Ï Türkmen baýdagy ýene-de bir belentlikde parlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen baýdagy ýene-de bir belentlikde parlady

view-icon 1323
Türkmen alpinistleri Ararat dagyna çykdylar. Olar deňiz derejesinden 5165 metr belentlikde türkmen baýdagyny dikdiler. „Agama“ alpinistler klubynyň türgenleri mundan öň Eýranda Demawend, Russiýada Elbrus, Gyrgyzstanda Han-Taňry we Ýeňiş, Türkiýede Agri-Dagy (Ararat), planetanyň beýleki belli belentliklerine çykypdylar. Şonuň üçin hem bu saparky ekspedisiýa biziň daga çykýan türgenlerimiziň ýene-de bir üstünligi bolup, ol Türkmenistanda alpinizm sportunyň çalt depginlerde ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Islendik beýleki daga çykyşlary ýaly, daga çykyjylar üçin bu ekspedisiýa hem olar üçin köp tapgyrlaýyn synag boldy. Deňiz derejesinde 3300 metr belentlikde ilkinji düşelgäni guran türgenler başlangyç üçin 4200 metre çykmak boýunça türgenleşik-adaptasion çärelerini amala aşyrdylar hem-de yzyna gaýdyp geldiler. Diňe indiki günde 4 müň metrden gowrak belentlikde düýpli ornaşdylar. Şular ýaly „çäreler“ dag belentlikleriniň şertlerine uýgunlaşmak üçin zerurdyr. Türgenlere ikinji düşelgede taýýarlyk görmegiň nobatdaky tapgyry – Araradyň şu belentliklerinden başlap hat-da tomsuň ortalaryna çenli ak gar bilen örtülen garly dag eňňitlerindäki sapaklary, garaşýardy.

Belentlige çykmak çäresi gije sagat ikide, aýdyň howada, ýöne aýazly howada – howanyň sowuklyk derejesi noldan hem aşakdaky ýagdaýda başlandy. Asmanda ýyldyzlar ýalkym saçýardy, nirelerdedir bir uzak ýerlerde dagyň eteklerinde Dogubaýazet şäheriniň çyralary görünýärdi, çykylmaly belentlik bolsa bulutlar bilen örtülendi.

Alpinistlere 4900 metr bellige çenli dik belentlik garaşýardy. Şonda ýaňy dogup gelýän günüň şöhleleri olaryň ýüzüne düşdi. Ýoluň bütin galan bölegi bolsa şemally boldy, asmandaky bulutlar syrylyp, ýagty gündüzligi emele getirdi. Şeýle belentliklerde şemal hiç wagt togtamaýar. Şonuň üçin hem mundan beýläk dag buzluklarynyň gyrasy bilen gitmeli boldy.

Ahyryn-da alpinistler ir bilen sagat 7.30-da belentlige galdylar. Bu ýerde olar däp bolşy ýaly, milli ýaşyl baýdagy galdyrdylar. Bu, Watanymyzyň baýdagyny planetanyň nobatdaky belentliginde diken türgenler üçin iň bir tolgundyryjy we ýatdan çykmajak waka boldy.

Bu belentlige türkmen türgenler toparyndan 12-si, iki sany awstraliýaly we ýerli ýol görkeziji çykdy. Soňra biziň türgenlerimiz üçin yza tarap ýol ikinji düşelge, soňra birinji binýat düşelge, Araratyň eteklerinde höküm sürýän aýazly gyş howasyndan tomsa barýan ýol, soňra bolsa – Türkiýäniň Dogubazýetinde Aşgabada tarap barýan ýol garaşýardy.

Şular ýaly watany söýüjilikli çäreler, haçan-da Garaşsyz Türkmenistanyň baýdagy ýurdumyzyň we ondan uzakdaky ýerleriň iň belent nokadynda galdyrylmagy ýurtda sportuň, şol sanda alpinizm, daga çykmak ýaly görnüşleriniň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge hyzmat edýär.

Türkmen alpinistleriniň sport senenamasy şu ýyl sport çärelerine örän baý boldy. Şunlukda fewral aýynda Baýdak güni mynasybetli Türkmenistanyň iň belent nokady bolan Aýrybaba belentligine çykmak çäresi geçirildi. Bu gyşky ekspedisiýasynyň dowamynda dag belentlikleriniň rehimsiz howa şertlerinde galyň gar we örän aýazly howa şertlerinde synagdan geçen Ararada çykmak üçin toparyň agzalary saýlanyp alyndy. Geçen ýaz paslynda bütin Türkmenistan boýunça ýaýbaňlandyrylan Saglyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde „Demirýolçy“ sport toplumynda we Arçabil jülgesiniň tebigy gaýalarynda daga çykmak boýunça „Agama“ klubynyň hususy birinjiligi geçirildi. Çagalary goramagyň halkara güni minasybetli çagalar gaýa festiwaly geçirildi. Bu bäsleşikde ýaş alpinistleriň onlarçasy tejribeli tälimçileriň gözegçilik etmeklerinde sportda ilkinji ädimlerini ätdiler.

Türkmen alpinistleri indiki şular ýaly iri çäräni Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Marköw dagyna köpçülikleýin ylgaw görnüşinde geçirmegi maksat edinýärler. Adatda bolşy ýaly bu çärä okuwçy ýaşlar, kärhanalardyr guramalaryň wekilleri, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän köp sanly ýaşlar gatnaşarlar hem-de türkmen daglarynyň gözellikleri bilen ýakyndan tanyş bolarlar. Elbetde köp sanly daga çykmagy gowy görýänleri terbiýelän Duşakerekdaga we onuň golaýyndaky gaýalara çykmak boýunça köp sanly maslahatlar we gaýalara çykmak boýunça türgenleşikleri dowam etidrilýär.