Maryda görüş boýunça maýyplaryň arasynda golbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Golbol – bu üç adamdan ybarat bolan toparyň jaňjagazly pökgüni garşydaşynyň derwezesine salmak sport oýnydyr. Bu bäsleşik Mary welaýat sport komitetiniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň maýyplarynyň Merkezi bedenterbiýe-sport kluby we Mary welaýat maýyplar kluby guradylar.
Bäsleşikleriň nähili geçendigi barada ýaryşyň baş emini Wladimir Mitroşin şeýle gürrüň berýär:
- Her ýylda geçirilýän bu ýaryşa Murgap jülgesiniň şäherine ýurduň ähli welaýatlaryndan toparlar geldiler. Oýunlar örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi. On duşuşygyň dördüsinde ýeňiji topar bary-ýogy bir pökgi geçirip, üç utuk gazanmagy başardy. Hat-da bäsleşikde yzdaky orny eýelän Daşoguz welaýatynyň toparyna üçünji baýrakly orny eýelän Balkan welaýatynyň topary bilen 0-0 hasaby bilen deňme-deň oýnap, iki utuk gazanmagy başartdy. Balkanly türgenler Lebap welaýatynyň toparyny kynlyk bilen utup, baýrakly üçünji orny eýelediler.
Paýtagtyň we ýer eýeleri bolan Marynyň toparlary has netijeli oýunlary görkezdiler. Aşgabatly türgenler üç sapar ýeňiş gazanyp we bir oýny hem Balkan welaýatynyň topary bilen deňme-deň oýnap, geçiren we geçirilen toplarda 11:1 görkeziji bilen örän gowy tapawut gazanmagy başardylar. Netjede paýtagtyň topary ýurduň iň gowy topary diýen derejä eýe boldy.
Mary welaýatynyň topary türgenleri garşydaşlarynyň derwezesinden sekiz gezek jaňjagazly pökgüni geçirmegi başardylar, iki gezek bolsa olar pökgüni öz torlaryndan çykarmaly boldylar. Bu bolsa kümüş medaly gazanmaga ýeterlik boldy. Mary welaýatynyň topary aşgabadyň topary bilen bolan duşuşykda 0:1 hasabynda ýeňilip, ikinji orny eýelediler.
Baýrakly üç sany orny eýelän toparlar bäsleşigi guraýjylar tarapyndan taýýarlanan baýraklara we sylaglara mynasyp boldylar. Ýaryş örän guramaçylykly geçirildi.