Türkmen awtotürgenleriniň topary şu gün badalga alýan ýedi günüň dowamynda Russiýanyň çäginden geçjek Dakar tapgyrynyň “Ýüpek ýoly-2012” halkara ýaryşyna gatnaşar.
Dakar tapgyrynyň ýaryşynyň guramaçylary 2008-nji ýyldan başlap şeýle ýaryşlary geçirmek üçin Merkezi Ýewropada (Wengriýa we Rumyniýa) we Pax Rally (Portugaliýa) ýol ugurlaryny synagdan geçirdiler. Emma Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen we dostlukly goňşy döwletleriň-Russiýanyň hem-de Gazagystanyň liderleri tarapyndan goldanylan “Ýüpek ýoly” ýaryşynyň awtoulag bäsleşikleriniň bütindünýä senenamasyna goşulmagy bu ugurda hakyky öwrülişik boldy.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçen “Ýüpek ýoly” we soňra 2010-njy we 2011-nji ýyllarda Sankt-Peterburg- Soçi we Moskwa-Soçi ugurlary boýunça geçirilen ýaryşlardan soň “Ýüpek ýoly-2012” halkara ýaryşlary Moskwany we Gelenjigi birleşdirer.
Ýaryşlara 7-nji iýulda Gyzyl maýdanda badalga berler. Umumy uzanlygy 3800 kilometre barabar bolan, 6 tapgyrda geçirilýän ýaryşlar Moskwa-Rýazan-Wolgograd-Elista-Maýkop-Gelenjik ugry boýunça geçer. Bäsleşiklere gatnaşyjylar gury we çägelik ýollar boýunça sähralyklardan, ýolsuz ýerlerden, depelerden, jülgelerden we daglardan geçmeli bolarlar. Olar 13-nji iýulda pllehana bararlar.
Guramaçylar bu ýaryşlara dünýäniň iň güýçli awtosürüjilerini çekmegi başardylar. Bu bäsleşikleri dünýäniň öňdebaryjy habar beriş serişdeleri şöhlelendirerler. Ýaryşlardan guraljak habarlara 197 ýurduň teletomaşaçylary seretmäge mümkinçilik alarlar. Moskwa-Gelenjik ugry boýunça geçiriljek “Ýüpek ýoly-2012” halkara ýaryşyna Russiýadan, Fransiýadan, Ispaniýadan, Çehiýadan we beýleki ýurtlardan ýolsuz ýerlerden ýöremäge ukyply awtoulaglaryň 100-si we ýük awtoulaglarynyň 30-sy gatnaşar.
Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetinde habar berişleri ýaly “Ýüpek ýoly-2012” halkara ýaryşynda biziň toparymyzyň düzüminde 7 ekipaž: “Nissan-patrul” kysymly jipleriň 5-si we “Misubişi” awtoulagarynyň 2-si gatnaşar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda awtomobil sportuny ösdürmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Döwlet Baştutany köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. Bu bolsa milletiň saglygyny berkitmäge, beden we ruhy taýdan kämilleşen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilendir. Milletiň Lideri sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmak bilen bu ugurda anyk we yzygiderli işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça Milli merkezini döretmek baradaky Karar muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmen türgenleriniň “Ýüpek ýoly-2012” ýaly iri halkara ýaryşyna gatnaşmaklary ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge oňyn ýardam eder. Ýakyn wagtlarda bolsa döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ähli welaýatlarda we paýtagtymyzda häzirki zaman awtomobil ýaryşlary geçirilýän meýdançalar gurlar. Olarda awtomobil sport boýunça türgenleriň kemala gelmegi üçin ähli zerur şertler dörediler.