Ï Dünýä sportunyň ýyldyzlarynyň ussatlyk sapaklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä sportunyň ýyldyzlarynyň ussatlyk sapaklary

view-icon 796
Aşgabatda gijäniň bir mahaly Londonda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda 69 kilograma çenli agram derejesinde agyr atletikaçylaryň ýaryşy tamamlandy, şonda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Daniýar Ismailow Türkmenistana wekilçilik etdi.

Geljegi uly türkmen türgeni, ýokary sport ussatlygy mekdebinde tälim alýan türgen ilkinji gezek Daşkentde ýaşlaryň Aziýa çempionatynda ştangany itekläp götermekde we iki bäsleşigiň möçberi boýunça iki sany bürünç medalyna 17 ýaşynda mynasyp bolup, 2009-njy ýylda ilkinji gezek öz ussatlygyny görkezdi. Şondan bir ýyl soň şol ýaryşlarda ol ýene-de iki sany bürünç medala mynasyp boldy. Geçen ýyl Malaýziýada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda D.Ismailow ştangany itekläp götermekde kümüş medalyna we iki gezek çykyşyň möçberi boýunça bürünç medala mynasyp boldy, şu ýylyň maýynda bolsa Wenesuelada geçirilen dünýäde birinjilik ugrundaky şunuň ýaly ýaryşda ştangany itekläp galdyrmakda ýene-de bir bürünç medaly gazandy.

Ol bir ýyl mundan öň Parižde geçirilen uly ýaşlylaryň arasyndaky dünýä çempionatynda çykyş etdi. Şonda ol örän üstünlikli çykyş edip, şol ýaryşa gatnaşyjylaryň 23-sini yzda galdyrmak bilen 62 kilograma çenli agram derejesinde 13-nji orny eýeledi. Ine, indi bolsa Daniýar Londondaky Olimpiýa oýunlarynda ýene-de dünýäniň iň oňat ştangaçylarynyň hatarynda çykyş etdi, bu hem uly üstünlik bolup durýar.

20 ýaşly Daniýaryň Olimpiadada çykyş etmeli bolan 69 kilograma çenli agram derejesi türgenleriň has köp gatnaşan ýaryşy boldy, şol ýaryşda medallar ugrundaky öz ýurtlarynyň, Ýewropanyň, Aziýanyň, dünýäniň, Olimpiýa oýunlarynyň çempionlarynyň 24-si güýç synanyşdylar.

Şolaryň arasynda biziň türgenimiz iň ýaş türgenleriň biri boldy. Bu bäsleşikde biziň türgenimiziň yhlas bilen çykyş edendigi guwançlydyr.

D.Ismailow ilkinji çykyşynda 140 kilogram agramdaky ştangany itekläp galdyrmakda ynamly çykyş etdi. Ikinji gezekde 145 kilogram agramdaky ştangany ussatlyk bilen galdyrdy. Üçünji synanyşykda ol eýýäm şahsy rekord görkezmek üçin 150 kilogramy göterýär, ýöne kiçeňräk tehniki ýalňyşlyga ýol berýär, şol ýalňyşlyk agyr ştangany göterip saklamaga mümkinçilik bermeýär we W toparynda ikinji netije bilen öz çykyşyny tamamlaýar.

Ştangany galdyrmak boýunça ikinji ýaryşda hem Daniýar ilki bilen 160 kilograma, soňra bolsa 165 kilograma üstünlikli hötde gelýär. Özi-de ikinji synanyşykda biziň türgenimize ştangany ýokary göterip saklamak üçin has yhlaslylyk görkezmeli boldy. Haçan-da, üstünlik gazanylan ýaly bolsa-da, birden ştanga türgeni bir gapdala gyşartdy, şonda-da Ismailow eminleriň bu synanyşygy bellige almaklaryndan öňürti agyr ştangany 90 gradus bir tarapa öwürmeli boldy. Üçünji synanyşykda hem biziň türgenimiz ýene-de şahsy rekordy gazanmaga synanyşdy. Ýöne 170 kilogramdaky ştangany galdyrmak oňa başartmady.

Jemi alnanda D.Ismailow Wenesuelada ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýäde birinjilik ugrundaky ýaryşda 310 kilograma barabar öz gazanan netijesini gaýtalady we ştangaçylaryň 11-sinden, şol sanda Pekinde geçirilen Olimpiadada kümüş medala mynasyp bolan Fransiýadan Dabaý Tiýençýuny we 2009-njy ýyldaky dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp bolan Ermenistandan Arakel Mirzoýany yzda galdyryp, 13-nji orny eýeledi. Mundan başga hem ştangany itekläp götermekde güýçli türgenleriň altylygyna çykdy. Bu hem biziň türgenimiziň uly mümkinçilikleriniň bardygyna şaýatlyk edýär. Onuň hünärmenleriň tassyklamagyna görä, sportda uly geljegi bar.

Birnäçe sagatdan soň Londonyň ExCel sergi merkeziniň goňşy sport zalynda Türkmenistandan ýokary sport ussatlygy mekdebiniň ýene-de bir türgeni, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Serdar Hudaýberdiýew boks boýunça bäsleşige çykdy. 2009-njy ýylda ol Žuhaede /Hytaý/ Aziýa çempionatynda altyn medala mynasyp bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň sportunyň taryhynda ilkinji gezek Milanda /Italiýa/ geçirilen dünýä çempionatynda 60 kilograma çenli agram derejesinde dünýäniň güýçli boksçylarynyň sekizligine girdi. Şu ýyl biziň toparymyzyň ussat türgeni Astanada geçirilen Aziýa ýaryşynda finala ýetdi we ilkinji gezek dünýäniň iri ýaryşlarynyň birinde Türkmenstana wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

Bije boýunça 64 kilograma çenli agram derejesinde Olimpiadada ilkinji bäsleşikde meşhur hindi boksçylarynyň biri bolan Kumar Manoj S.Hudaýberdiýewiň bäsdeşi boldy. Üç ýyl mundan öň Hindistanda geçirilen halkara ýaryşynda olar eýýäm öz aralarynda bäsleşdiler we şonda biziň türgenimiz ýeňiş gazandy.

Ine, bu gezek hem Serdar örän işjeň çykyş edip başlady we birinji tapgyrda bäsdeşinden hiç bir babatda asgyn gelmedi. Birinji tapgyr tamamlanandan soň eminler 2:2 hasabynda deňligi hasaba alýarlar. Emma ikinji tapgyrda Hindistandan bolan boksçy has netijeli çykyş edip, öňe saýlanyp başlaýar. Gynansak-da, jemleýji tapgyrda biziň türgenimize yza galaklygy ýeňip geçmek başartmady.

Londondaky Olimpiýa oýunlarynda biziň ýene-de üç türgenimiz çykyş eder: 3-nji awgustda 85 kilograma çenli agram derejesinde Mansur Rejebow güýç synanyşar, Olimpiýa stadionynda bolsa 100 metr aralyga ylgamakda Maýsa Rejebowa we ýekedaban zyňyjy Mergen Mämmedow güýçli türgenler bilen bäsleşerler.

Londonda Olimpiýa oýunlary dowam edýär.