Türkmen türgenleri golaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen küşt boýunça halkara ýaryşynda bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldular. Baýrakly orunlary Aşgabat şäher sport komitetiniň sport küşt mekdebiniň türgenleri, sport ussady Saparmyrat Atabaýew we Şanepes Meredow eýelediler.
Ýaryşa 15 ýurtdan, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýadan, Hindistandan, Eýrandan, Siriýadan, Ukrainadan we beýlekilerden 160-dan gowrak küştçi gatnaşdy. Bäsleşik şweýsar ulgamy boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Biziň ildeşlerimiz çekeleşikli ýaryşyň barşynda 7 utuk toplap, bürünç medallara mynasyp boldular.
Bu däbe öwrülen ýaryşlarda türkmen küştçüleriniň çykyşlarynyň taryhyna ýüzlenip, 2010-njy ýylda S.Atabaýewiň özüniň bäsdeşi bilen deň utuk toplap, 2-3-nji orunlary paýlaşandygyny bellemelidiris. Şol ýyl kümüş medalyň eýesi, ýeri gelende aýtsak, şu bäsleşigiň ýeňijisi utuk gatnaşyklarynyň iň gowy koeffisienti arkaly mälim edildi. Şonda bu görkeziji türkmen küştçisiniň peýdasyna bolmady. Ine, şondan iki ýyl geçenden soň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi A.Atabaýewiň şägirdi ikinji gezek bürünç medala mynasyp bolup, öz üstünligini gaýtalady we şunlukda, ýetginjekleriň arasynda dünýäniň iň ökde küştçüleriniň biri bolup galýandygyny tassyklady.
Soňky döwürde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, halkara grossmeýster O.Annageldiýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýän Ş.Meredow hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär. Geljegi uly türkmen küştçüsi eýýäm halkara derejesindäki baýraklaryň birnäçesine mynasyp boldy.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ş.Myratgulyýewiň belleýşi ýaly, hut S.Atabaýew, Ş.Meredow ýaly ýetginjekler we beýlekiler biziň ýurdumyzda köpçülikleýin sport hereketiniň ruhlandyryjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň sport meýdançalarynda 2017-nji ýylda geçiriljek ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmäge esasy dalaşgärlerdir.
Şu ýylyň tomsunyň ahyrynda – güýzüň başynda türkmen küştçülerine ýene-de bir jogapkärli synag garaşýar. Şol döwürde Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä küşt olimpiadasy geçiriler. Oňa dünýäniň iň güýçli küştçüleri, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndy topary gatnaşar.