Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebinden Umurbek Bazarbaýew Beýik Britaniýanyň paýtagtynda dowam edýän XXX tomusky Olimpiýa oýunlarynda 62 kilograma çenli agramlyk derejesindäki güýçli ştangaçylaryň altylygyna düşmegi başardy.
Londonda agyr atletika boýunça geçirilýän bäsleşikler ýerli ilatyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Londonyň ExCeL sergi merkeziniň köp müň orunly zaly agyr atletikaçylaryň agramlyk derejesine seretmezden hemişe köp adamly. Bu ýerde sportuň bu görnüşi boýunça güýçlüler ýüze çykarylýar.
Dünýäniň 84 ýurdundan gelen 259 ştangaçy olimpiýa medallary ugrunda bäsleşýärler. Olardan 155 erkek agramlyk derejesiniň 8 görnüşi boýunça göreş alyp barýar. 104 zenan bolsa 7 görnüşi boýunça bäsleşýär.
Türkmenistana agyr atletika boýunça Olimpiýada-2012-de ilkinji gezek üç türgen wekilçilik etdi. Ozallar biziň ýurdumyzda ýaryşyň bu görnüşi boýunça iki türgen gatnaşýardy. Biziň toparymyz Türkiýede we Fransiýada geçirilen dünýä çempionatlarynyň netijeleri boýunça üç olimpiýa ygtyýarnama eýe boldy. Şonda türkmen türgenleri toparlaýyn hasapda agyr atletika boýunça baý tejribesi bolan Fransiýa, Germaniýa, Tailand, Rumyniýa ýaly ýurtlaryň türgenlerinden öňe saýlandy.
Biziň ştangaçylarymyzdan ilkinji bolup Londonyň olimpiýa meýdançasyna toparyň baştutany Umurbek Bazarbaýew çykdy. Bu onuň sport tejribesinde dördünji Olimpiýada bolup durýar. Sekiz ýyl mundan ozal ol Afynyde geçirilen oýunlarda 287,5 kilogram agramy göterip, güýçlüleriň ýediligine düşmegi başardy. Ýöne şondan soň gatnaşan oýunlarynda şu görkezijiden ýokary geçip bilmedi.
Bu ýerde Umurbek Bazarbaýewiň bäsdeşleri dünýäniň, Aziýanyň, Ýewropanyň, Aziýa oýunlarynyň çempionlary, Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijileri boldular. Şeýle toparda çykyş edeniňde öňdäkileriň hataryna goşulmak üçin örän töwekgel çykyş etmek zerurlygy ýüze çykýar. Biziň toparymyzyň tälimçileri bu babatda ýeterlik alada etdiler. Başlangyç bäsleşikde olar 135 kilogramlyk agram daşy buýurdylar. Ýöne türgen bu agramy göterip bilmedi.
Milli ýygyndynyň baş tälimçisi I.Matkarimow türgene dürli sargytlary etdi.
U.Bazarbaýew nobatdaky synanyşykda 135 kilogramlyk ştangany götermegi başardy. Umurbek öz bäsdeşlerinden öňe saýlanmak maksady bilen üçünji synanyşykda 139 kilogram agramy bolan ştangany götermekçi bolýar, ýöne bu oňa başartmaýar.
Şol pursatda 2010-njy ýylda dünýäniň çempiony bolan we dünýä birinjiliginiň kümüş medalynyň eýesi KHDR-den Kim Un Buk soňky tapgyrda 153 kilogram agramlyk ştangany göterip, Olimpiýa rekordyny goýýar we bäsleşikde öňe saýlanýar.
Ikinji tertipde U.Bazarbaýew 162,5 kilogram agramy bolan ştangany birinji gezekde göterip bilmedi. Toparyň tälimçileri şeýle ýagdaýda türgene dynç almak üçin biraz wagt berip, 165 kilogramlyk agramy buýurýarlar. Şol wagt Koreýa Respubliakasyndan gelen türgen, Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy Ji Hun Min 165 kilogramlyk ştangany göterip bilmän ýaryşy tamamlaýar.
Birnäçe wagt geçen soň U.Bazarbaýew meýdança çagyrylýar. Bu gezek biziň türgenimiz ştangany döşüne çenli göteren hem bolsa, ony kellesinden ýokarda saklap bilmeýär.
Tälimçiler türgene dynç almak üçin wagt berip, bu gezek has agyr, ýagny 167 kilogramlyk agramy buýurýarlar.
Şondan soň U.Bazarbaýew şowhunly el çarpyşmalaryň astynda 167 kilogram agramy göterýär we iki görnüş boýunça 302 kilogramy göterip, üçünji orna düşýär.
Indi ýagdaý biziň türgenimiziň bäsdeşleriniň çykyşyna bagly. Olar türkmen türgeninden öňe geçirlermika?
2009-njy we 2010-njy ýyllarda degişlilikde Budapeştde we Minskide geçirilen Ýewropa bäsleşikleriniň ýeňijisi Türkiýeden gelen Erol Bilgin 300 kilogram agram netije bilen biziň türgenimizden yza galýar. Şu ýyl Puentaýege şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen Aziýanyň wise-çempiony indoneziýaly Muhamad Hasbi hem 301 kilogram agram netije bilen biziň türgenimizden yza galýar.
Kolumbiýadan gelen Panamerikan oýunlarynyň ýeňijisi, Olimpiýada üç gezek gatnaşan Oskar Albeýro Figureoa jemleýji tapgyrda öňe saýlanýar we itekläp götermekde 177 kilogramy galdyryp, Olimpiýa rekordyny goýýar.
Koreýa Respublikasyndan gelen Pekinde geçirilen olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy Ji Hun Min 327 kilogram agram mukdary galdyryp, Londonda dünýäniň rekordyny goýýar we ýeňiji bolýar. Şeýle çekeleşikli bäsleşiklerde häzirki dünýä çempiony hytaýly Jan Siýe dördünji orna düşýär.
Türkmen ştangaçysy U.Bazarbaýew köp wagtlap güýçlüleriň bäşliginde bolan hem bolsa netijede altynjy boldy. Ol bäşinji ornuň agramyndan bary-ýogy 0,02 kilogram yza galdy. Onuň agramy U.Bazarbaýewiňkiden şonça mukdarda ýeňil boldy. Bäşinji orna türkiýeli türgen Hursit Atak düşdi. Ol biziň türgenimiz bilen deňeçer agramy - 302 kilogramy göterdi.
Ýaryşlardan soňra Azerbaýjanyň we Özbegistanyň toparlary Umurbegi Olimpiýadada eden şowly çykyşlary bilen gutladylar. Emin agzasy, iki gezek Olimpiýa çempiony belarusly Aleksandr Kurlowiç türkmen türgeniniň egnine kakyp:
“Umurbek, sen hakyky pälwan, soňuna çenli göreşdiň!” diýdi.
***
Şu gün Londonda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda dzýudo boýunça 63 kilograma çenli agram derejedäki zenanlaryň arasynda medallar ugrunda bäsleşikler geçirildi. Onda Türkiede geçirilen Ýewropa-2011-iň açyk Kubogynda bürünç medaly eýelän ildeşimiz Gülnar Haýytbaýewa çykyş etdi. Deslapky tapgyrda türkmen türgeni Halkara dzýudo federasiýasynyň reýtinginde ýokary orny eýeleýän, 25 ýaşly 2010-njy ýylda Tokioda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medaly eýelän we 2011-nji ýylda San-Pauluda (Braziliýa) dünýä kubogyna gatnaşan, Gran-pri halkara turniriniň iki gezek kümüş medalyna mynasyp bolan azerbaýjanly Ramila Ýusubowa bilen duşuşdy. Bäsleşigiň tutuş dowamynda türkmen türgeni garşydaşy bilen mynasyp bäsdeşligi alyp bardy we ýeňiş gazandy.
“Akwatik merkizindäki” howuzda suwda ýüzmek boýunça bäsleşikler dowam etdi. Onda biziň ildeşimiz Sergeý Krowýakow çykyş etdi. Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysynyň hatarynda durýan, ýurdumyzyň 21 ýaşly çempiony, dünýä çempionatlaryna üç gezek gatanaşan, Şanhaýda geçirilen dünýä birinjiliginiň netijeleri boýunça erkin usulda 100 metr aralyga ýuzmekde 55,99 sekund wagt görkezdi. Londonda bolsa 100 metr aralyga erkin usul boýunça ikinji deslapky ýüzüşde on sany türgenden saýlanyp, pellehana ikinji gelmegi başardy.
Onuň bu aralyk boýunça görkezen wagty milli sport ussadynyň derejesinden ýokary boldy.
Şeýlelikde, onuň görkezen wagty ýurdumyzyň ozalky rekordyndan 0,07 sekund ýokary boldy. Ozalky rekordy iki ýyl mundan ozal 2010-njy ýylda Guançžou şäherinde (Hytaý) geçirilen XVI Aziýa oýunlarynda Andreý Molçanow goýupdy.
Şeýlelikde, erkin usulda 100 metr aralyga ýüzmek boýunça Türkmenistanyň rekordy täzelendi.
Londonda geçirilýän Olimpiýada bäsleşiklerine gatnaşýan türkmen türgenlerine üstünlik arzuw edýäris.