Ï Täze federasiýa – täze mümkinçilikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze federasiýa – täze mümkinçilikler

view-icon 1325
Aşgabatda şu ýylyň maý aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasy öz işine başlady. Bu federasiýa sport, çeper gimnastika, sport akrobatikasy ýaly bölümlerden ybaratdyr. Indi sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanýan türkmen türgenleri üçin halkara derejeli iri bäsleşiklere gatnaşmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasy açylmazylyndan ozal onuň üç ugry hem işjeň ösdürilýärdi. Ýöne olar şäher we sebit sport mekdepleriniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýardy. Indi bu ugurda düýbünden täze ädim öňe ädildi. Indi biziň federasiýamyz gerek bolan sport tejribelerini toplamak we alyşmak üçin beýleki şular ýaly sport guramalary, şol sanda halkara guramalary bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk saklar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasyny sportuň şu görnüşi boýunça Halkara we Aziýa federasiýalarynyň düzümine goşmak barada gepleşikler alnyp barylýar. Bu bolsa türkmen gimnastikaçylarynyň aziýa we dünýä bäsleşiklerine gatnaşmaklaryna, halkara tälimçiler maslahatlaryna gatnaşmaga şert döreder.

Ýurduň ähli sebitlerinde, şol sanda etraplaryň merkezlerinde gimnastikanyň bölümlerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Eýýäm federasiýanyň ýolbaşçylygynda sport gimnastikasy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Türkmenabatda maý aýynda geçirilen bu bäsleşige 60 töweregi türgen gatnaşdy. Türgenler 5 normatiw toparda çempion diýen at ugrunda bäsleşdiler. Häzir türkmen gimnastikaçylary ýene-de bir jogapkärli bäsleşige taýýarlyk görýärler. Şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyrky günlerinde Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçiriler. Oňa ýurduň iň gowy türgenleri gatnaşarlar.

Türkmen gimnastikaçylaryna Aşgabatda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek sport oýunlaryna (onda gimnastikanyň üç ugrunyň ählisi hem bolar) häzirden güýçli taýýarlyk görmekleri gerek.