Ï Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk hem-de medeniýet toplumlaryny ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk hem-de medeniýet toplumlaryny ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirdi

view-icon 1486
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk hem-de medeniýet toplumlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri we bu möhüm ulgamlaryň öňünde durýan derwaýys wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa söz berdi. Ol häzirki döwürde ministrligiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň barşy, täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde ýokary we ýörite hünärment okuw mekdeplerine talyplaryň kabul edilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 5766 talyp, orta hünärment okuw mekdeplerine bolsa 5765 talyp kabul ediler. Türkmen talyplaryny daşary ýurtlaryň, şol sanda Hytaýyň, Russiýanyň, Belarusyň, Rumyniýanyň, Malaýziýanyň okuw mekdeplerine ugratmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar.

Bilim ministri şeýle hem ýurdumyzyň mekdeplerinde we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, okuw-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Olar häzirki zaman enjamlary we esbaplary bilen üpjün edilýär, şeýle hem zerur bolan abatlaýyş işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen döwletini hemmetaraplaýyn ösdürmekde bilim ulgamyny kämilleşdirmäge möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Munuň üçin bu ulgamy halkara ölçeglerine laýyk getirmek üçin zerur işleri geçirmek möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ähli ulgamlaryň we pudaklaryň işgärlerinden örän ýokary hünär ussatlygyny, ylmy kuwwatymyzy yzygiderli artdyrmagy, ösen aň-düşünjeli we giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmegi, döredijilik ukyply, ylmyň we tehnikanyň ähli gazananlaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamagy we terbiýeläp ýetişdirmegi talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny, şol sanda akademiki we ýokary bilimi, orta hünär bilim edaralaryny we umumybilim berýän mekdepleri özgertmek kararyna gelnendigini belläp, emma, gynansak-da, bu özgertmeleriň häzirki döwürde haýal alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz mekdepleri okuw kitaplary bilen üpjün etmek meselesine geçip, bilim ministrine ýurdumyzyň mekdepleriniň özümizde çykarylýan ýokary hilli okuw kitaplaryna we gollanmalara bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin zerur bolan çäreleri görmegi tabşyrdy. Milletiň Lideri şeýle hem okuw-terbiýeçilik edaralarynda abatlaýyş işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy hem-de täze mekdepleriň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz çagalar baglarynda işleri guramak meselesine geçip, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda mekdebe çenli edaralary azyk önümleri bilen üpjün etmek we olary talabalaýyk saklamak meselesini hemişe berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli okuw-terbiýeçilik edaralarynda, şol sanda çagalar baglarynda berk düzgün-nyzamy we arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek esasy talaplaryň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra milletiň Lideri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek meselesine degip geçip, şu ýyl ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň geçirilişine gözegçiligiň güýçlendirilendigini, ähli okuw mekdeplerinde synaglaryň geçirilişiniň wideoýazga alnandygyny aýtdy. Şunuň netijesinde giriş synaglarynyň barşynda käbir düzgün bozmalaryň ýüze çykarylandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna we bilim ministrine ýörite topar döredip, giriş synaglarynyň netijelerini seljermegi hem-de ýol berlen kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzyň orta bilim berýän mekdepleriniň 1-nji synp okuwçylaryna döwlet tarapyndan berilýän kompýuterleri okuwda netijeli ulanmaga degişli anyk tabşyryklary berdi we şunuň bilen baglylykda, okuwçylara kompýuter sowatlylygyny öwretmek işini bu ulgamda degişli tejribesi bolan mugallymlaryň alyp barmalydygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek boýunça degişli ministrligiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler barada aýtdy.

Ilkinji nobatda, häzirki ulanylýan okuw maksatnamalaryny has-da kämilleşdirmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ministre dünýä tejribesinden ugur alyp, geljekde ýurdumyzyň umumybilim edaralarynyň umumy orta bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň möhletini, ýagny, orta mekdeplerde okuwyň möhletini 11-12 ýyla çenli uzaltmak meselesini öwrenmegi we bu barada gysga wagtyň içinde teklipleri bermegi tabşyrdy.

Mugallymlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň hiline hem aýratyn üns berilmelidir diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etmek bilen, aýry-aýry mekdeplerde mugallymlaryň hünär derejesiniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigini aýtdy. Zerur bolan halatynda ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda ýörite okuwlary açyp, başlangyç we orta bilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmek meselesine ýene-de bir gezek seretmek möhümdir diýip, milletiň Lideri aýtdy we ministre bu meseläni öwrenmegi hem-de degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýeçilik işleri bilen baglanyşykly meselä geçip, zehinli çagalary ýüze çykarmagyň, şu maksat bilen, olary kiçi ýaşdan okatmagyň häzirki zaman ölçeglerini we usullaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtady. Mekdebe çenli ýaşdaky çagalary terbiýelemek üçin öz işini oňat bilýän, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek bilen birlikde, bilim ulgamyna häzirki zaman innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Döwrebap bilim bermek maksady bilen mekdeplerde Internetiň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak, Internet ulgamyna birikdirilen orta mekdepleriň sanyny ýyl-ýyldan artdyrmak, şeýle hem elektron okuw kitaplaryny, okuw-usuly gollanmalaryny döretmek boýunça zerur işleri geçirmek, ýokary okuw mekdeplerinde bar bolan ylmy-barlag merkezleriniň işini talaba laýyk gurap, bu merkezleriň alyp barýan işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak möhümdir diýip, milletiň Lideri aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa berk käýinç yglan etdi.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasow şu ministrligiň işiniň netijeleri barada aýdan mahalynda, gözegçilik edýän pudagyny döwrebaplaşdyrmak, bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we lukmançylyk işgärleriniň hünär taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda ýurdumyzyň bejeriş-şypahana ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda türkmenistanlylaryň müňlerçesiniň has kämil enjamlar bilen üpjün edilen sagaldyş merkezleriniň hyzmatlaryndan peýdalanandygy bellenildi.

Şeýle hem ministr Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek hem-de şunuň bilen baglylykda, lukmançylyga degişli möhüm desgalaryň birnäçesini gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri we möhüm ähmiýetli wezipe bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygy barada yzygiderli alada etmek Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iň möhüm wezipeleriniň biridir. Milletiň Lideri häzirki wagtda saglyk merkezlerini, ýokary we orta hünärment mekdeplerini gurmakda Türkmenistanyň dünýäniň köp ýurtlaryndan ep-esli öňde barýandygyny belledi. Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin köp möçberdäki serişdeler goýberilýär.

Döwdet Baştutany sözüni dowam edip, Türkmenistanyň dünýäniň birnäçe döwletleri, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we beýleki guramalary bilen saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan hyzmatdaşlygyň geriminiň ýylsaýyn giňeldilýändigini aýtdy. Häzirki döwürde biziň esasy wezipämiz halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň raýatlarymyzyň ählisi üçin elýeterli bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ministrligiň garamagyndaky saglygy goraýyş edaralarynda tertip-düzgüni berkitmek, arassaçylyk boýunça belllenilen kadalary, şu ulgamyň öňünde durýan wezipeleri göwnejaý berjaý etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany häzirki wagtda ministrligiň işinde birnäçe kemçilikleriň bardygyny belledi. Saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmak, aýratyn-da bu işi oba ýerlerinde çalt depginder bilen amala aşyrmak, şeýle hem her bir raýata onuň saglyk ýagdaýy barada elektron resminama bermek we ähli maglumatlary kompýuterlerde saklamak barada berlen tabşyryk haýal ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda bar bolan mineral suwlary, dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen, keselleri bejermegiň täze usullaryny ulanmak boýunça ylmy barlaglary geçirmek, şeýle hem köp asyrlyk tejribäni we häzirki zaman usullaryny ulanmagy utgaşdyrmak arkaly keselleriň öňüni almak barada berlen tabşyryk hem talabalaýyk ýerine ýetirilmeýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrligiň öňünde durýan birnäçe möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekip, ilkinji nobatda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeli dowam etdirilmelidigini, şeýle hem kesellerň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça alnyp barylýan işlere dünýäniň lukmançylyk tejribesinde gazanylan täze usullaryň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany ýokary derejeli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak meselesine aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Şeýle hem saglyk ulgamynda raýatlaryň saglygy hakynda ýöredilýän depderçeleriň elektron ulgamyna geçirilmegini dowam etmeli. Şunuň bilen birlikde milletiň Lideri ýurdumyzda ýerli çig mallardan ýokary hilli derman we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň öndürilişiniň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistada derman senagatyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we “Türkmenistanda derman senagatyny ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2011-2015-nji ýyllar üçin Meýilnamasyna” laýyklykda desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurulmagynyn berk gözegsilikde saklanmalydygyny aýtdy. Şeýle hem milletiň Lideri saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ykdysady birligi bolup durýan döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşynyň gerimini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti G.Elýasowa ýüzlenip, aýdylanlardan degerli netije çykaryp, saglygy goraýyş ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini berk tabşyrdy.

Soňra hasabat bermek üçin Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy F.Arjanowa söz berildi, ol milli syýahatçylygy we sporty kämilleşdirmek we ösdürmek, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleiýn meşgullanmaga çekmek,şeýle hem ýurdumyzyň sport babatdaky at-abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ýurdumyzda sporty ösdürmek biziň alyp barýan syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Häzirki döwürde sport biziň durmumyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaşlaryň köpüsiniň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda Türkmenistanda, şol sanda welaýatlarda adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy, şeýle hem halkara derejeli türgenleri taýýarlamak üçin ýeterlik we göwnejaý şertler, häzirki zaman sport binýady bar.

Bulardan başga-da, türkmen paýtagtynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän Olimpiýa desgalary gurulýar, munuň üçin ep-esli möçberde serişdeler goýberildi.

Emma muňa garamazdan, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň işinde köp sanly kemçilikleriň bardygyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeläp bilmeýändigini aýtdy. Muňa mysal hökmünde btziň türgenlerimiziň ýakynda geçirilen Tomusky Olipiýa oýunlaryndaky çykyşyny görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň 23 adamdan ybarat bolan sport wekiliýeti şu ýylyň 27-nji iýuly—12-nji awgusty aralygynda Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde geçirilen ХХХ Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy.

Türgenlerimize Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmek we öňdäki orunlary eýelemek üçin ähli oňyn şertleriň we giň mümkinçilikleriň döredilendigine garamazdan, olar pes netije görkezip, baýrakly orunlary eýeläp bilmediler. Bu bolsa türgenleri taýýarlamaga ýeterlik üns berilmeýändigini, halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmekde guramaçylyk işleriniň pes derejede alnyp barlandygyny görkezýär.

Döwlet Baştutany F.Arjanowa ýüzlenip, şu wagta çenli ýurdumyzda sporty häzirki döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek we bu ugurda ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak bilen bagly ýekeje-de teklibiň gelip gowuşmandygyny aýtdy. Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetine berlen tabşyryklar hem talaba laýyk ýerine ýetirilmeýär.

Ýurdumyzda sportuň häzirki ösen görnüşleri bilen bir hatarda, awtomobil we welosiped sporty, ýaýdan ok atmak, gylyçlaşmak, sportuň suwdaky görnüşleri, küreklemek hem-de sportuň beýlekki olimpiaý we halkara görnüşlerini ösdürmek boýunça berlen tabşyryk haýal ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Mary we Balkan welaýatlarynda agyr atletika boýunça häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sport mekdeplerini gurmak barada tabşyryk berilse-de, bu tabşyryk talaba laýyk ýerine ýetirilmeýär.

Şeýle hem 2017-nji ýylda ýurdumyzda ýapyk binalarda geçiriljek Aziýa oýunlarynda türgenlerimiziň sportuň ähli görnüşerinde ýeňişli orunlara mynasyp bolmagy üçin häzirden gowy taýýarlyk görmek barada berlen tabşyryk haýal ýerine ýetirilýär.

Bulardan başga-da, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan maýa goýumlary talaba laýyk özleşdirilmeýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda 69 milion manat mçöberde düýpli maýa goýumlary özleşdirilip, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36 göterim peselipdir.

Şeýlelikde, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň işinde köp sanly kemçiliklere ýol berlipdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti F.Arjanowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşadyp, degişli resminama gol çekdi.

Aýdylanlary jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň öz üstüne ýüklenen wezipeleri talaba laýyk ýerine ýetirip bilmeýändigini belläp, bu komiteti ýapyp, onuň binýadynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetini döretmek barada karara gelendigini aýtdy we degişli Permana gol çekdi.

Milletiň Lideri täze döredilen Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine B.Orazowy belledi.

Döwlet Baştutany şu edaranyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, Sport baradaky döwlet komitetiniň ilkinji nobatda türgenlerimiziň uly halkara ýaryşlarynda ýokary görkezijileri gazanmagy üçin zerur işleri geçirmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutany şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda sporty ösdürmek meselesine bagyşlanyp, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze binasynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde bellenip geçişim ýaly, ýaş zehinli we geljegi uly türgenleri ýüze çykarmak we saýlap-seçip almak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti sport mekdeplerine zehinli ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin seçilip alynmagyna we taýýarlanmagyna aýratyn üns berilmelidigini hem-de sportuň olimpiýa we beýlkki görnüşleri boýunça ýokary derejeli ussat türgenleriň taýýarlanmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutany şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda sportuň häzirki ösen görnüşleri bilen bir hatarda, awtomobil we welosiped sporty, ýaýdan ok atmak, gylyçlaşmak, sportuň suwdaky görnüşleri, küreklmek hem-de sportuň beýleki Olimpiýa we halkara görnüşlerinr ösdürmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen desgalary hem-de Türkmenistanyň Ýokary ussatlyk sport mekdebiniň binasyny gurmaly diýip aýtdy. Daşoguz, Mary we Balkan welaýatlarynda agyr atletika boýunça häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sport mekdeplerini gurmaly, Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen häzirki zaman küşt we şaşka mekdebini gurmaly. Welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde ýeňil atletika, welosiped sporty boýunça ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen desgalary gurmaly.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti tälimçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň daşary ýurtlaryň ýokary derejeli sport merkezlerinde okadylmagyny we taýýarlanmagyny ýola goýmaly diýip belledi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlary bilen işlemek hem-de olary ýaryşlara taýýarlamak üçin dünýäde belli, tejribeli sport hünärmenlerini şertnamalaýyn esasda işe çagyrmaly.

Döwlet Baştutany ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek hem-de tomaşaçylaryň sport ýaryşlaryna höwesini artdyrmak maksady bilen, sport ulgamyna täze, häzirki döwürde ulanylýan iň kämil usullary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyryp, geçirilýän sport ýaryşlarynyň gyzykly we täsirli bolmagyny gazanmaly diýip aýtdy. Şeýle hem ýaşlaryň welosiped sporty, küreklemek, hokkeý, buzuň üstünde typmak, atçylyk sporty bilen meşgullanmak babatdaky höwesini artdyrmak üçin, sportuň täze görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny yzygiderli geçirmek maksada laýyk bolar.

Şeýlelikde, Döwlet sport komitetiniň öňünde köpçülikleýin bedenterbiýäni we Olimpiýa hereketini ösdürmek, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, raýatlary sport we işjeň dynç alyş bilen meşgullanmaga giňden çekmek wezipeleri goýuldy. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri boýunça gurlan, häzirki zaman tehniki we sport enjamlary bilen üpjün edilen täze sport desgalaryny netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermek, türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda, şol sanda V Aziýa oýunlarynda we beýleki halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara eýe bolmaklaryny gazanmak zerurdyr diýip nygtady.

Bulardan başgada, milli ýygyndy toparlarymyz üçin, şol sanda Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna giirýän görnüşleri boýunça çykyş etjek türgenlerimiz üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, okuw türgenleşik desgalary we ylmy barlaghanalary bolan Olimpiýa taýýarlyk merkezini gurmak gerek diýip, milletiň Lideri aýtdy. Aşgabat şäheriniň Orta Aziýa sebitinde ilkinji bolup, bu Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanandygy bellärliklidir.

Mälim bolşy ýaly, 2010-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda Olimpiýa şäherjiginiň düýbi tutuldy. Bu köp ugurly sport toplumyna 30-dan gowrak sport desgasy, şol sanda paralimpiýa toplumy we saglygy dikeldiş merkezi girýär. Bu taslamanyň birinji tapgyryny amala aşyrmak üçin 2 milliard amerikan dollaryna golaý serişde sarp ediler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Aziýa oýunlary barada aýdylanda bolsa, onuň maksatnamasyna laýyklykda ýeňil we agyr atletika, basketbol, woleýbol, gandbol, kiçi futbol, erkin we klassyky göreş, dzýudo, teýkwando, milli göreş, tennis we stoluň üstünde oýnalýan tennis, gimnastika, welesiped sporty (trek) hem-de sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler.

Mundan başgada, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan ýapyk binalarda geçiriljek Aziýa oýunlarynda Olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna girmeýän sport ýaryşlary hem geçiriler. Aziýa oýunlarynda kibersport, sportuň adaty bolmadyk görnüşleri, aerobika, ýeňil atletikanyň ýapyk binalarda geçirilýän görnüşleri, sport tanslary, ýapyk binalarda oýnalýan futbol (futzal), hokkeý, suwda ýüzmek, billiard, bouling, küşt, welosiped sporty ýaly görnüşleri we sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem ýaryşlar geçiriler diýip, milletiň Lideri nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Orazowa ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça Aziýanyň çempionaty derejesinde halkara ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlyk görmegi we bu ýaryşlary ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi, bar bolan sport binýadyny bu ýaryşlary geçirmäge doly taýýarlamak üçin häzirden guramaçylyk işlerine başlamagy, şeýle hem täze gurulýan ähli sport desgalaryny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek meselesine geçip, bu wezipäniň hem biziň ýurdumyz üçin örän möhüm bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda syýahatylyk zolagyny ösdürmek bilen meşgullanýan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky komiteti ýapyp, onuň binýadynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini döretmek barada kabul eden çözgüdi barada habar berdi we degişli Permana gol çekdi. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky komiteti täze döredilen edaranyň düzümine özbaşdak müdirlik derejesinde girer.

Hormatly Prezidentimiz Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň mejlisiniň geçirilendigini, şonda P.Taganowy Söwda-senagat edarasynyň başlygy, söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşatmak, şeýle hem bu wezipelere M.Şaliýewe saýlamak barada bu edaranyň müdiriýetiniň degişli kararlary kabul edendigini belläp, P.Taganowyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinde boşatmak hem-de bu wezipelere M.Şaliýewi saýlamak hakyndaky müdiriýetiň kabul eden kararlaryny tassyklaýandygyny aýtdy we M.Şaliýewe başga işe geçmegi sebäpli, ykdysadyýet we ösüş ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen P.Taganow täze döredilen Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi.

Milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe ýüzlenip we täze döredilen Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäherinde ýerleşdirilmelidigini belläp, bu Komiteti haýsy binada ýerleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny öwrenmegi we gysga wagtyň içinde teklip bermegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Baştutany täze döredilen Syýahatçlyk baradaky döwlet komitetiniň öňünde duran wezipeler barada aýdyp, syýahatçylyk pudagynyň esasy girdejili ugry bolup durýan halkara syýahatçylygyny ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmak üçin täze syýahatçylyk ugurlaryny açmak, şeýle hem syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri syýahatçylyk ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy has-da kämilleşdirmegiň, bu ulgamda netijeli mahabatlandyrma işlerini yzygiderli alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.

Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri öwrenmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalar toplumyny dolandyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ünç bermek, ýurdumyzda gurulýan myhmanhanalary halkara ülňülerine laýyklykda dolanldyrmak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Köýtendagyň täsin tebigatyny, goraghananyň beýleki tebigy ýadygärliklerini Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir. Köýtendagyň täsin tebigatly ýerlerini abadanlaşdyrmak hem-de syýahatçylar üçin oňyn şertleri döretmek maksady bilen, myhmanhanalary gurmak we beýleki hyzmat ediş ulgamlaryny döretmek boýunça ýörite bäsleşik geçirmek gerek. Bu ýerde syýahatçylyk işini talaba laýyk ýola goýmak, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we bu ulgamda alnyp barylýan işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramak üçin ähli zerur çäreleri görmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Soňra hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa söz berildi, ol öz garamagyndaky edaralaryň işi barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyndaky resminamalaryň aýawly saklanmagyny, hasaba alynmagyny we ulanylmagyny üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň arhiw edaralary tarapyndan toplumlaýyn işleriň geçirilendigi bellenildi. Pudak edaralaryna degişli arhiwlerdäki resminamalary ylmy-tehniki taýdan işläp taýýarlamak hem-de olary saklamak üçin döwlet arhiwlerine tabşyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Merkezi we welaýatlardaky arhuwleriň işgärleri ministrlikleriň, edaralaryň we kärhanalaryň arhiw gulluklaryna işleriň dolandyrylmagyny guramak, resminamalary ylmy-tehniki taýdan işläp taýýarlamak we saklamak bilen bagly meseleler boýunça usuly we amaly taýdan kömek berýärler. Arhiw işgärleriniň hünär taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar yzygiderli guralýar.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ugurly we netijeli işlerini, şeýle hem ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleri amala aşyrmagyň barşynda gazanylýan sazlaşykly ösüş depginlerini, özgertmelere degişli başlangyçlaryň çuňňurlygyny we täzeçilligini, döwlet Baştutanynyň ýöredýän syýasatynyň ösüşe gönükdirilendigini we ynsanperwerlige mahsus mazmunyny beýan edýän dokumental we arhiw materiallary esasynda neşirleri çap etmek üçin taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň arhiwleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny we döwrebaplaşdyrylmagyny, olaryň işine dünýä tejribesinde ulanylýan täze usullaryň, innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň öňünde durýan has möhüm ähmiýetli wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Milletiň Lideri arhiwlerde saklanýan ýazgylaryň, resminamalaryň we beýleki gymmatlyklaryň milli baýlygymyzyň örän möhüm bölegi bolup, halkymyzyň taryhydygyny belledi.

Ýurdumyzda arhiw işini kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet, syýasy-jemgyýetçilik işiniň ähli ugurlaryny beýan edýän resminamalaýyn mirasynyň toplanmagyny, hasaba alynmagyny, peýdalanylmagyny we abat saklanmagyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutany “Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwini döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwinyň başlygy wezipesine M.Mollaýewany bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe ýüzlenip, bu arhiwi Döwlet daşary ykdysady aragatnaşyklar bankynyň ozalky jaýynda ýerleşdirmegi hem-de onuň işini göwnejaý ýola goýmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Mezilowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda eden çykyşynda ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmek, türkmen döwletiniň ylmy-tehniki ösüşini çaltlandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri jähtinden Türkmenistanyň ylym edaralary tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, şu maslahatda kabul edilen möhüm kararlar milli Liderimiziň ylym ulgamyny ösdürmäge uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Olaryň hatarynda türkmen paýtagtynda ylmy-barlag edaralaryny we okuw mekdeplerini, beýleki desgalary özüne birleşdirýän ýörite toplumy döretmek baradaky çözgüt, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümine girýän ylmy-barlag institutlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, alymlyk derejeleri we ylmy atlar üçin zähmet haklaryna goşmaça tölegleri girizmek bilen baglanyşykly resminamalar bar.

“Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmegi, akademiýanyň ýanynda dissertasiýa goralýan geňeşleriň döredilmegi, akademiýanyň garamagyndaky institutlaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň halkara derejelerine ýetirilmegi we ylmyň fizika, himiýa, biotehnologiýa, ekologiýa we beýleki ileri tutulýan ugurlary boýunça döwrebap barlaghana enjamlary bilen doly üpjün edilmegi ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda türkmen alymlary tarapyndan Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň guramaçylyk-ykdysady düzümini kämilleşdirmek, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyna geçmek, köpugurly oba hojalyk senagatyny döretmek, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ýokary hasylly gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň sortlaryny döretmek, olary ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyny öwrenmek, miweli agaçlaryň seleksiýasyny dikeltmek, genofonduny baýlaşdyrmak, “Altyn asyr” Türkmen kölüni, onuň iri akaba suwlaryny ulanmagyň ekologiýa kartasyny işläp düzmek ýaly meseleler ylmy esasda öwrenilýär.

Türkmen alymlarynyň täze neslini kemala getirmek üçin döredilen amatly şertleriň netijesinde aspirantura, doktrorantura girmäge höwesek ýaşlaryň sany has hem köpelýär. Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça aspirantlaryň 149-sy, kandidatlyk alymlyk derejesine dalaşgärleriň 678-si, doktorantlaryň 21-si hem-de doktorlyk alymlyk derejesine dalaşgärleriň 127-si hasaba alnyp, olar ylmyň wajyp ugurlary boýunça ylmy işleri alyp barýarlar.

Ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Hususan-da, şu ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramagynda bäş sany halkara maslahat, bir halkara sergi geçirildi. Olaryň ählisi biziň ýurdumyzyň dürli ulgamlara ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda gazanan üstünliklerini aýdyňlyk bilen görkezdi. Mundan başga-da, Köýtendagyň tebigatyny öwrenmek boýunça halkara ylmy ekspedisiýa guraldy.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Ylymlar güni mynasybetli Ylymlar akademiýasynda geçirilen giňişleýin maslahatda ýurdumyzyň ylym ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen ylmyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol maslahatyň barşynda Ylymlar akademiýasynyň öňünde durýan wezipeler, ýakyn geljekde ýerine ýetirilmeli işler anyk kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz muňa garamazdan, bu ugurlaryň birnäçesi boýunça işleriň haýal alnyp barylýandygyny aýtdy.

Soňra kosmos äleminiň bimöçber mümkinçiliklerini özleşdirmek we ony giňden peýdalanmak häzirki döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny hem-de işläp taýýarlamalaryny önümçilige giňden ornaşdyrýan Türkmenistanyň kosmos älemini parahatçylykly ýol bilen peýdalanmak boýunça meýilnamalaryna laýyklykda Hytaýyň kosmos ylmy we tehnikasy korporasiýasy bilen ýurdmyzyň häzirki döwürde döredilýän emeli hemrasyny dolandyrmak boýunça ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagy G.Mezilowa tabşyrdy.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýurdumyzyň ylym edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, bölünip berlen maliýe serişdelerini doly özleşdirmek boýunça anyk çäreleri görmegi, şeýle hem bellenenen kemçilikleri çalt aradan aýyrmagy we Ylymlar akademiýasynyň işini talaba laýyk guramagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowa söz berildi, ol şu okuw mekdebiniň işi barada hasabat berdi. Akademiýadaky okuwyň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, okuw bilen bagly dürli görnüşdäki goşmaça çäreleriň görülýändigi, şol sanda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde möhüm ähmiýetli meseleler boýunça ýörite sapaklaryň geçirilýändigi, okuw maksatnamalaryna täze dersleriň goşulýandygy, okatmak işine ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli mugallymlarynyň, daşary ýurt bilermenleriniň çekilýändigi bellenildi.

Hasabatda akademiýanyň diňleýjileriniň alan bilimleri has netijeli özleşdirmegi üçin Türkmenistanyň Mejlisinde,ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarynda önümçilik tejribesiniň guralýandygy aýdyldy.Okatmagyň barşynda halkara hyzmatdaşlygyna hem möhüm ähmiýet berilýär, hususan-da, Belarusuň we Germaniýanyň iri bilim merkezleri bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. Akademiýanyň mugallymlary hünär taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça daşary ýurtlarda - ABŞ-da, Hytaýda, Bolgariýada guralýan okuwlara gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, döwlet gullukçylaryny täzeden taýýarlamak we olaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak işinde şu akademiýanyň wajyp ähmiýetli orny eýeleýändigini belledi. Döwlet Baştutany şunda döwlet gullukçylaryny taýýarlamak we olaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça işi güýçlendirmegiň zerurdygyny aýdyp, Döwlet gullugy akademiýasynyň rektoryna akademiýanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutany medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamyny ösdürmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna geçdi. Hasabat bermek üçin ilki bilen medeniýet ministri G.Mämmedowa söz berildi.

Ministr şu ýylyň ýedi aýynyň netijeleri barada aýdyp, ilkinji nobatda bilim bermek we wagyz etmek işini, şol sanda halkara derejesindäki dürli çäreleri guramak arkaly döwletiň medeniýet baradaky syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça bu pudak edarasynyň işiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň bu ulgamynda täsirli wakalaryň birnäçesi, şol sanda Türkmenistanyň HHR, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Ukraina, Belarus, Azerbaýjan Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli medeni çäreler bolup geçdi. Şu döwürde Eýran Yslam Respublikasynyň, Belarusuň, Tatarystanyň, Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Awstriýanyň paýtagty Wenada we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde üstünlikli geçirilen Türkmen medeniýetiniň günleri möhüm ähmiýetli wakalara öwrüldi. Galyberse-de, Özbegistanda türkmen kinosynyň günleri geçirildi. 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäherinde “Gadym Merw - dünýä medeniýetiniň ojagy” atly halkara ylmy maslahat hem-de Arkalaşyga goşulýan ýurtlaryň tanymal estrada aýdymçylarynyň konserti guraldy. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary mynasybetli Izmir şäherinde Türkmenistanyň medeniýet ussatlarynyň konserti boldy.

Medeni hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we olaryň hilini ýokarlandyrmak, olaryň ilata elýeterli bolmagyny gowulandyrmak, döredijilik toparlarynyň repertuarlaryny, muzeýleriň we kitaphanalaryň gaznalaryny täzelemek, medeniýet edaralarynyň işini utgaşdyrmak boýunça işler yzygilderli alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet teatrlarynyň 10-sy, döwlet muzeýleriniň 35-si, jemgyeýetçilik kitaphanalarynyň 230-sy, welaýatlarda bolsa medeniýet we döredijilik boýunça öýleriň 667-si hereket edýär. Bularyň işine täze görnüşler we usullar ornaşdyrylýar.

Hususan-da, şol edaralaryň işiniň netijeliligini artdyrmak, işgärleriň hünär taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak welaýatlaryň derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şoňa görä-de, muňa guramaçylyk-usulyýet taýdan kömek bermek üçin ýörite toparlar döredildi. Şol toparlar welaýatlarda iş saparlarynda bolup, medeniýet boýunça alnyp barylýan işleri seljerýärler, şu ulgamdaky işgärler üçin okuw maslahatlaryny guraýarlar we maslahat berýärler.

Häzirki tapgyrda Medeniýet minisrtliginiň işi milletiň Lideriniň aýry-aýry tabşyryklarynda we kararlarynyň birnäçesinde, şeýle hem 2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça kabul edilen hem-de oňaýly medeni ýagdaýy döretmek, her bir şahsyýetiň, halkyň, ýurduň medeni we ruhy dünýäsiniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin wajyp ähmiýete eýe bolan döwlet maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň berjaý edilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, döwletiň, medeniýetiň we jemgyýetiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýtdy. Şoňa görä-de, medeniýetiň ösdürilmegine ýeterlik derejede üns bermek arkaly, döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini gazanyp bolar.

Milletiň Lideri sözüni dowam edip, medeniýet ulgamynyň ösüşine döwlet tarapyndan ep-esli möçberde serişdeleriň gönükdirilýändigini aýtdy. Ýurdumyzda köp sanly medeniýet edaralary - teatrlar, kinokonsert merkezleri, kinoteatrlar, muzeýler, medeniýet köşkleri, kitaphanalar we durmuş-medeni maksatly beýleki desgalar yzygiderli gurulýar. Ylmy-barlag we arheologik işleriň alnyp barylmagyna hem ep-esli möçberde serişdeler bölünip berilýär.Medeniýet işgärleriniň hünär taýdan taýýarlygyna we olaryň hünär ussatlygynyň artdyrylmagyna üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda medeniýete degişli ýagdaýlaryň sazlaşykly ösýändigini belläp, medeniýet boýunça döwlet syýasatynyň maksatlaryna we ileri tutulýan ugurlaryna degişli wajyp meseleleriň birnäçesine şu ulgamyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi. Milletiň Lideri Medeniýet ministrliginiň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň toplumyny kesgitläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň döwletimiziň umumy medeni giňişlige goşýan goşandyna gös-göni bagly bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany şu ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegine we şonuň bilen bagly bolan medeni wakalara degişli mesele barada durup geçdi. Aşgabatda GDA-nyň agzalary bolup durýan döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň VII maslahaty geçiriler. Milletiň Lideri bu barada aýtmak bilen, şol wajyp ähmiýetli halkara çäresiniň geçirilmegine gowy taýýarlyk görülmegini tabşyrdy. Döwlet Baştutany bu maslahatyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini göz öňünde tutup, maslahatyň we şondaky çäreleriň maksatnamasyny öňünden oýlanyşykly taýýarlamagyň, olary many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň, maslahatyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek üçin guramaçylyk işleriniň takyk meýilnamasynyň işlenip düzülmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Ş.Alowow çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýedi aýyndaky işleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe komitet tarapyndan tele hem-de radioýaýlymlary arkaly döwlet we halkara derejesindäki möhüm wakalary günübirin we hemmetaraplaýyn beýan etmek boýunça işleriň amala aşyrylandygy bellenildi Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde uly göwrümli çeper filmleriň birnäçesi, şeýle hem hroniki dokumental-çeper publisistik filmleriň birnäçesi surata düşürildi.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Aziýa Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň doly hukukly agzasy bolmagy milli telewideniýäniň işiniň kämilleşdirilmegine güýçli itergi berdi. Munuň özi “Türkmenistan: sport” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynda futbol boýunça Ýewropanyň çempionatyny we tomusky ХХХ Olimpiýa oýunlaryny göni aragatnaşyk arkaly görkezmäge mümkinçilik döretdi.

Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça Olimpiýa sport toplumy üçin tehniki enjamlar bilen tanyşmak, şeýle hem Olimpiýa oýunlaryny göni aragatnaşyk arkaly görkezmek boýunça toplanan öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherine iş sapary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň ünsüni çekdi. Telewizion gepleşiklerde beýan edilýän meseleleriň ugurlaryny giňeltmek zerurdyr, şolar gyzykly mazmunly bolmalydyr. Şeýle hem welaýatlardaky studiýalaryň işini kämilleşdirmek, olaryň bezelişine has içgin üns bermek zerurdyr. Döwlet Baştutany Aragatnaşyk ministrligi bilen birlikde, sanly telewideniýä geçmek boýunça degişli işleriň geçirilmelidigini aýtdy. Ýurdumyzda has kämil tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilen täze döwrebap we kuwwatly “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi guruldy. Munuň özi göni aragatnaşyk arkaly berilýän gepleşikleriň hiline oňyn täsrini ýetirmelidir. Milletiň Lideri meselem, “Türkmenistanyň sport” teleýaýlymynda uly halkara ýaryşlarynyň göni ýaýlym arkaly görkezilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany kinematografiýa ulgamyndaky wezipeler barada aýtmak bilen, ýokary hilli çeper, dokumental ylmy-populýar filmleriň has köp düşürilmelidigini belledi. Şunda ýaýlymy berilýän tele we radio gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmak, şu ulgamda amala aşyrylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglydykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tele we radio ýaýlymlaryň işgärleriniň hünär taýdan taýýarlyk derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap etdi.

Milletiň Lideri Ş.Alowowa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmek boýunça maksada okgunly işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hasabat bermek üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy G.Nurgeldiýewa söz berildi.

Ol özüne ynanylan düzümde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hakynda hasabat bermek bilen, 2012-nji ýylyň ýedi aýynda 27 görnüşli gazetiň 81 million 136 müň, 20 žurnalyň bolsa 2 million 976 müň nusgasynyň çap edilendigini aýtdy. Şeýle hem ol 2012-nji ýylda ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda meýilleşdirilen 169 görnüşdäki kitabyň häzirki döwre çenli 72-siniň 1 million 920 müň 700 nusgada neşir edilendigini barada habar berdi.

Neşirleriň öz wagtynda ýaýradylmagy, şol sanda ýurdumyzyň kitaphanalarynyň, mekdepleriniň olar bilen yzygiderli üpjün edilmegi neşirýat gullugynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gullugyň düzümine girýän “Galkynyş” kitap merkezi tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri 34 görnüşli kitaplaryň 135 müň 700 nusgasy 2 müň 557 kitaphana iberildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň täze neşir edilen 3-nji we 4-nji jiltleri, “Milli Lider”, “Türkmenistan – sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy”, “Watanyň wepaly ogly. Mälikguly Berdimuhamedowyň tutuş ömrüniň işi” we beýlekiler iň bir köp isleg bildirilýän kitaplaryň hatarynda görkezildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp neşir edilen “Türkmenistan”, “Aşgabat-söýgüniň we umytlaryň şäheri”, şeýle hem “Owazly tolkunlaryň mekany” atly kitaplar çap edildi diýip, G.Nurgeldiýewa aýtdy.

Şeýle hem Döwlet neşirýat gullugy türkmen nusgawy edebiýatynyň we häzirki zaman şahyrlaryň eserleriniň ýygyndylaryny neşir etmäge girişdi. Şeýlelikde, Döwletmämmet Azadynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Jelaletdin Rumynyň, Omar Haýýamyň, Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Baýram hanyň hem-de Saadynyň eserler ýygyndylary, şeýle hem “Görogly” eposy çap edilen eserleriň üstüni ýetirdi. Häzirki wagtda “Gorkut ata” hem-de “Oguznama” eposlary neşire taýýarlanylýar.

Biziň ýurdumyzyň taryhy we medeni mirasy hakynda gürrüň berýän kitaplar toplumynyň üstüni “Margiana-Merw-Mary. Murgap derýasynyň kenarlaryndaky müňýyllyklardan aşan medeniýet”, “Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy” ýaly neşirler ýetirdi. Ýakyn wagtda Dehistandaky we Nusaýdaky taryhy ýadygärlikler hakyndaky kitaplar neşir ediler.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, neşirýat gullugy tarapyndan täze “Türkmen halk sazlary” we “Daňatar Öwezow” ýaly notalar ýygyndylary çap edildi. Ýakyn wagtda Nury Halmämmedowyň hem-de Weli Muhadowyň eserler ýygyndylary neşir ediler diýip, ol sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, neşirýat gullugynyň işinde belli bir öňegidişligiň bardygyny belledi we soňky döwürde ýokary hilli kitaplaryň, fotoalbomlaryň çap edilýändigini aýtdy. Halkara derejesinde geçirilýän sergilere gatnaşmak gullugyň hünärmenlerine pudak boýunça täze tehnologiýalary we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz gulluga berilýän tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine degişli meselelere aýratyn üns berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, neşirýat gullugynyň sazlaşykly işini ýola goýmak üçin täze Metbugat merkeziniň gurluşygyny çaltlandyrmaly. Täze Metbugat merkeziniň has kuwwatly bolmagyny göz öňünde tutmaly, şoňa laýyklykda, biziň ýurdumyzda neşirýat we kitap önümçiliginiň möçberleri has-da artar, çap edilýän ähli önümler bolsa ýokary hilli bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz G.Nurgeldiýewa Bilim ministrligi bilen bilelikde okuw kitaplarynyň mazmunyny we bezeg işlerini ara alyp maslahatlaşmagy we olaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi, şeýle hem welaýat çaphanalaryna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Metbugat merkeziniň işini döwrebaplaşdyrmak babatda birnäçe görkezmeleri bermek bilen, milli Liderimiz çaphana hyzmatlarynyň görnüşiniň artdyrylmalydygyny aýtdy. Ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallary ýokary hilli neşir edip, olaryň okyjylara öz wagtynda ýetirilmegi üçin yzygiderli iş alyp barmaly diýip aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň neşirýat gullugynyň işiniň täze derejelere çykarylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmen döwlet habarlar gullugynyň başlygy B.Amansaryýew şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, TDH öz işinde türkmen döwletiniň Baştutanynyň habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerinden we beren görkezmelerinden hem-de maslahatlaryndan ugur alyp, gazetlerdäki we žurnallardaky, teleradioýaýlymlardaky kärdeşleri bilen bilelikde täze taryhy eýýama – berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne döredijilik taýdan mynasyp aň ýetirmek üçin ähli tagallalary edýär.

Habar berlişi ýaly, şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda Türkmen döwlet habarlar gullugy ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerine, şeýle hem Internet neşirlerine habarlary ugratmak, döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça habarlary taýýarlamak, döwletimiziň içindäki, sebitleýin we halkara häsiýetindäki jemgyýetçilik-syýasy we beýleki wakalary beýan etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça iş alyp bardy. Mysal üçin, hasabat döwründe habar beriş serişdelerine habarlary ibermegiň meýilnamasy 135 göterime golaý berjaý edildi.

Mundan başga-da, hasabat döwründe TDH-niň işgärleri tarapyndan ýurdumyzyň merkezi gazetlerinde neşir etmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna, Ukraina, Belarus Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna we onuň düzümine girýän Tatarystan Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Braziliýa Federatiw Respublikasyna bolan saparlarynyň ägirt uly syýasy ähmiýetine bagyşlanan giň göwrümli makalalary, habarlary taýýarlanyldy. Makalalaryň bir toplumy 2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmegine bagyşlandy. BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynyň öňüsyrasynda “Hemişe gök öwüsýän dünýä – müňýyllygyň ileri tutýan maksatlary” diýen umumy at bilen makalalaryň tapgyry çap edildi.

TDH-niň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm täzelikler dessine CNN, BBC, ITAR-TASS, Sinhua, Frans-Press ýaly dünýä belli habar beriş serişdeleriniň habarlar saýtyna iberilýär.

Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleriň hünärini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça habar beriş serişdelerine bildirýän talaplaryna laýyklykda, TDH-niň işini kämilleşdirmek babatda görülýän çäreler barada hem habar berildi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, taýýarlanan materiallaryň gazetlere we žurnallara öz wagtynda iberilmegini üpjün etmek maksady bilen, gullugyň işini sazlaşykly guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet habarlar gullugynyň öňünde möhüm wezipeleriň ençemesiniň durýandygynyň nygtap, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak arkaly onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we netijelliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz habar beriş serişdeleri ulgamynda dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini amala aşyrylýan işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynyň möhüm wakalary boýunça syn beriş-seljeriş makalalaryny yzygiderli taýýarlamagyň zerurdygyny belläp, Ulgam giňişliginde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny giňden wagyz etmek maksady bilen Internetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maglumatlaryň ähli görnüşlerini ýygnamak we ulanmak üçin halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ähmiýetini belläp, TDH-niň ýolbaşçylaryna daşary ýurtlaryň habar beriş gulluklarynyň oňyn tejribesini öwrenmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetde we syýasatda gazanýan üstünlikleriniň gazetleriň we žurnallaryň sahypalarynda ýokary ussatlyk bilen beýan edilmelidigini nygtap, metbugat ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy Ý.Ýazlyýew şu ýylyň ýedi aýynda geçirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şonda komitetiň işiniň 2010-njy ýylyň 19-njy awgustynda geçirilen maslahatda döwlet Baştutany tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine gönükdirilendigi bellenildi. Komitetiň iş meýilnamasyna laýyklykda işgärleriň hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça degerli çäreler görülýär. Hususan-da, okuwlar we amaly maslahatlar guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, işgärleriň hünär ussatlygyny artdyrmak boýunça işleriň geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ý.Ýazlyýewe ýüzlenip, komitetiň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýmagy berk tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň barşynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk hem-de medeniýet ulgamlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam etjek möhüm meseleleriň giň toplumyna garalandygyny, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň derwaýys meselelerini üstünlikli çözmekde birnäçe wajyp ugurlaryň kesgitlenendigini nygtamak bilen, şol gaýragoýulmasyz wezipeleri amala aşyrmak üçin degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň zerurdygyny belledi. Şu maksat bilen hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň deputatlarynyň bu wezipelerden gelip çykýan teklipleri jikme-jik we hemmetaraplaýyn öwrenmelidiklerine hem-de zerur bolan kanunçylyk namalarynyň taýýarlanylmalydygyna Mejlisiň Başlygynyň ünsüni çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz maslahatda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylaryna berlen tabşyryklaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegine berk gözegçilik etmek barada Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz çykyşlary jemläp, şu günki maslahata gatnaşan düzümleriň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belledi we maslahata gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.