Stambulda bolup geçen Ýewropanyň Kubogynyň açyk çempionaty türkmen sportuna ýeňiş getirdi - Londonda bolup geçýän Olimpiada gatnaşyjy Gülnar Haýytbaýewa bilen bir klubda çykyş edýän Gülbadam Babamyradowanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýle üstünligiň gazanylmagy biziň 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olympida üçin örän gowy mümkinçiligimiziň bardygyny aýdýar.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, milli zenanlar ýygyndy toparynyň tälimçisi Omar Muhammetnazarowyň terbiýeläp ýetişidreni 52 kilogram agram derejede çykyş edip, Ýewropanyň Kubogyny almaga gatnaşan dzýudoçy gyzlarynyň 19-synyň arasynda tapawutlanmagy başardy. Ol 4 sany duşuşykda – bäsleşige gatnaşýan ýer eýeleriniň ikisini, Lýuksemburgly türgen gyzy we finalda polşaly türgeni ýeňmegi başardy.
Bir söz bilen aýdanyňda, Gülbadam hem, Gülnar hem Ýurduň Lebap sebitinden. Hut dzýudo sporty boýunça lebap mekdebi milli sport arenasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Gülbadam Babamyradowa hem golaý wagtlarda olimpiýaçylaryň hatarynda boljakdygyna uly ynam bildirýär. Sebäbi ol häzir uly sportyň başlangyjynda dur: ýaňy-ýakynda ol ozüniň 21 ýaşyny belledi.
Stambulda bolup geçen Ýewropanyň Kubogynyň çempionatyna gaýdyp gelmek bilen, onda Gülnar Babamyradowanyň ýeňiş gazanmagy onuň halkara reýtingini ep-esli derejede ýokary galdyrandygyny aýdyp geçmelidiris. Bu bolsa olimpiýa ýollanmasyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Iň gowy ýedilige giren türgenleriň hem utuklary halkara reýtinginiň utugynyň hasabyna girýär. Şunlukda, Ýewropanyň Kubogynda türkmen dzýudoçy gyzlarynyň ýene-de ikisi – 48 kilogram agram derejede 7-nji orny eýelän Margarita Filippowa we üç sany olimpiada gatnaşyjy (Sidneý-2000, Afiny-2004 we Pekin-2008) Nasiba Surkiýewa 70 kilogram agrama çenli derejede bäşinji orny eýeläp, öz reýtinglerini gowulandyrmagy başardylar.