Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy aşgabatly pälwanlarda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy aşgabatly pälwanlarda

view-icon 785
Paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda grek-rim we erkin göreş boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan seçilip alnan toparlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň sport göreşi boýunça Milli merkezi tarapyndan guralan bäsleşiklerde ýaryşyň tertibine görä, her topar agramlyk derejelerinde diňe bir pälwany çykaryp bilýär. Şeýlelikde, her ýygyndy topara sebitleýin hem-de şäher bäsleşiklerinde seçilip alnan ýedi pälwan girdi.

Grek-rim göreşi boýunçsa geçen ýylda geçirilen ýaryşda Mary welaýatynyň türgenleri Türkmenistanyň Prezidenti Kubogynyň eýesi boldular. Şu ýylky geçirilen bäsleşikleriň jemleri boýunça, ýaryşyň baş baýragyny paýtgatymyzyň topary eýeledi. Toparyň ähli agzalary üstünlikli çykyş edip, ýygynda ýeňiş getirdiler. Şeýlelikde, A.Ataýew (55 kilograma çenli bolan agram derejede), B.Saparmyradow (60 kilograma çenli bolan agram derejede), E.Saparmyradow (66 kilograma çenli bolan agram derejede), A.Ataýew (74 kilograma çenli bolan agram derejede), K.Esenow (84 kilograma çenli agram derejede) we I.Esenow (96 kilograma çenli agram derejede) we A.Saparmämmedow (120 kilograma çenli bolan agram derejede) ýokary netije görkezdiler.

Şeýle hem erkin göreş boýunça geçirilen bäsleşikde Aşgabadyň topary üstünlik gazandy. Olar bu ýyl hem geçen ýyl gazanan Kubogyny özlerinde galdyrdylar. Bäsleşiklerde O.Meredow (55 kilograma çenli agram derejede), Ç.Hallyýew (60 kilograma çenli agram derejede), A.Babaýew (66 kilograma çenli agram derejede ), O.Şaberdiýew (74 kilograma çenliagram derejede), M.Joraýew (84 kilograma çenli agram derejede), S.Belliýew (96 kilograma çenli agram derejede) we H.Annamow (120 kilograma çenli agram derejede) üstünlikli çykyş etdiler.