Ï “Aziýanyň çagalary” Halkara oýunlarynda türkmenistanlylar ilkinji alty medala mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Aziýanyň çagalary” Halkara oýunlarynda türkmenistanlylar ilkinji alty medala mynasyp boldular

view-icon 944
Ikisi kümüş we dördüsi bürünç bolan medallaryň ilkinji altysy Russiýa Federasiýasynyň Saha Respublikasynda (Ýakudystan)geçirilýän “Aziýanyň çagalary” atly V halkara sport oýunlarynda türkmen toparynyň ýygyndysynda peýda boldy.

Halkara Olimpiýa komitetiniň howandarlygynda dört ýyldan bir gezek geçirilýän “Aziýanyň çagalary” halkara oýunlary bu gezek Aziýa sebitiniň 27 ýurdundan toparlaryň 33-sini ýygnady. Ýaş türgenleriň 2 müňden gowragy sportuň 20 görnüşinde öz aralarynda bäsleşýärler.

2008-nji ýylda geçirilen “Aziýanyň çagalary” halkara sport oýunlarynda biziň ýaş watandaşlarymyz sportuň diňe bir görnüşi – woleýbol boýunça gatnaşdylar. Bu gezek bolsa Türkmenistanyň topary eýýäm sportuň bäş görnüşinde – woleýbolda, boksda, küştde, erkin göreşde we samboda medallar ugrunda bäsleşýär. Bu bolsa nobatdaky gezek Türkmenistanda sport hereketiniň durnukly ösýändigini tassyklaýar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek meselelerine beýrän ünsi netijesinde bolup geçýär.

“Aziýanyň çagalary” halkara sport oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medallary samboçy gyzlar gazandylar. Ýygyndynyň wekilleriniň altysyndan bäşisine hormat münberine çykmak başartdy. Kümüş medallaryň ikisini U.Nazarowa (48 kg. çenli agram derejesinde) we D.Hallyýewa (65 kg. çenli agram derejesinde) gazandylar. Bürünç medallaryň üçüsine bolsa A.Halyllaýewa (42 kg. çenli agram derejesinde), D.Rozykulowa (56 kg. çenli agram derejesinde) we O.Atdaýewa (70 kg. çenli agram deresinde) mynasyp boldular. Olaryň hemmesi ýaryşlara Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijileri Ata Adaýewiň we Dörtguly Tejenowyň ýolbaşçylygynda taýýarlyk gördüler.

Erkin göreş boýunça türkmen pälwanlarynyň düzüminde 58 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medalyna eýe bolan D.Orazgylyjow tapawutlandy. Biziň ýygyndymyzyň uly tälimçisi Bekmyrat Atabaýewiň şägirtleriniň ýene-de ikisi ýakyn günlerde medallar ugrunda bäsleşerler.

Wekilçilikli ýaryşlarda çykyş edýän ýaş türkmen türgenleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabatda gurulýan Olimpiýa şäherjiginde 2017-nji ýylda geçiriljek üsti ýapyk binalarda hem-de söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryna hem gatnaşjakdygyna ynam döredýär. Şonuň üçin “Aziýanyň çagalary” halkara oýunlaryna gatnaşmagy olar üçin gowy tejribe bolup, geljekde olara sportda uly üstünlikleri gazanmaga ýardam eder.

“Aziýanyň çagalary” halkara sport oýunlary 16-njy iýula çenli dowam eder.