„Awaza“ Milli syýhatçylyk zolagynda Türkmenistayň Oba hojalyk ministrliginiň Saglyk merkeziniň we maşagala bilen dynç almaga niýetlenen binasynyň gurluşygyna başlanyna bary-ýogy bir ýyl geçdi. Eýýäm kenarda 201 orunlyk 12 gatly myhmanhana seleňläp görünýär.
Myhmanhananyň binasy iň belent nokat bolup, ol taslama beýikligine ýetirildi hem-de onuň beýikligi 500 metrden hem geçýär. Häzirki wagtda onuň daşyny örtme işleri alnyp barylýar: myhmanhananyň öň tarapynyň diwarlary eýýäm dolylygyna diýen ýaly ak mermer bilen örtüldi. Elektro we santehniki işleri alnyp barylýar, kabel aragatnaşygy çekilýär. Binanyň ýerzemini örän giň bolup, bu ýerde - 13-nji tehniki gatynda aragatnaşyk ulgamy, jift enjamlary, binany durmuş taýdan dolandyrmak üçin ulgam oturdylmaga taýýar edildi. Binanyň ähli gatlarynda – 11-nji we 12-nji gatlarda WIP zolagynda, nomerleriň ýerleşen ýerleri bolan 3-nji gatdan 10-njy gata çenli hem-de myhmanhananyň adminstrasiýasy we beýleki hyzmat ediş işgärleriniň dynç almaklary üçin niýetlenen aşaky gatlarda bezeg işleri alnyp barylýar.
Bu sagaldyş toplumy 15,36 gektar meýdany eýeleýär. Bu ýerde çadyryň aşagynda ýerleşjek tomusky kafe-bar, oýun meýdançalary we ýüzmek üçin niýetlenen howuzlar, tennis korty, woleýbol, basketbol we kiçi futbol meýdançalary, işgärler we myhmanhananyň myhmanlary üçin iki sany awtoulag duralgasyny gurmak üçin meýdançany gurmak we abdanlaşdyrmak işlerini amala aşyrmak wezipesi öňde dur. Suw akydylýan öýjagazlar, dynç almak üçin niýetlenen krowatlar, maýyşgak kürsiler we owadan çadyrlar bilen guralan kenarda gezim edilýän gök zolak geçiriler. Ol bolsa myhmanhana bilen deňiz kenaryny özara birleşdirer.
Bu sagaldyş merkezi durmuş üpjünçilik ulgamy bilen üpjün ediler. Ýer astynda ýangyna garşy, bag-bakjalary suwarmak we agyz suwy üçin niýetlenen demir-beton uly göwrümli gaplar ýerleşendir. Akýan suwlary bilogiki taýdan arassalaýan we suwy süýjediji desganyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ýyladyş desgasynyň, transformatoryň we ätiýaçlyk üçin - dizel ýangyjy bilen işleýän bekediň enjamlaryny gurnama işlerine taýýar edilip goýuldy.
Kompaniýanyň menejerleriniň hasap etmeklerine görä, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini bu myhmanhananyň gurluşyk işlerini taslamada görkezilen möhletinden üç aý öň tamamlamaga mümkinçilik berer.