Ýakynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilen uşu boýunça 11-nji Halkara - Grand festiwalynda türkmen türgenleri ýedi medaly – iki altyn, bäş kümüş medaly eýelemegi başardylar. Bu gazanylan üstünlik has bellärliklidir. Sebäbi Türkmenistanyň ýygyndy topary ýedi türgenden ybarat boldy. Olaryň ýedisi hem uşuda „sanşoý“ diýlip atlandyrylýan ýaryşyň finalyna çykmaga ýol gazandylar.
Dünýäniň 20-den gowrtak döwletinde, Russiýa, ABŞ, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Şweýsariýa, Türkmenistan ýaly ýurtlaryndan 2000 töweregi türgen Şanhaýa ýygnandy. Türgenler diňe bir başa-baş söweşi boýunça bäsleşmän, eýsem toplumlaýyn maşk etmek (talou) boýunça hem bäsleşdielr.
Sanşou boýunça bäsleik iki ýaş toparlary – ýaşlar we ulular toparlary boýunca geçirildi. Türkmenistanlylar üçin ýaşlar topary „altyn“ boldy. Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň başlygy Ýazmyrat Annamyradowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýän aşgabatly Rahat Rahymow (48 kilograma çenli bolan agramda) we Çary Tagangylyjow (52 kilograma çenli bolan agramda) hormatly münberiň ýokary basgançagyna çykmagy başardylar. Şanhaý sport toplumynyň sylaglamak dabarasynda türkmen tugy iki sapar beýlekilerden ýokary galdyryldy, iki sapar hem ýeňijileriň hormatyna döwlet senasy ýaňlandy.
Ýaşlar toparynda Aşgabatdan Atageldi Durdyýew (56 kg.çenli) we Ahal welaýat uşuçylarynyň baş talimçisiniň terbiýeläp ýetişdiren uşuçysy Baýramgeldi Annaýew (60 kg. çenli) kümüş medaly gazandylar.
Ulular toparynda Ahal welaýtyndan Goçmyrat Jumanyýazow (70 kg.çenli), Kemal Sähedow (75 kg.çenli) we Aşgabatly türgen Jennet Aýnazarowa tapawutlanmagy başardy. Olaryň üçüsi hem finalda çykyş etmegi başardylar we kümüş medaly eýelediler.
Türgenleriň köpüsiniň göçme bäsleşiklerde çykyş etmäge ýeterlik tejribeleri bar. Çary Tagangylyjow üçin bolsa bu medal – halkara bäsleşiklerinde yzygider gazanan bäşinji altyn medalydyr. Munyň ählisi türkmen uşunyň calt depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýär. Meselem, bu babatda türkmen uşuçylarynyň geçen ýylda we şu ýylyň geçen döwründe gazanan 40-dan gowrak (15 altyn, 16 kümüş we 11 bürünç) medallary hem şaýatlyk edýär.
Aşgabatda üsti ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa sport oýunlarynda hytaýyň gadymy başa-baş söweşi görkeziler. Bu oýunlar Aşgabatda gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda geçiriler. Şonuň üçin hem türkmen türgenleri bu bäsleşikde üstünlikli çykyş etmekleri üçin häzirden berk taýýarlanmaklary gerek. Sebäbi mundan ozalky bolup geçen bäsleşikler olara örän gowy sport tejribesini toplamaga şert döretdi.
Häzirki wagtda türkmen uşuçylarynyň ählisi milli bäsleşiklere taýýarlyk görýärler: 28-29-njy iýulda Aşgabadyň „Galkynyş“ sport toplumynda Türkmenistanyň klub çempionaty geçiriler. Onuň netijeleri boýunça iki sany ýygyndy topar dörediler. Bu toparlara awgust aýynda Hoşiminde geçiriljek Aziýanyň çempionatyna we sentýabr aýynda Makaoda ýaşlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak garaşýar.