Londonda geçirilýän tomusky Olimpiýadanyň çäklerinde zenanlaryň arasynda ylgaw boýunça 100 metr aralykdan medallar ugrundaky bäsleşikler ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň çempiony, 19 ýaşly Maýsa Rejepowa bu bäsleşikde Türkmenistana wekilçilik etdi.
Ol ýeňil atletika bilen ýedi ýyl mundan ozal meşgullanyp başlady. Geçen ýyl ol Koreýa Respublikasynyň Degu şäherinde ulularyň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna, şu ýyl bolsa Barselonada ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşlara gatnaşdy. Ine, indi bolsa ol ilkinji gezek dört ýyldan bir gezek guralýan Olimpiýa oýunlarynyň meýdançasyna çykdy.
Zenanlaryň arasynda 100 metr aralyk boýunça guralan bäsleşige ýeňil atletikaçalaryň 81-si gatnaşdy. Biziň türgenimiz deslapky tapgyrda 33 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşa goşuldy. Şonda türgenleriň onusy nobatdaky topara gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň üçünji tapgyrynda M.Rejepowa bu aralyga 12,80 sekunt wagt görkezdi. Bu wagt onuň geçen ýyl Degu şäherinde dünýä çempionatynda görkezen wagtyndan 0,63 sekunt ýokarydyr. Ýaryşyň ähli tapgyrlarynyň netijesi boýunça biziň türgenimiz bäsdeşleriniň 14-sinden öňe geçmegi başardy. Bu bolsa Olimpiýada gatnaşyjy ýaş türgen üçin oňyn netijedir.
Şeýlelikde, Olimpiýa oýunlary tamamlaýjy tapgyra gadam goýanynda Türkmenstanyň türgenleri öz çykyşlaryny tamamladylar. Olar Watanymyza gaýdyp gelerler. Ýöne türkmenistanly türgenler dünýäniň güýçli sportçulary bilen bolan bäsleşiklerde ýeterlik tejribe topladylar. Bu bolsa türkmen türgenlerine geljekki bäsleşiklerde ýeňiş gazanmagyna ýardam berer. Çünki London Olimpiýadasy yklym derejesindäki iri bäsleşikleri özünde jemlejek Aziýada-2017-niň belentliklerine ruhlandyrar. Ol bolsa ýene bäş ýyldan ak mermerli türkmen paýtagtyna geçiriler.