Ï Türkmen türgenleri Watanymyzyň sport abraýyny goramaga taýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri Watanymyzyň sport abraýyny goramaga taýýar

view-icon 997
Şu gün Beýik Britaniýanyň paýtagtynda dünýäniň baş sport ýaryşlary - XXX tomusky Olimpiýa oýunlary badalga aldy. 1896-njy ýylda Fransiýanyň jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan täzeden ýola goýlan hem-de dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu uly möçberli ýaryşlara dünýäniň ähli künjeklerinden sport dünýäsiniň tanymal wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň sport boýunça halkara derejesindäki abraýyny artdyrmak hem-de biziň türgenlerimiziň Londonda geçiriljek Olimpiadada üstünlikli çykyş etmegini gazanmak maksady bilen, ýörite Karary kabul etdi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň tomusky XXX Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýandygyny resmi tertipde tassyklap, Beýik Britaniýanyň paýtagtynda biziň ýurdumyzyň baýdagynyň abraýyny gorajak ýygyndy toparyň düzümini oňlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň şu günki mejlisinde türkmen ýaşlarynyň Olimpiýa oýunlaryna bolan ýokary gyzyklanmalaryny nazara almak bilen, ýaşlaryň sport oýunlaryna, şol sanda halkara derejesindäki bäsleşiklere bolan höwesleriniň amala aşmagy üçin ähli zerur bolan serişdeleriň herekete girizilmeginiň derwaýysdygyny belledi we munuň özi sportuň ýokary ösüşini şertlendirer diýip nygtady.

Şu gün “Täsinlikler adalary” atly şüweleň Olimpiýa stadionynda agramy 23 tonna barabar bolan dünýädäki iň uly jaňyň sesi astynda başlandy, ol ýaryşlara gatnaşýan 200-den gowrak ýurduň wekiliýetleriniň däbe öwrülen ýörişi bilen dowam etdirildi.

Türkmenistanyň wekilleri ýaşyl tuguň astynda, ak keteniden we parahatçylygyň reňkini alamatlandyrýan mawy mahmaldan taýýarlanan milli lybaslarda geçýärler. Olimpiýa alawynyň ýakylmagy bu dabaranyň iň tolgundyryjy pursaty boldy. Olimpiýa alawy Oýunlaryň bütin dowamynda ýanyp durar.

Türkmen olimpia toparynyň düzümine 23 adam, şol sanda 10 sany türgen goşuldy, olar sportuň bäş görnüşi – boks, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika we dzýudo boýunça çykyş ederler.

Biziň ildeşlerimiz ruhubelentlik duýgusyny başdan geçirýärler, aranyň örän daşdygyna garamazdan, olar watandaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn goldawyny duýýarlar. Çünki, türgenlerimiz türkmenistanlylaryň ählisiniň özlerine uly üstünlik arzuw edýändiklerini duýýarlar.

Şu gün biz özüniň yhlasy we zehini bilen biziň ýurdumyza wekilçilik etmäge hukuk gazanan türgenlerimiz barada jikme-jik gürrüň bereris... 1. Umurbek Bazarbaýew (agyr atletika, 62 kilograma çenli agramlykda). 31 ýaşly halkara derejeli sport ussady U.Bazarbaýew Olimpia oýunlaryna indi dördünji gezek gatnaşýar. Sekiz ýyl mundan ozal ol Afiny şäherindäki Olimpiadada 287,5 kg. barabar netijäni gazanyp, ýaryşa gatnaşan 20 sany türgenleriň arasynda 7-nji orny eýeledi, geçen ýlyda Parižde geçirilen dünýä çempionatynda jemi 303 kg. barabar netije bilen, has güýçlüleriň bäşligine goşuldy. Galyberse-de, ol 2004-nji ýylda Frederik şäherinde (ABŞ, Merilend ştaty) talyplaryň arasyndaky dünýä çempionatynda altyn medala, 2005-nji ýylda Medinede (Saud Arabystany) Yslam raýdaşlygynyň ilkinji oýunlarynda kümüş medala hem-de 2004-nji we 2008-nji ýyllarda Almatyda (Gazagystan) we Kanasawada (Ýaponiýa) geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldy. Ýeri gelende aýtsak, U.Bazarbaýew uly sportda çykyş etmek üçin Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Çagalar-ýetginjekler sport mekdebinde ilkinji türgenleşdirijisi Mumin Rejepowdan tälim alyp ugrady. Soňky dokuz ýylyň dowamynda ol paýtagtymyzda – Milli agyr atletika merkezinde Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijileri Ikram Matkarimowdan we Artur Emirýandan tälim alyp ussatlygyny has-da kämilleşdirýär.

2. Daniýar Ismailow (agyr atletika, 69 kilograma çenli agramlykda). Türkmenabadyň agyr atletika boýunça mekdebinde terbiýelenen we uly umyt bildirilýän D.Ismailow ilkinji gezek 2009-njy ýylda özüni tanadyp ugrady, ol 17 ýaşyndaka Daşkentde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda itekläp galdyrmak we iki görnüşiň jemi boýunça bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldy. Bir ýyldan soňra şonuň ýaly ýaryşda ol bat bilen götermek we iki görnüşiň jemi boýunça ýene-de iki sany bürünç medala mynasyp boldy. Geçen ýylda D.Ismailow ýetginjekleriň arasynda Malaýziýada geçirilen dünýä çempionatynda itekläp galdyrmak boýunça kümuş medalyň we iki görnüşiň jemi boýunça bürünç medalyň eýesi boldy, şol ýylyň maýynda bolsa Wenesuelada geçirilen şonuň ýaly dünýä çempionatynda bat bilen götermek boýunça ýene-de bir bürünç medaly gazandy. Soňky iki ýylyň dowamynda ol Milli agyr atletika merkezinde öz ussatlygyny taplaýar.

3. Mansur Rejepow (agyr atletika, 85 kilograma çenli agramlykda). Türgeniň aýtmagyna görä, ol agyr atletika bilen dört ýaşyndaka meşgullanyp ugrapdyr, çünki ol Rejepowlaryň sport boýunça tanalýan maşgalasynda ulaldy, bu maşgalanyň agzalary Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda üstünlikli işleýärler. Mansuryň kakasy – Rozumbaý, onuň doganlary Mumin we Hudaýbergen Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijileri bolmak bilen, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda agyr atletikanyň ösdürilmegine badalga berenler diýlip hasaplanýar. Mansuryň sportuň gujur-gaýraty talap edýän bu görnüşine höwesiniň atmagy we ýyllar boýy yhlasly taýýarlyk görmegi degerli netije berip ugrady: 2004-nji ýylda Mansur Türkmenistanyň ýygyndy toparyna kabul edildi, şonuň düzüminde ol dürli derejedäki halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp boldy hem-de Katarda, Dominikan Respublikasynda, Tailandda, Türkiýede we Fransiýada geçirilen dünýä çempionatlaryna gatnaşdy.

4. Serdar Hudaýberdiýew (boks, 64 kilograma çenli agramlykda). 2009-njy ýylda ol Juhaýda (Hytaý) geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medala eýe bolmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň sportunyň taryhynda ilkinji gezek Milanda (Italiýa) geçirilen dünýä çempionatynda 60 kg. çenli agramlykda dünýäniň has güýçli boksçularynyň sekizligine goşuldy. Iki ýyl mundan ozal Guançžouda (Hytaý) geçirilen XVI Aziýa oýunlarynda S.Hudaýberdiýewe ýurdumyza wekilçilik etmek miýesser etdi – ol oduň göterilmegine we olimpia oýunlarynyň ýörelgeleriniň wagyz edilmegine gös-göni gatnaşdy. Londondaky Olimpiada-2012-de hem ol Oýunlaryň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny göterdi.

5. Nursähet Pazzyýew (boks, 75 kilograma çenli agramlykda). Soňky ençeme ýylyň dowamynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby N.Pazzyýew Hindistanda, Özbegistanda, Russiýada, Gazagystanda ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşlarynda birnäçe gezek dürli derejeli medallara eýe boldy. 2010-njy ýyl zehinli türkmen boksçysy üçin ýatdan çykmajak ýyla öwrüldi, ol ilki bilen, Tähranda ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medaly, soňra Singapurda ýetginjekleriň arasynda ilkinji gezek geçirilen Olimpia oýunlarynda bürünç medaly gazandy. Olimpiada-2012 ilkinji gezek gatnaşýan 19 ýaşly boksçynyň şu ýylda Astanada Olimpia ýaryşynyň kwalifikasion tapgyrynyň ýarym finalynda ozal ençeme baýraklara mynasyp bolan – 2008-nji ýylda Pekinde (Hytaý) geçirilen tomusky XXIX Olimpia oýunlarynda Wijendera Singhden (Hindistan) – 10:7 (3:2, 3:2, 4:3) üstün çykmagy N.Pazzyýewiň geljegine uly umyt baglanýandygyna şaýatlyk edýär.

6. Gülnar Haýytbaýewa (dzýudo, 63 kilograma çenla agramlykda). Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby G.Haýytbaýewa halkara ýaryşlaryndaky çykyşlarynyň jemleri boýunça 80 oçko gazandy hem-de Aziýanyň dzýudo boýunça birleşiginiň (JUA) kontinental kwotasyna mynasyp boldy. Lebabyň göreş boýunça mekdebinde terbiýelenen 27 ýaşly G.Haýytbaýewa häzirki wagtda paýtagtymyzda ýokary sport ussatlygynyň mekdebiniň we ýurdumyzyň zenanlaryndan ybarat ýygyndy toparynyň tälimçisi Omar Muhammetnazarowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. 2011-nji ýylda Türkiýede Ýewropanyň açyk Kubogy ugrundaky ýaryşda bürünç medala mynasyp bolan G.Haýytbaýewa Olimpia oýunlaryna ikinji gezek gatnaşýar.

7. Sergeý Krowýakow (100 metr aralyga erkin usulda ýuzmek). Ýurdumyzyň çempiony we Olimpiada ilkinji gezek gatnaşýan 21 ýaşly bu türgen Türkmenistanyň olimpia ýygyndy toparynyň düzümine geçen ýylda Şanhaýda guralan dünýä çempionatynda suwda erkin ýüzmek boýunça 100 metr aralygy 55,99 sekundda geçmek arkaly gazanan netijesi boýunça goşuldy. S.Krowýakow Melburnda (2007 ý.), Rimde (2009 ý.), Şanhaýda (2011 ý.) sportuň suwdaky görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynyň üçüsine, Şanhaýda (2006 ý.), Mançesterde (2008 ý.) gysga aralykda suwda ýüzmek boýunça dünýä çempionatlarynyň ikisine hem-de Dubaýda (2011 ý.) gysga aralykda suwda ýüzmek boýunça dünýäniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşa gatnaşdy.

8. Jennet Saryýewa (400 metr aralyga erkin usulda ýüzmek). Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi, milli ýygyndy toparyň uly türgenleşdirijisi Sergeý Ýepifanowdan tälim alýan 18 ýaşly türgen ulularyň arasynda dört ýyldan bir gezek geçirilýän esasy ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýar. Iki ýyl mundan ozal Singapurda ýetginjekleriň arasynda geçirilen birinji Olimpia oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşyp, suwda erkin usulda ýüzmek boýunça 100 metr aralygy 14,67 sekundda geçdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda suwda erkin usulda ýüzmek boýunça has ileri tutulýan 50 metr aralykda we arkanlykda ýüzmekde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby D.Saryýewa taý gelýän ýok. Ol 2010-njy ýylda Guançžouda (Hytaý) geçirilen XVI Aziýa oýunlaryna, Rimde (2009 ý.), Dubaýda (2010 ý.) we Şanhaýda (2011 ý.) geçirilen dünýä çempionatlaryna gatnaşdy. Ýeri gelende aýtsak geçen ýylda Hytaýda geçirilen dünýä çempionatynda D.Saryýewa suwda erkin ýüzmek boýunça 400 metrlik aralygy 5 minut 41,09 sekundda geçip, özüniň ozalky netijesinden 20 sekunddan gowrak wagt öň geldi. Ol Londondaky Olimpiada-2012-de hem şu aralykda ýaryşa goşular.

9. Mergen Mämmedow (ýekedaban zyňmak). Aşgabatly 21 ýaşly sport ussady Mergen Mämmedow 2009-njy ýyldan bäri ekedaban zyňmak boýunça yzly-yzyna dört gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Şu ýylda ol ýekedabany 70 metr 70 santimetr aralyga zyňyp milli rekordy goýdy, munuň özi oňa ilkinji gezek Olimpiada gatnaşmaga mümkinçilik berdi. Geçen ýylda M.Mämmedow Almatyda (Gazagystan) Gusman Kosanowyň hormatyna guralýan halkara ýaryşynda ýeňiji boldy, Ýaponiýanyň Kobe şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda 17 sany türgenleriň arasynda dördünji orny eýeledi. Mergen öz kakasy – Türkmenstanyň at gazanan türgenleşdirijisi Baýrammuhammet Mämmedowyň tagallasy bilen sportda uly üstünlikleri gazanýar.

10. Maýsa Rejepowa (100 metr aralyga ylgamak). 19 ýaşly zehinli türkmen türgeni şu ýylda Milli sport we syýahatçylyk institutyna okuwa girmegi arzuw edýärdi, 2012-nji ýylda Türkmenstanda 100 metr aralyga ylgamak boýunça ilkinji gezek üstün çykandan soňra, garaşylmadyk ýagdaýda, oňa Olimpiada gatnaşmaga mümkinçilik döredi. Maýsa bu üstünligi halkara derejeli sport ussady, Halkara ýeňil atletika federasiýasynyň (IAAF) Gran-prisini almak ugrunda guralýan ýaryşlarda üç gezek bürünç medala eýe bolan Alýona Litwinowanyň ýolbaşçylyk etmeginde gazandy, ol bu türgenleşdirijiden indi bäş ýyl bäri tälim alýar. M.Rejepowa 2012-nji ýylda Barselonada (Ispaniýa) ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna hem-de 2011-nji ýylda Teguda (Koreýa) ulularyň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşyp tejribe toplady.

Olimpia oýunlaryna gatnaşmak – munuň özi ýatdan çykmajak wakadyr. Biz türgenlerimize Londondaky sport meýdançalarynda üstünlikli çykyş etmegi arzuw edýäris!