Ï Awaza medeniýet işgärlerini, işewürleri we alymlary çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awaza medeniýet işgärlerini, işewürleri we alymlary çagyrýar

view-icon 798
5-7-nji sentýabr aralygynda „Awaza-2012“ ady bilen halkara sergi, sungat festiwaly we ylmy maslahat geçiriler. Bu möhüm waka Milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde geçiriler. Biziň bilşimiz ýaly “Awaza” edil türkmen paýtagty ýaly özüni halkara derejedäki maslahatlaryň we gepleşikleriň geçirilýän ýeri hökmünde tanatdy. Şu günler syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň ykdysady we syýasy durmuşynda möhüm orny eýelejek foruma taýýarlyk görülýär. Bu uly çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň komiteti, ýurdumyzyň söwda-senagat palatasy gurnaýarlar.


„Awaza-2012“ halkara sergisi, sungat festiwaly we ylmy maslahaty güýz aýlarynyň mylaýym möwsümine gabat geler. Bu bolsa dürli ýurtlardan geljek myhmanlara türkmen tebigatynyň gözelligini, şeýle ajaýyp kenarda halkara derejesindäki täze syýahatçylyk merkeziniň döredilmeginiň depginleri we gerimi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer. Köptapgyrly we giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, arassa Hazaryň kenarynda ýokary amatlykly kaşaň myhmanhanalar we şypahanalar dynç alýanlary kabul edýärler. Bu ýerde ýene-de ençeme myhmanhanalaryň we zerur desgalaryň gurluşyklary alnyp barylýar.

Hakykat-da dynç alyş zolagynyň eýýäm häzirki zaman infrastrukturasy, ulag, durmuşy üpjünçilik ulgamlary döredildi. Syýahatçylyk zolagyndaky döredilen seýilgähler we çüwdirimler özboluşly gözellik döredýär. Bularyň ählisi täze kuwwatly başlanan iş bolup, maýa goýujylar boş ýere däl-de, eýsem berk esaslandyrylan ýere gelerler. Bu ýagdaý bolsa maýa goýujylaryň taslama bolan gyzyklanmany has hem ýokarlandyrar.

Şonuň üçin sergini gurnaýjylar avaza123@yandex.ru syýahatçylyk zolagynyň geljekgi ösüşine gatnaşjak türkmen we daşary ýurtly işewürlere garaşýarlar. Güýçli gurluşyk kompaniýalarynyň we maýa goýujylaryň bu taslama gatnaşmagy, syýahatçylyk zolagyň gysga wagtyň içinde halkara derejeli häzirki zaman dynç alyş merkezine öwrüljekdigi şübhesizdir. Awaza ýene-de myhmanlara garaşýar. Awaza maýa goýum taslamalar boýunça işleýän, gurluşyk, konsalting, dynç alyş hyzmatlary we syýahatçylyk ugry boýunça işleýän halkara kompaniýalary hyzmatdaşlyga çagyrýar.