Şü gün Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyny ýene-de sanlyja günden Londonda badalga alýan ХХХ tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak mynasybetli dabara geçirildi. Her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu giň möçberli ýaryşlar dünýäniň dürli künjeklerinden sportuň iň gowy wekillerini ýygnaýar.
Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň türkmen türgenleri Olimpiýa oýunlaryna özbaşdak gatnaşyp başladylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halkara sport abraýyny artdyrmak we Türkmenistanyň sport wekilýetiniň London Olimpiýadasyna üstünlikli gatnaşmagy üpjün etmek maksady bilen Milli Oliimpiýa komitetiniň baştutany bolup durýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ХХХ tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyny resmi taýdan tassyklap, ýygyndy toparymyzyň düzümini tassyklady.
Giň sport jemgyýetçiliginiň köp sanly wekilleri – Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň, milli sport merkezleriniň, federasiýalaryň, sport mekdepleriniň ýolbaşçylary, sport weteranlary türkmen olimpiýa wekilýetini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Onuň düzümine 23 adam, şol sanda sportuň bäş görnüşi - boks, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika we dzýudo boýunça ýaryşlara gatnaşjak 10 türgen girdi. Dünýäniň iri sport ýaryşynda ýurdumyza wekilçilik etmäge hukuk gazananlaryň arasynda boksçylar Serdar Hudaýberdiýew (64 kilograma çenli agramlyk derejesinde), Nursähet Pazzyýew (75 kilograma çenli agramlyk derejesinde), agyr atletikaçylar Umurbek Bazarbaýew (62 kilograma çenli agramlyk derejesinde), Daniýar Ismailow (69 kilograma çenli agramlyk derejesinde), Mansur Rejepow (85 kilograma çenli agramlyk derejesinde), dzýudoçy Gülnar Haýytbaýewa (63 kilograma çenli agramlyk derejesinde), suwda ýüzüjiler Sergeý Krowýakow (100 metr aralyga erkin ýüzmekde) we Jennet Saryýewa (400 metr aralyga erkin ýüzmekde), ýeňil atletikaçylar Mergen Mämmedow (ýekedaban zyňmakda) we Maýsa Rejepowa (100 metr aralyga ylgamakda) bar.
Agyr atletika we boks ýaryşlaryna wekilçilik edýän türgenlerimize uly umyt baglanylýar. Agyr atletikaçylaryň toparyna 30 ýaşly halkara derejeli sport ussady Umurbek Bazarbaýew ýolbaşçylyk edýär. Ol indi Olimpiýa oýunlaryna dördünji gezek gatnaşar. Sekiz ýyl mundan ozal Afinada geçirilen Olimpiadada Umurbek 20 türgeniň arasynda hormatly edinji orna mynasyp boldy, geçen ýyl Parižde geçirilen dünýä çempionatynda bolsa iň güýçlüleriň bäşligine girmegi başardy. Ýetginjekleriň arasynda Malaýziýada we Wenesuelada geçirilen dünýä birinjiliklerinde medallara eýe bolan D.Ismailow hem-de halkara ýaryşlarynyň enjemesinde baýrakly orunlara eýe bolan M.Rejepow hem Londondaky olimpiadada özlerini görkezmäge çalyşýarlar.
Dünýäniň iri ýaryşlarynda türkmen boks mekdebine 2009-njy ýylda Hytaýyň Juhae şäherinde geçirilen Aziýa birinjiliginiň çempiony we 2009-njy ýylda Italiýanyň Milan şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň çärýek finalçysy S.Hudaýberdiýew, şeýle hem 2010-njy ýylda Singapurda geçirilen ilkinji Bütindünýä ýetginjekler olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýragynyň eýesi N.Pazzyýew wekilçilik ederler.
Sport jemgyýetçiliginiň wekilleri ýurdumyzyň sportunyň taryhynda täze sahypany açjak olimpiaçylarymyza ak pata berip, özleriniň çykyşlarynda biziň türgenlerimiziň dünýäniň iri Oýunlaryna gatnaşmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasy netijesinde mümkin bolandygyny biragyzdan bellediler. Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşdy.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurlan köp sanly häzirki zaman sport desgalary köpçülikleýin bedenterbiýe – sport hereketini ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri döretdi. Aziýanyň Olimpia Geňeşiniň çözgüdi boýunça Aşgabadyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweşjeň sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk almagy türkmen döwletiniň saglygy goramak we sporty ösdürmek ulgamynda durmuşa geçirýän strategiýasynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Aziada-2017 özüne 30-dan gowrak desgany birleşdirýän Aşgabatdaky iň häzirki zaman Olimpia şäherçesinde geçiriler. Bu köp ugurly toplumda iň ýokary derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertler dörediler.
Biziň olimpiaçylarymyz Türkmenistanyň wekilleriniň dünýäniň baş sport ýaryşlaryna gatnaşmagynyň ýurdumyzyň parahatçylyk, dostluk we döredijilik syýasatynyň dabaralanmagynyň ýene-de bir aýdyň beýanyna öwrülmegi üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Biziň olimpiaçylarymyza Londonda ХХХ tomusky Olimpiýa oýunlarynyň sport meýdanlarynda üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris!