Ï Maksada okgunlylygyň we tutanýerliliginiň mysaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maksada okgunlylygyň we tutanýerliliginiň mysaly

view-icon 943
Dünýäniň türgenleriniň az sanlysyna tomusky Olimpiýa oýunlaryna 4 gezek gatnaşmak miýesser edendir. Şolaryň arasynda Türkmenistandan 30 ýaşyndaky Halkara derejeli sport ussady,şu wagtky London Olimiýadasynda dünýäniň iň güçli ştangaçylaryň altylygyna girip başaran Umurbek Bazarbaýew hem bar. Bu şowly çykyşyň şaýatlary “Türkmenistan:sport” teleýaýlymynda ştangistiň çykyşyna tomaşa eden ýurdumyzyň müňlerçe sport söýüjileri boldular.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny eýe bolmanka hem ýurdumyzyň milli agyr atletika mekdebi öňdebaryjy mekdepleriň hataryna girýärdi. Bu ýerde öz ömrüniň ahyrky günlerine çenli deňi taýy bolmadyk dünýäniň üç gezek çempiony bolan türkmen ştangaçysy Altymyrat Orazdurdyýewi ýatlap geçesimiz gelýär. Altymyrat Orazdurdyýew 1994 ýylda Hirosimada (Ýaponiýa) geçirilen Aziýa oýunlaynda ýurdumyz üçin “altyn” gazanypdy.

Meşhur türgeniň biwagt aradan gidenligi tutuş milli sport hereketi,aýratyn hem geçen asyryň 90-njy ýyllarynda çetde galan agyr atletika üçin uly ýitgi boldy. Ýöne 10 ýyldan soň sport maksadyna ýetmek üçin öz tutanýerliligi we gaýduwsyzlylygy bilen Ömürbeg Bazarbaýew türkmen ştangaçylarynda ýeňişe bolan höwesini täzeden dikeltdi. Ömürbeg A.Orazdurdyýewden soň agyr atletika boýunça halkara derejeli sport ussady bolmagy başardy. Şondan bäri bu hormatly ady eýeleýän türkmen ştangaçylaryň sany ep-esli artdy.

Ömürbeg Bazarbaýew halkara sport dünýäsinde türkmen agyr atletikaçylaryň gazanan altyn medallarynyň höwrüniň köpelmegine itergi berdi. Bu waka 2004-nji ýylda ABŞ-nyň Frederik şäherinde talyplaryň arasyndaky geçirilen dünýä çempionatynda boldy. Bu çempionatda Ömürbege her bir çykyşynda, ýagny 135 kg bat alyp birden götermekde we 150 kg itekläp galdyrmakda 1 gezek ýeterlik boldy.

Häzirki wagtda Olimpiýa oýunlaryna 4 gezek gatnaşyjysy bolan bu türgeniň hasabynda halkara derejisindäki abraýly ýaryşlarda gazanan ep-esli baýraklary bar. Özüniň saýlan sport hünärine bolan wepalylygy, öz durmuşyny agyr atletika bagyşlamaklygy karar eden ýüzlerçe ýigitler üçin, şol sanda Ömürbegiň doglan ýeri bolan Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň ýaşlary üçin hem nusga boldy.

Bu ýerde Bazarbaýewiň iň oňat dosty Halkara derejeli sport ussady Tolkunbek Hudaýbergenowy hem mysal hökmünde hem getirip bolar. Hut Ömürbegiň sport üstünlikleri Tolkunbegi sporta getirdi. Öz döwründe Tolkunbeg hem agyr atletikanyň ýerli seksiýasyna gatnaşyp uly sport sepgitlerine ýetmegi özüne maksat edinip goýdy. Häzirki wagtda ol hem “olimpýadaçy” göreldeli adyyn göterýär. Ol 2008-nji ýylda Pekin Olimpiýadasyna gatnaşypdy. Şol sanda ol şu wagtky geçirilýän oýunlara gatnaşmaly dalaşgärleriň bäşligine girdi, ýöne türgenleşik wagtynda alan şikesi saýlama ýaryşda ýeterlik netijäni görkezmäge mümkinçilik bermedi.

Ine eýýäm alty ýylyň dowamynda Ömürbeg Türkmenistanyň sport we syýahatçylyk baradaky Döwlet komitetiniň ýokary sport ussatlygy mekdebinde agyr atletikanyň syrlaryny öwredýär. Ol tälimçilik etmek bilen bilelikde sport çykyşlaryny hem ýatdan çykarmaýar. London Olimpiýadasyndan soň Aşgabada gelip Ömürbeg Bazarbaýew Braziliýada 2016-njy ýylda geçiriljek oýunlara taýýarlyk görüp başlar.