Ï Türkmenistan tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşar

view-icon 784
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzyň halkara sport abraýyny artdyrmak hem-de Halkara Olimpiýa Komiteti bilen hyzmatdaşlykda olimpiýa hereketini ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň XXX Olimpiýa oýunlaryna üstünlikli gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Karara gol çekip, Halkara Olimpiýa Komitetiniň 2012-nji ýylyň 27-nji iýulyndan 12-nji awgusty aralygynda döwürde Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilýän XXX Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň gatnaşmagy hakyndaky çakylygyny kabul etmek hem-de şol oýunlara Türkmenistanyň sport wekiliýetini ibermek barada görkezme berdi.

Bu mynasybetli şu gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalyna giň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri – Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň, milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň, sport mekdepleriniň ýolbaşçylary, sport weteranlary we şu ýyl tomus Londonda dört ýylda bir gezek geçirilýän uly sport baýramçylygynda Türkmenistana wekilçilik etjek olimpiýaçylar ýygnandylar.

Türkmenistanyň olimpiýa wekiliýetiniň düzümine 23 adam, şol sanda 10 türgen girdi. Olar sportuň 5 görnüşinde, ýagny boksda, agyr atletikada, suwda ýüzmekde, ýeňil atletikada, dzýu-doda çykyş ederler. Boksçular 64 kilograma çenli agram derejesinde Serdar Hudaýberdiýew, 75 kilograma çenli agram derejesinde Nursähet Pazzyýew, agyr atletikaçylar 62 kilograma çenli agram derejesinde Ömürbek Bazarbaýew, 69 kilograma çenli agram derejesinde Tolkunbek Hudaýbergenow, 85 kilograma çenli agram dereäesinde Mansur Rejebow, dzýudoçy 63 kilograma çenli agram derejesinde Gülnar Haýytbaýewa, suwda ýüzüjiler Sergeý Krowýakow (100 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde) we Jennet Saryýewa (400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde), ýeňil atletikaçy Mergen Mämmedow (agyrlyk zyňmakda) we Maýsa Rejebowa (100 metr aralyga ylgamakda) dünýäniň iri sport ýaryşynda biziň ýurdumyza wekilçilik etmek hukugyna mynasyp boldular.

30 ýaşly halkara derejesindäki sport ussady Ö. Bazarbaýew biziň toparymyzda iň tejribeli türgendir, onuň üçin Londondaky Olimpiýa oýunlary eýýäm dördünji sport ýaryşy bolar. Sekiz ýyl mundan öň Afinyda geçirilen Olimpiýadada ol 287,5 kilogram netije bilen bäsdeşleriniň 20-siniň arasynda 7-nji orny eýeledi, geçen ýyl Parižde bolan dünýä çempionatynda bolsa 303 kilogram netije görkezip, iň güýçlüleriň bäşligine girdi. Mundan başga hem ABŞ-nyň Merilend ştatynyň Frederik şäherinde talyplaryň arasynda 2004-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynyň altyn medalyna, Saud Arabystanynyň Medine şäherinde geçirilen birinji Yslam raýdaşlygy oýunlary—2005-de kümüş medala, Gazagystanyň Almaty şäherinde we Ýaponiýanyň Kanasawa şäherinde 2004-nji we 2008-nji ýyllarda geçirilen Aziýa çempionatlarynda bürünç medallara mynasyp boldy.

Olimpiada – 2008-de güýçlülerniň ýediligine giren T.Hudaýbergenow Pekinde geçirilen oýunlardan soň ikinji gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar, türkmen türgenleriniň galanlary Londonda Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşarlar.

Sport jemgyýetçiliginiň wekilleri olmpiýaçylara ak ýol arzuw edip, öz çykyşlarynda biziň türgenlerimiziň olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyzçysy bolan ýurdumyzyň Milli olimpiýa komitetiniň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bütin dünýäde ählumumy ykrar edilen oňyn syýasatynyň netijesinde mümkin boldy diýip biragyzdan belläp, olimpiýaçylarymyzyň ýurdumyzyň sport taryhynda täze sahypany açjakdyklaryna ynam bildirdiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly üns bermegi netijesinde ýurdumyzyň sporty okgunly ösüşe eýe boldy. Aşgabatda birnäçe stadionlar, Olimpiýa suw sporty toplumy, sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport desgalarynyň ikisi guruldy we işleýär, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolsa 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenilen stadionlar bolan häzirki zaman sport toplumlary ulanmaga berildi. Türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherçesi ýokary üstünlikler gazanylýan sporty ösdürmäge uly itergi berer, ol 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri bolar.

Çykyş edenler öňde boljak Olimpiadanyň ýaşlar üçin beden we ruhy taýdan kämilleşmegiň, Türkmenistan üçin bolsa bütin dünýä özüniň açyklygyny, hoşniýetli erk-islegini hem-de hyzmatdaşlyga taýýarlygyny görkezmegiň oňat mümkinçiligi bolar diýip bellediler.

Olimpiýaçylar milli sporty mundan beýläk-de ösdürmek, dünýä derejesinde ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.