Ï Olimpiýadada ýeňil atletikaçylar medallar ugrunda göreşip başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Olimpiýadada ýeňil atletikaçylar medallar ugrunda göreşip başladylar

view-icon 775
Beýik Britaniýanyň paýtagtynda dowam edýän XXX tomusky Olimpiýa oýunlarynda şu gün ýeňil atletikaçylar medallar ugrundaky göreşe girişdiler. Olimpiýadada “sport şasynyň” maksatnamasy özüne sportuň 24 görnüşini birleşdirýär, ýaryşlarda baýraklaryň 47 toplumy ugrunda bäsleşiler. Olaryň 24-si erkekleriň arasyndaky, 23-si bolsa zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda goýuljak baýraklardyr.

Ýeňil atletikaçylaryň Londonda geçirilýän ýaryşy ýerli ilatda örän uly gyzyklanma döredýär. Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna köp gün galanda petekleriň ählisi satyldy. Şeýlelikde, deslapky ýaryşlar hem 80 müň orunlyk olimpiýa stadionynyň hyryn-dykyn dolmagynda geçirilýär. Ýewropanyň iň iri sport merkezleriniň birinde beýleki ýurtlar bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem parlamagy örän ýakymlydyr.

Ýeňil atletika boýunça ýaryşlara biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň çempionlary—ýekedaban zyňmakda 21 ýaşly Mergen Mämmedow we zenanlaryň arasynda 100 metr aralyga ylgamakda 19 ýaşly Maýsa Rejepowa wekilçilik edýärler. Olaryň ikisi hem olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýarlar. Şoňa görä-de, ýeňil atletika boýunça dünýä ýyldyzlary bilen bäsleşýän türkmen türgenleriniň tolgunmak duýgularyny başdan geçirýändigi hemmelere düşnüklidir.

Ýekedaban zyňmak ýaryşyna türgenleriň 42-si gatnaşdy. Biziň ildeşimiz deslapky ýaryşda B toparda çykyş edip, üç synanyşygyny hem dürs ýerine ýetirdi. Soňky iki synanyşygyndan oňat netije görkezen ilkinji synanyşygynda Mergen ýekedabany 68 metr 39 santimetre zyňyp, özüniň goýan Türkmenistanyň rekordyna (70 metr 70 santimetr) biraz ýetip bilmedi. Bir ýyl mundan ozal Almaty şäherinde Gusman Kosanowyň hatyrasyna geçirilen halkara ýaryşynda M.Mämmedow 68 metr 38 santimetr netije bilen ýeňiş gazandy. Ine, bu gezek bolsa şeýle netije bilen ol Kanadanyň, Argentinanyň, Gresiýanyň, Polşanyň, Ukrainanyň we Özbegistanyň türgenlerinden öňe geçmegi başardy. Munuň özi Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan türgen üçin pes netije däldir.

Şu gün Olimpiýadada 85 kilograma çenli agramdaky agyr atletikaçylar ýaryşdylar. Bu ýaryşda Türkmenistana dürli halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlaryň eýesi, Katarda, Dominikan Respublikasynda, Tailandda, Türkiýede we Fransiýada geçirilen dünýä çempionatlarynyň bäşisine gatnaşan Mansur Rejepow wekilçilik etdi. Ilkinji maşkda biziň türgenimiz 160 kilogramlyk ştangany ynamly galdyrdy. Ýöne 165 we 168 kilogram agramlygy götermek üçin edilen soňky synanyşyklar şowsuz boldy. Ştangany itip götermekde Mansur ýaryşdaky ýagdaýyny gowulandyrmaga synanyşmaga çalyşdy, ýöne, gynansak-da, bu gezek türkmen türgeniniňki şowuna bolmady.

Indi bolsa “sportuň şasy”—ýeňil atletika gaýdyp geleliň. London Olimpiýadasynda göreşiň örän çekeleşikli barýandygyny nazara alsaň, ýeňil atletika ýaryşynda türgenlere ýeňşiň aňsat düşmeýändigine göz ýetirýärsiň.

Zenanlaryň arasynda 100 metr aralykda ylgamak boýunça deslapky ýaryşlar giç agşam, gazetiň eliňizdäki sanynyň eýýäm taýýar bolup barýan mahaly tamamlandy, şoňa görä-de biz olar barada indiki sanymyzda gürrüň bereris.

Londonda Olimpiýa oýunlary dowam edýär...