Türkmenbaşy şäherinde Merkezi bedenterbiýe-sport klubynyň ýolbaşçylygynda hem-de „Türkmennebit“ Döwlet konserniniň ýaşlar guramasynyň we Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hemaýat etmeklerinde eşitmeýän we gürläp bilmeýän 18 ýaşyna ýetmedik ýaş maýyplaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň III çempionaty geçirildi
Bu bäsleşik TNGIZT bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda bäş günüň dowamynda aýlawly görnüşde geçirildi. Altyn medaly Aşgabat şäheriniň topary, kümüş we bürünç medallaryna degişlilikde Mary we Balkan welaýatlarynyň toparlary mynasyp boldular.
Eşitmeýän we gürläp bilmeýän maýyplaryň arasynda geçirilen üçünji çempionat Türkmenistanyň maýyplarynyň Merkezi bedenterbiýe-sport klubynyň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Bu klub eşitmeýän we gürläp bilmeýan, görmeýän, hereket ediş synalary zaýa bolan we akyl taýdan kemisli maýyplaryň arasynda her ýylda 800 çenli çäreleri welaýat derejesinde we 22 sapar ýurduň çempionatyny geçirýär. Maýyplar-türgenler halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde hem uly üstünlikleri gazanýarlar.