Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna sanlyja sagat galdy. Şu pursatlarda bütin dünýäniň ägirt uly sport baýramçylygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny ikirjiňlenmän aýtmak bolar. Dünýäniň ähli künjeklerinde tomaşaçylaryň milliardlarçasy bu baýramçylygyň şaýatlary bolarlar. 27-nji iýulda ýerli wagt bilen 21.00-da Beýik Britaniýanyň paýtagtynda ХХХ tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dört sagatlap dowam etjek açylyş dabarasy başlanar. 16 günüň dowamynda 204 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan türgenleriň 10 müň 700-si sportuň 39 görnüşi boýunça medallaryň 302 toplumy ugrunda bäsleşer.
Türkmen türgenleri Olimpiýadalara özbaşdak topar hökmünde Garaşsyzlyk gazanylandan soň gatnaşyp başladylar. 1996-njy ýylda Atlantada (ABŞ) geçirilen Olimpiýa oýunlaryna türkmen toparyna 7 türgen wekilçilik etdi. Şondan soňky, 2000-nji ýylda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna biziň ýurdumyzdan 8 türgen gatnaşdy. Soňra, 2004-nji ýylda Gresiýanyň Afiny şäherinde geçirilen Olimpiýada türkmen toparyna 9 türgen wekilçilik etdi. 2008-nji ýylda Pekinde guralan Olimpiýa oýunlaryna 10 türgen gatnaşdy, şu ýyl Londonda geçirilýän Olimpiýada hem 10 türgen gatnaşýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halkara sport abraýyny artdyrmak we Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň Londondaky Olimpiýadasyna üstünlikli gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen Milli Olimpiýa komitetiniň Başlygy bolup durýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ХХХ tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyny resmi taýdan tassyklap, ýygyndy toparymyzyň düzümini tassyklady. Şuňa laýyklykda biziň ýurdumyzyň türgenleri Beýik Britaniýanyň paýtagtynda sportuň 5 görnüşi—boks, agyr atletika, dzýudo, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça Watanymyzyň sport abraýyny gorarlar.
Londonda bolýan türkmen türgenleri ähli esbaplar bilen ýokary derejede üpjün edildi. Dünýäniň baş sport ýaryşlarynyň öňüsyrasynda olar täze lybaslaryň toplumlaryny hem aldylar. Biziň türgenlerimiz şol lybaslarda Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda 80 müň tomaşaçy üçin niýetlenen olimpiýa stadiondan dabaraly ýagdaýda ýöräp geçerler. Şol lybaslary taýýarlamagyň üstünde Türkmenistanyň Dokma senagat ministrliginiň Modalar öýüniň döredijilik işgärleriniň ählisi yhlasly işlediler. Şol lybaslaryň arasynda erkekler üçin niýetlenen, nagyşlar we alaja bilen bezelen köýnek we don, zenanlar üçin bolsa köýnek we don bar. Kostýumler we köýnekler ak keteniden, Türkmenistanyň Tugrasy bilen bezelen donlar bolsa parahatçylygyň reňkini aňladýan mawy mahmaldan tikildi.
Häzirki wagtda Beýik Britaniýanyň paýtagty hem Olimpiýa oýunlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. London şu günler Olimpiýada bilen ýaşaýar, onda hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Ýene-de birnäçe sagatdan bu ýerde dünýäniň iň güýçli we başarjaň türgenleriniň çekeleşikli we owadan ýaryşlary başlanar.
Beýik Britaniýa myhmanlary garşylaýandygyna örän şatdyr. Londonlylar ilkinjililer bolup Olimpiýa oýunlaryny eýýäm üçünji gezek garşylaýandyklaryna buýsanýarlar (Muňa çenli bu ýerde olimpiýadalar 1908-nji we 1948-nji ýyllarda geçirilipdi). Olimpiýa oýunlaryny guraýjylaryň myhmanlar üçin, ilkinji nobatda bolsa, türgenler üçin ähli amatlyklary döredendiklerini bellemelidiris. Olaryň ählisi Stratforddaky Olimpiýa obasynda ýerleşdiler.
Şol ýerde ýaryşlara taýýarlyk görmek we oňat dynç almak üçin ähli şertler döredilipdir. Olimpiýadanyň gyzgalaňly günlerinde bu obada türgenleriň we resmi adamlaryň 16 müňüsi ýaşar. Her gün sport desgalarynyň onlarçysyna gatnadýan awtobuslar, şeýle hem ägirt uly naharhana olaryň hyzmatyndadyr. Olimpiýada obasynyň çäginde şeýle hem köp sanly dükanlar, dellekhana, restoranlar, sagaldyş edaralary, simsiz Internet ulgamly telekommunikasiýa hyzmatlarynyň ähli görnüşleri, dynç alyş merkezi, türgenleriň öz dostlary bilen duşuşyp biljek Village Plaza meýdançasy we hatda dini dessurlary berjaý etmäge niýetlenen otaglary bolan merkezler bar.
Ýaryşlardan soň Olimpiýa obasy gündogar Londonyň düýbünden täze ýaşaýyş jaý toplumyna öwrüler. Şol ýerde seýilgähler, ýol ulag aýrytlary we zerur bolan gulluklaryň ählisi, şol sanda 1800 okuwça niýetlenen dünýä derejesindäki okuw jaýy-Çobhema Akademiýasy bolar.
Düýn bolsa biziň türgenlerimizden Olimpiýa şäherjigine agyr atletikaçylar Umurbek Bazarbaýew, Daniýar Ismailow, Mansur Rejepow hem-de boksçylar Serdar Hudaýberdiýew we Nursähet Pazzyýew öz tälimçileri bilen geldiler. Bu ýerde bäşinji gatda türkmen wekiliýeti ýerleşdi. Esasy ýaryşlaryň öňüsyrasynda agyr atletikaçylar Türkiýede we Özbegistanda bir aýlyk okuw-türgenleşik geçirdiler. Boksçylar bolsa ilki Hazar şäherinde iki hepdelik umumy taýýarlyk, soňky ýigrimi gün bolsa Kardiffde (Uels) ykjam taýýarlyk geçdiler. Bu ýere Höwesjeňler boksunyň halkara assosiasiýasynyň (AIBA) ýörite maksatnamasy boýunça dünýäniň ähli yklymlaryndan diýen ýaly boksçylaryň 43-si çagyryldy.
“AIBA tarapyndan ABŞ-dan we Italiýadan hünärmenleriň çagyrylmagy bilen Kardiffde geçirilen okuw-türgenleşik örän peýdaly boldy” diýip, Milli boks merkeziniň başlygy we Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Gurbanow gürrüň berdi. – Birinjiden, ol biziň boksçylarymyza ýerli howa şertlerine uýgunlaşmaga doly ýardam etdi. Bu bolsa jogapkärli ýaryşlaryň öň ýanynda örän möhümdir. Ikinjiden bolsa, Olimpiadada biziň mümkin bolan käbir bäsdeşlerimizi iş ýüzünde synlamak we dört ýyldan bir gezek geçirilýän ýaryşlara iň gowy sport taýýarlygynda gelmäge mümkinçilik döredi.
Biziň beýleki olimpiaçylarymyz – ýeňil atletikaçylar Mergen Mämmedow, Maýsa Rejepowa, suwda ýüzüjiler Jennet Saryýewa, Sergeý Krowýakow we dzýudoçy zenanymyz Gülnar Haýytbaýewa hem ruhubelentlik duýgusyny başdan geçirýärler. Bu ýerde, Olimpiýa şäherjiginde olaryň saglygyna we beden berkligine ýokary sport ussatlyk mekdebiniň sport lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Hudaýguly Jumaýew her gün gözegçilik edýär. Türgenleriň özleri bolsa ýaryşlaryň öň ýanyndaky günlerde şäheriň dürli künjeklerinde ýerleşýän türgenleşik sport desgalarynda ykjam taýýarlyk görýärler.
Şol desgalaryň iň golaýda ýerleşýäni Suw merkezi ýa-da onuň bu ýerde atlandyryşy ýaly Akwamerkez Olimpia şäherjiginden bary-ýogy 8 minutlyk aralykda, Olimpia stadionynyň garşysynda ýerleşýär. Ol ýapyk deňiz desgasyna meňzeş bolup, 50 metrlik ýüzülýän howuzlaryň ikisini we 25 metrlik daýwing howzuny öz içine alýar. Olar özünde 10 million litre golaý suwy saklaýar. 17500 tomaşaçy orunlyk münberleri bolan Akwamerkezde suwda ýüzmek, sinhron ýüzmek, suwa bökmek, häzirkizaman bäş görnüşli suw ýaryşlary we suwda pökgi oýnamak, şeýle hem awgustyň ahyrynda Londonda badalga alýan Paralimpia oýunlarynda paralimpia suwda ýüzmek boýunça ýaryşlar geçiriler.
Suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň çempionlary, ýurdumyzyň ýygyndysynyň düzüminde Olimpiada gatnaşmak bagty miýesser eden Jennet Saryýewa we Sergeý Krowýakow eýýäm Londonda dünýä derejesindäki ýyldyzlar, 14 gezek olimpia çempiony, 50 metrlik howuzda dünýäniň 26 gezek çempiony, dünýä üstünlikleriniň 7-siniň eýesi Maýkl Felps (ABŞ) bilen bilelikde olimpiýa howzunda türgenleşik geçdiler. Ol olimpiýa sylaglarynyň umumy sany boýunça, şu görkeziji boýunça dünýäniň rekordçy zenany russiýaly Larisa Latininadan bary-ýogy iki medal yzda barýar. Bu zenanyň hasabynda olaryň 18-si bar.
“Maňa Olimpiada gatnaşmak we dünýäniň suwda ýüzmek boýunça ady rowaýata öwrülen türgenleriň arasynda bolmak meniň üçin hyýaly bir zatdy. Emma sport bilen meşgullanmagym we bu ulgama biziň türgenlerimizi ýeňişlere ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi netijesinde bu hakykata örüldi” diýip, 2010-njy ýylda Singapurda ýetginjekleriň arasynda geçirilen birinji Olimpia oýunlaryna, Rimde (Italiýa), Dubaýda (BAE), Şanhaýda (Hytaý) geçirilen dünýä çempionatlarynyň üçüsine gatnaşan hem-de ulularyň arasynda geçirilýän Olimpiada ilkinji gezek gatnaşýan J.Saryýewa bize beren gürrüňinde aýtdy.
Londonda türkmen olimpiaçylarynyň wezipesi ýurdumyzyň sportunyň abraýyny belende galdyrmak bolup durýar. Biziň ýurdumyzda munuň üçin uly işler, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda köp işler geçirilýär. Olimpia hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary üstünlikler sportuny mundan beýläk-de ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Milli Liderimiziň atalyk aladasy netijesinde häzir ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirkizaman sport desgalary, şol sanda Olimpia şäherjigi bina edilýär. Milletiň beden taýdan saglygyna we sport bilen meşgullanmagyna uly üns berilýär.
Londonda bolsa Olimpia alawynyň 70 günlik estafetasy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Ol grek Olimpiasynda günüň şöhlesinden ýakyldy we 19-njy maýda uçar bilen Beýik Britaniýa getirildi. Alaw göterijileriň 8 müňüsi alawy şäherleriň we obalaryň 1018-siniň, şol sanda ýurduň ähli sebitleriniň, Angliýanyň ähli graflyklarynyň we Şotlandiýanyň, Uelsiň hem-de Demirgazyk Irlandiýanyň dolandyryş etraplarynyň içinden, şeýle hem goňşy garaşsyz Irlandiýanyň çäginden we beýikligi 135 metre deň bolan – Beýik Britaniýanyň nyşanlarynyň biri hasaplanýan “Londonyň gözleri” atly meşhur synlaýyş çarhyndan göterip geçdiler. Şunda ýurduň ilatynyň 95 göteriminiň görüp bilmegi üçin Olimpia alawynyň ugry ýörite saýlandy. 27-nji iýulda ol öz uçgunlary bilen Londonda ýer ýüzüniň ähli yklymlaryndan iň gowy türgenleri birleşdiren XXX tomusky Olimpia oýunlaryna badalga berer.