Ï Jennet Saryýewa: “Sport - meniň durmuşym”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jennet Saryýewa: “Sport - meniň durmuşym”

view-icon 1002
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň bu geljegi uly türgeni Londondaky Olimpiaýada-da ýaly şeýle kuwwatly, haýran galdyryjy goldawy heniz hiç-haçan öz durmuşynda duýmandy. Ýüzüşiň ahyryna çenli ýene-de 50 metr aralyk galypdy, uly göwrümli “Akwatik merkez” ony pellehana tarap iterýärdi, şol minutlar Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy 18 ýaşly Jennet Saryýewa diňe wagt ugrunda güýç synanyşýardy. Ine, erkin ýüzüşde 400 metr aralyk yzda galdy we tabloda ”5 minut 40,29 sekunt” diýen san göründi, diýmek, Türkmenistanyň çempionynyň şahsy rekordy gazanyldy.


Ýüzüşden soň Olimpiýada-2012-de türkmen wekiliýeti bilen bolýan TDH-niň habarçysy J.Saryýewadan birnäçe sowallara jogap bermegi haýyş etdi.

- Jennet, ýüzüşden soň nähili duýgulary başdan geçirdiň?

- Türkmenistanda suwda ýüzmek diňe ýaňy-ýakynda Olimpiýa suw sport toplumynyň işe girizilmegi bilen okgunly ösüşe eýe boldy. Şonuň üçin hem dünýäniň suwda ýüzmek ussatlary bilen bäsleşikde iri halkara ýaryşlarynda ýokary orunlara biziň ýüzüjilerimiz häzirlikçe dalaş etmeýärler, dünýä çempionaty we Olimpiýa oýunlary şol ýaryşlar bolup durýar. Şonuň üçin hem Londondaky Olimpiaýadada meniň öňümde diňe bir wezipe: dünýäniň görnükli türgenleri bilen bäsleşikde mümkin boldugyça oňat çykyş etmek we Şanhaýda (Hytaý) geçen ýylda bolan dünýä çempionatynda gazanan 5 minut 41,09 sekunda barabar bolan şahsy rekordymy gowulandyrmak wezipesi meniň öňümde durýardy.

- Bu aralygyň soňky 400 metrini sen galan türgenlere garanyňda 3 sekund çalt ýüzüp geçdiň. Megerem, münberdäki goldaw uly kömek eden bolsa gerek?

- Gürrüňsiz suratda şeýle boldy. Londondaky ýaly mähirli kabul etmegi men heniz hiç haçan duýmadym. 17,5 müň orunlyk uly Suw merkezini dolduran tomaşaçylar seni goldasa örän ýakymly bolýar. Umuman alnanda, bu ýerde, Londondaky Olimpiýadada ähli sport desgalarynda hoşniýetliligiň we baýramçylygyň adatdan daşary ýagdaýy – parahatçylygyň, sportuň we dostlugyň baýramçylygy höküm sürýär. Türkmenistanyň Olimpiýada ýygyndy toparynyň agzalary bolan biz Olimpiýada oýunlary ýaly güýjüň, erjelligiň we ussatlygyň şeýle ägirt uly sport baýramçylygyna ähli ýurtlaryň we yklymlaryň sport ussatlary bilen bilelikde gatnaşmaga döreden mümkinçiligi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa örän hoşaldyrys. Biziň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň dürli ulgamlarynda, şol sanda sportda hem häzirki wagtda bolup geçýän uly özgertmeler türgenler bolan biziň göwnümizi göterýär, ertirki güne ynamymyzy oýarýar, bize ägirt uly güýç berýär. Biz hakda milletiň Lideriniň şeýle atalyk aladasyna ýokary netijeler bilen jolgap bermäge çalşarys.

- Suwda ýüzmäge nähili başlandygyňyz barada gürrüň beräýseňiz?

- Men sportçy maşgalada kemala geldim. Kakam Ahmet Saryýew agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň uly tälimçisi. Özüm suwda ýüzmäge çenli fortepiano synpy boýunça sazçylyk mekdebinde okadym. Menden üç ýaş kiçi bolan uýam Merjen bolsa Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň sport bölüminde ähli usullar boýunça başarjaňlyk bilen suwda ýüzýärdi. Men hem şonuň ýaly bolmak isledim. Şeýlelikde, 2006-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Ýepifanowyň sport bölümine girdim, şondan bäri şol ýerde sport ussatlygymy kämilleşdirýärin.

- Ilkinji üstünlikleri haçan gazandyň?

- Eýýäm bir ýyldan soň Türkmenistanyň çempionatynda üstünlik gazandym, şonda ýedi aralykda men birinjilige eýe boldum. Wagtyň geçmegi bilen ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde mäkäm ornaşdym, Guançžouda (Hytaý) XVI Aziýa oýunlary-2010-a, dünýä çempionatlarynyň soňky üçüsine, ýagny 2009-njy ýylda Rimde, 2010-njy ýylda Dubaýda we 2011-nji ýylda Şanhaýda bolan dünýä çempionatlaryna gatnaşdym. Ine, indi bolsa Londondaky Olimpiýa oýunlarynda çykyş edýärin.

- Sport seniň üçin nämeden ybarat?

- Sport meniň durmuşym. Men ähli boş wagtymy sporta bagyşlaýaryn. Milli sport we syýahatçylyk institutynda okuwdan soň men her gün ir bilen üç sagat we agşam üç sagat türgenleşýärin. Galan wagtymy okuwa taýýarlyk görmek we öý işleri bilen geçirýärin.

- Seniň talyp hasap kitapçaňda diňe oňat bahalar bar. Sporty ýokary okuw mekdebinde okamak bilen üstünlikli utgaşdyrmak saňa nähili başardýar?

- Men birje minuty hem bisarpa tutmazlyga çalyşýaryn. Okuwa barýan wagtym awtobusda hem okuw kitabynyň gatyny hökman açýaryn. Men mekdepde okan ýyllarymda iňlis dilini öwrenmek boýunça tälim berijiniň okuwyna gatnadym we indi üç dile – türkmen, iňlis we rus dillerini bilýärin.

- Londondaky Olimpiýa oýunlarynda türgenleşik mahaly dünýä sportunyň ençeme ussatlary bilen, şol sanda öz janköýeriň – 14 gezek olimpiýa çempiony, 50 metrlik howuzda 26 gezek dünýä çempiony, dünýä rekordlarynyň 7-siniň eýesi Maýkl Felps (ABŞ) bilen bir ugurda ýüzmek, görnükli türgenleriň suwda ýüzmek ussatlygyny gözüň bilen görmek miýesser etdi. Bu saňa nähili täsir etdi?

- Olimpiýada diňe bir sport baýramçylygy bolman, eýsem sport ussatlygynyň hem mekdebidir. Özüm üçin Olimpiýada düşmek we dünýäniň suwda ýüzmeginiň ussatlarynyň hatarynda bolmak birmahallar hasyl bomajak arzuwdy. Ýöne sport bilen meşgullanmagym hem-de türgenler bolan bizi ýeňişlere uly ruhlandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporta ägirt uly üns bermegi netijesinde bu hakykat boldy.

- Olimpiýada ýene-de nämeler bilen siziň ýadyňyzda galar?

- Oýunlaryň ajaýyp açylyş dabarasy we stadionda olimpiýa odunyň ýakylmagynyň unudylmaz pursaty meniň ýadymda hemişelik galar. 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilýän wagty şular ýaly dabaralara gatnaşmagy arzuw edýärin.

- Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar bolmagy höwes edýän ýaş türgenlere nämeleri arzuw edip bilersiňiz?

- Türgenleşmeli, türgenleşmeli we ýene-de bir gezek türgenleşmeli. Türgenleşiklerde yhlas etmek öňde goýlan weziplere ýetmegiň iň dogry usulydyr. Sportda-da, durmuşda-da şeýledir. Meniň öň belläp geçişim ýaly, sport bolsa meniň durmuşymdan ybaratdyr.

London şäheri.