Ï Halkara ýaryşynda “altyn” üstünlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ýaryşynda “altyn” üstünlik

view-icon 817
Aşgabatdan sport ussady Çary Çaryýew Aktau şäherinde (Gazagystan) ýaşlaryň arasynda geçirilen kikboksing boýunça halkara ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy. Şäher sport komitetiniň toplumlaýyn sport mekdebiniň 17 ýaşly okuwçysy bu üstünlige 57 kilograma çenli agram derejesinde eýe boldy. Bu agramda sylaglar ugrunda bäsdeşleriň 16-sy göreşdiler.

Ýaryş dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş kikboksçylaryň 150-ä golaýyny ýygnady. Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri-Kikboksing boýunça milli merkeziň başlygy Aleksandr Snagowskiniň we Merdan Seýidmedowyň şägirdi hormat münberine tarap ýolda dört ýeňiş gazandy, garşydaşlarynyň birini bolsa tehniki nokaut bilen ýeňmegi başardy.

Bu Ç.Çaryýewiň halkara sport ýaryşynda gazanan ilkinji üstünligi däldir. Geçen ýyl ol Wengriýada ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşda ýeňiji we dünýä Kubogynyň eýesi boldy.

Häzir geljegi uly bolan türkmen kikboksçysy şu ýylyň 10-16-njy sentýabrynda Bratislawada (Slowakiýa) ýaşlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görmäge başlady.

Ýaş türgeniň halypalarynyň pikirine görä, Ç.Çaryýew ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin türkmen ýygyndysynyň düzümine dalaşgärleriň biri hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, bu wekilçilikli sport ýaryşy 2017-nji ýylda Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçiriler. Häzir ol sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary, türkmen ýaşlaryny halkara derejesindäki iri ýaryşlarda uly ýeňişleri gazanmaga ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bina edilýär.