dynç alyş ýeri hökmünde däl-de, onuň gadymy türkmen topragynyň täzeden galkynyşynyň, türkmen halkynyň öz taryhynyň täze tapgyrynda gazanan ýeňişleriniň nyşany hökmünde kabul edýänligimiz bilen baglanyşyklydyr.
Awazanyň kemala geliş döwri biziň garaşsyz Watanymyzyň nurana durmuşynyň, milli Liderimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň we daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we maksatlarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hut şonuň üçin hem milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlanan täze neşiriň awtorlary Awazany toplumlaýyn, aýratynlykda däl-de, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmugynyň ähli ugurlaryny öz içine alan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň düzüm böleginiň biri hökmünde görendigini bellemeli.
Türkmenistanyň dünýä maliýe-ykdysady çökgünligi döwründe möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslamany maksada okgunly ýagdaýda maliýeleşdirmegi dowam edýändigi daşary ýurtly bilermenleri haýran galdyrdy. Galyberse-de, döwletimiz şypahana zolagyny ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynda dynç alyş ulgamyna goýberilýän serişdeleriň möçberlerini artdyrmagyny näme bilen düşündirip bolar? diýen sorag ýüze çykdy.
Biz bu sowallara jogaby “Awazany” döretmek babatdaky ýörelgäni öňe süren hormatly Prezidentimiziň kitabyň girişine girizilen jümlelerinden tapýarys.
“Türkmen döwletiniň syýasatynyň ileri tutýan esasy ugurlarynyň hataryna türkmenistanlylaryň ähli babatda talaba laýyk ýaşaýşy üçin zerur şertleri, şol sanda dünýä derejelerine laýyk gelýän döwrebap dynç alyş we syýahatçylyk infrastrukturasyny döretmek girýär”.
Şeýlelikde, Awazanyň döredilmegi Türkmenistanyň halkyň hyzmatyna gönükdirilen ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge bolan täzeçe çemeleşmeleriň başlanýan tapgyry boldy. Täze neşir ony düzüjileriň pikiriçe, milli syýahatçylyk zolagynyň özboluşly ýylýazgysy hem bolup durýar. Bu kitapda ilkinji gezek “Awazanyň” halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde “Serdar” myhmanhanasynda türkmen-rus-gazak sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky teklibini öňe süren döwründen başlap, tä “Awazanyň” durmuşynyň häzirki wakalara çenli bolan pursaty içine alýan doly senesi beýan edilýär.
Kitapda owadan fotosuratlar bilen baýlaşdyrylan bölümde “Awazanyň” ähli myhmanhanalary we olarda hödürlenýän hyzmatlar baradaky anyk maglumatlar çap edilýär. Bu bolsa syýahatçylar üçin örän peýdaly we zerur maglumat bolup, ol kitabyň aýratyn bölüminde getirilýär.
Deňziň kenaryndaky myhmansöýer, ajaýyp we gülläp ösýän bagly-bakjaly künjek kaşaňlygyň, göwnaçyklyk, hoşniýetlilik we mähribanlyk bilen utgaşmagy, bu künjegiň dünýäniň halklarynyň gatnaşyklary we dostlugy üçin açyklygy biziň ýurldumyzyň täze taryhy tapgyrynyň ajaýyp nyşany bolan Awazanyň baş alamatlarydyr.
Tutuş dünýä bolup, milli Liderimiziň 55 ýaşynyň dolmagyny gutlamak bilen, biz körpe “Awazanyň” –dünýä syýahatçylygynyň dürdänesine öwrüljek ajaýyp künjegiň 5 ýyllygyny hem mübärekleýäris we “Owazly tolkunlaryň mekany” diýen şahyrana ady bolan kitaby oňa bagyş edýäris.