Ï Erkin göreşe berlen ýigit
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Erkin göreşe berlen ýigit

view-icon 2271
16 ýaşly sport ussatlyga kandidat Döwlet Orazgylyjow ýakynda geçirilen “Aziýanyň çagalary”atly halkara sport oýunlarynda bürünç medalyna mynasyp bolmagy başardy.

“Aziýanyň çagalary”atly halkara sport oýunlary edil klassiki Olimpiada ýaly dört ýylda bir gezek geçirilip, Halkara Olimpiýa komitetiniň başlangyjy bilen geçirilýär. Bu sport çäreleriniň ikisi hem biri-birinden aýra bolmadyk çärelerdir. Ilkinji halkara çagalar oýunlary dünýä olimpiýa hereketiniň 100 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. “Aziýanyň çagalary”atly halkara sport oýunlarynyň ilkinjisi 1996-njy ýylda , ýagny birinji tomusky Olimpiadasynyň geçirilmeginiň 100 ýyllygy bellenen ýylynda geçirildi.

Ýakutiýada (Russiýa) ýaşlaryň arasynda geçirilýän bu oýunlar halkara sport arenasynda has meşhur bolup ykrar edilip başlanandan soň, bu oýunlar Aziýadan, Aziýa we Ýuwaş Ummanyň sebitlerinden, Russiýa Federasiýasyndan geljegi bolan sport zehinlerini daşyna ýygnap başlady. Şu ýylky, ýagny hasaby boýunça bäşinji gezek geçirilýän bu oýunlar sportuň 20 görnüşi boýunça çykyş etjek ýaş türgenleriň 3000 golaýyny ýygnady.

Döwlet Orazgylyjow biziň ýurdumyzyň adyndan 58 kg agramly düzümde çykyş etdi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Raşit Rustamowyň okuwçysy dört sany söweş geçirdi. Ilki ol russiýaly türgeni, soň bolsa koreýaly türgeni ýeňmegi başardy. Ýarym finalda Mongoliýanyň wekilinden utulyp, ol bürünç medaly ugrundaky tutluşykda eýranly pälwany ýeňmegi başardy.

Dogrusyny aýdanymyzda Döwlet göreş meýdançasynda ösüp-ulaldy diýip bolýar. Onuň kakasy Öwez Orazgylyjow- erkin göreş boýunça halypa bolup, ol Mary welaýatynyň Garagum etrabynda erkin göreş boýunça tälimçi. Döwlet Aşgabatdaky “Olimp” sport mekdebine okuwa girip, ýaşlar milli ýygyndy toparynyň düzüminde bolup, halkara sport arenasyna açylan giň mümkinçiliklerine güýçli taýýarlyk görüp başlady. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi we ýygyndy toparyň tälimçisi Raşit Rustamow öz okuwçysyny göreş zalynda köplenç galyp, ýene-de daşyndan köp wagtlap türgenleşýäni üçin hakykatdan-da ony zaldan kowmaly bolýady diýen ýalydy. Oňa “Erkin göreşe berlen ýigit’” diýip at hem goýdular.

Häzirki wagtda Döwlet Orazgylyjow 19-23-nji awgust aralygynda Azerbeýjanyň Baku şäherinde ýaşlaryň arasynda geçiriljek dünýäniň çempionatyna taýýarlyk görýär. Onuň bilen bile türkmen türgenleri- aşgabatly Kerim Hojakow hem-de lebabyň erkin göreş mekdebiniň tälimçisi Elnur Açilow hem ilkinjilik almaklyk üçin çempionata gatnaşarlar.