Ï Umurbek Bazarbaýew: “Özümiň bäşinji Olimpiýadama taýýarlyk görerin”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Umurbek Bazarbaýew: “Özümiň bäşinji Olimpiýadama taýýarlyk görerin”

view-icon 1126
Türkmenistanyň ýygyndysynyň bu berdaşly agyr atletikaçysy London Olimpiýadasynda başaryp bolmajak zadyň hötdesinden geldi. Ikinji maşkda ol ilki bilen 162 kilogram agramy, soňra bolsa 165 kilogram agramy galdyryp bilmän, iň soňky synanyşygynda 167 kilogram agramy galdyryp, netijede dünýäniň iň güýçli ştangaçylarynyň altylygyna girdi. Ýaryşlar tamamlanandan soň biziň toparymyzyň öňbaşçysy, Olimpiýadalaryň dördüsine gatnaşan Umurbek Bazarbaýew daşary ýurtly hünärmenleriň köpüsiniň gutlaglaryny kabul etdi, soňra bolsa TDH-niň London Olimpiýadasyny şöhlelendirýän habarçysynyň sowallarynyň birnäçesine jogap berdi.

- Umurbek, Olimpiýadada çykyşyňyz özüňde nähili täsir galdyrdy?

- Men öz ýurdum üçin medal gazanmagy arzuw edipdim. Ýöne, Olimpiýa oýunlarynyň iň güýçli ştangaçylarynyň altylygynyň hatarynda bolmak hem uly abraýdyr. Şu erde, Londonda bolmak bilen, men eýýäm mähriban Türkmenistan Watanymyzdan köp sanly gutlaglary aldym. Türkmenistanda “Türkmen sporty” milli teleýaýlymynyň göni gepleşikleri arkaly janköýerlerimiziň örän köp sanlysy meni goldadylar. Biziň ýurdumyzda milletiň saglygyna, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen dört ýylda bir gezek geçirilýän iri toplumlaýyn ýaryşlar bolan Olimpiýa oýunlarynyň milli teleýaýlymlarymyzda göni gepleşikler arkaly ilkinji gezek görkezilýändigini bellemek örän ýakymlydyr.

- Geliň, seniň ýaryşda eden çykyşyňa gaýdyp geleliň.



- Şol gün agşam men Watanymyzdaky öz janköýerlerimi örän tolgunmaga mejbur etdim. Birinji synanyşykdan soň, elimde ganly gabarçyk emele geldi. Näçe jan etsem-de, ikinji synanyşyk hem şowsuz boldy – men elimiň agyrsyna üns bermän, ştangany kükregime çenli galdyrdym, ähli güýjümi bir ýere jemläp, ony ýokaryk itdim, ýöne ştangany ýokarda saklap bilmedim. Tälimçiler maňa berk ynanyp, meni goldadylar we ýeňişe ruhlandyrmaga çalyşdylar. Elimdäki gabarçygyň yzasy aýrylanokdy, ýöne, muňa garamazdan, men has uly agramly ştangany galdyrmaga taýýardym. Men uly töwekgelçilik edýärdim, çünki üçünji synanyşykda hem şowsuz çykyş etsem, iň soňky ýeri eýelärdim.

- Nädip saňa şeýle uly agramdaky ştangany götermek başartdy?

- Öň hem aýdyşym ýaly, tälimçilerim maňa göwünlik berip durdylar we 167 kilogramdan az bolmadyk agramy götermäge synanyşmalydygymy ýatlatdylar, şeýle edilmese, meniň öňde barýan türgenlerden örän yza galjakdygymy aýtdylar. Göreş örän çekeleşiklidi. Iň aýgytlaýjy synanyşygyň öň ýanynda, men ştanganyň öňünde uzak wagtlap durdum. Adatça, men ştanganyň ýanyna baryp, ony 5 sekunddan soň galdyrmaga çalyşýaryn, bu agramlygy nädip götermelidigim barada pikirlenýärin. Şu gezekki synanyşykda men 30 sekunda golaý duran bolsam gerek. Diňe şondan soň ştanga tarap aýgytly ýöneldim. Şonda men bu agramy göterjekdigime doly göz ýetirdim...

- Sen 167 kilogram agramlyk ştangany göterip, üçünji orna çykanyňdan soň, bäsdeşleriň şowsuzlygyna umyt etdiňmi?

- Men hiç haçan bäsdeşlerime şowsuzlyk arzuw etmeýärin. Sportda hemişe güýçlüler, ýaryşa oňat taýýarlyk gören türgenler we aýgytlaýjy pursatda özüni beden taýdan güýçli we ruhubelent duýýan adamlar ýeňiş gazanýarlar.

- Umurbek, seniň bäşinji orun eýelemegiň üçin bary – ýogy 20 gram agramyň päsgel berendigine gynanýarmyň? Çünki, 2012-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi turkieli Hursit Atakyň öz agramy seniň agramyňdan 20 gram ýeňil boldy. Ýogsa-da, ol hem ştangany göterimegiň iki görnüşinde seniňki bilen deň netijäni görkezdi. Edil seniň ýaly, ol hem iki görnüşiň netijesi boýunça 302 kilogram agramlykdaky ştangany götermegi başardy.



- Hawa, biraz gynandym. Şeýle boljagyny bilsem, maňa ştangany silkip götermekde 136 kilogram agramy götermek ýeterlik bolardy. Ýöne men 139 kilogram agramy galdyrmaga synanyşdym – bu meniň şahsy rekordym bolardy.

- Umurbek, öz meýilnamalaryň barada biraz gürrüň beräýseň...

- Şu wagta çenli dünýäde ýeke-täk ştangaça – wengriýaly türgen Imre Fýöldä Olimpiýadalaryň bäşisine gatnaşmak başartdy. Entek güýjüm barka, men hem türkmenistanlylaryň köpüsi bilen bir hatarda sport bilen meşgullanmagymy dowam etdirerin. Diňe bir türgenleşmek bilen çäklenmän, özümiň bäşinji Olimpiýadama bar güýjümi sarp edip taýýarlyk görerin. Munuň üçin Türkmenistanda ähli şertler bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça welaýatlaryň her birinde on müň orunlyk sport toplumlary bolan stadionlar guraldy, paýtagtymyzda bolsa Orta Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi gurulýar. Ol 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüler. Milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça milli sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan köp ugurly işler türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen “Türkmenistan – sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy” atly kitapda öz beýanyny tapdy. Şol kitaby biz öz ýanymyz bilen Londona alyp bardyk. Ol daşary ýurtly türgenlerde, tälimçilerde we žurnalistlerde uly gyzyklanma döretdi.

- Olimpiýa oýunlary seniň durmuşyňda nähli orun eýeleýär?

- Olimpiýada – bu beýik sport baýramçylygydyr. Men dünýäniň bu uly ýaryşlaryna ýene-de bir gezek gatnaşmak hem-de Türkmenistan üçin Olimpiýa medalyny gazanmak isleýärin.

- Boş wagtyň nämeler bilen meşgullanmagy halaýarsyň?

- Boş wagtymy maşgalam bilen geçirýärin. Meniň aýalym we iki gyzym bar. Gyzlarymyň ulusy Ogulbike, nesip bolsa, şu ýyl birnji synpa barar. Kiçi gyzym Näzliniň bolsa şu ýyl üç ýaşy doldy.

- Olaryň sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanjakdyklaryny çözdüňmi?

- Wagty gelende, olaryň özleri çözerler. Gyzlarymyň ulusy eýýäm çeper gimnastika bilen meşgullanmaga gyzyklanma bildirýär. Şeýlelikde, bizde sport maşgalasy döremegi mümkin. Ol sport bilen meşgullanyp, başga bir hünäri seçip alsa-da, gynanyp oturara zat ýok. Çünki, sport adamyň durmuşynda gerek boljak zatlaryň köpüsini öwredýär.

London şäheri