Ata Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalar ulanmaga berilýär hem-de bular berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şu gün binalary ulanmaga bermek dabarasy Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň dolandyryş merkezinde geçirildi.
Bu ýerde 1,5 müň tomaşaçy üçin niýetlenen stadionly täze sport desgasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu durmuş maksatly desganyň umumy meýdany 7 gektara barabardyr we ol obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde “Han gala” hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan guruldy.
Ýeri gelende aýtsak, täze sport desgasy etrap merkezindäki şunuň ýaly desgalaryň sanawynyň üstüni ýetirdi. Geçen ýylda bu ýerde stadionly şuňa meňzeş toplum we 365 orunlyk sport mekdebi ulanmaga berildi. Ýakyn geljekde “Han gala” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurulýan 350 orunlyk ýene-de bir sport mekdebi, şol sanawa goşular.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sport desgalarynyň düzüminiň batly depginler bilen döredilmegi ýurdumyzyň ýolbaşçylygynyň sport hereketini ösdürmek üçin göwnejaý şertleriň döredilmegine uly üns berýändigini aýdyň görkezýän mysaldyr. Türkmenistanda durmuşa gönükdirilip ýöredilýän syýasatyň möhüm ähmiýetli wezipelerini berjaý etmek bilen baglylykda, 16-njy awgustda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we medeniýet ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli möhüm meseleler boýunça geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty öslürmek, şeýle hem halkara derejeli türgenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertleriň we döwrebap sport desgalarynyň bardygyny belledi.
Döwlet Baştutanynyň Permany esasynda döredilen Sport baradaky döwlet komitetiniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler hakynda aýdanda, milletiň Lideri bedenterbiýe-köpçülikleýin we olimpiýa hereketini has batly depginler bilen ösdürmegiň, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmegiň we ornaşdyrmagyň, raýatlary sport bilen meşgullanmaga we işjeň dynç almaga çekmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow has döwrebap tehniki serişdeler we sport enjamlary bilen üpjün edilen täze sport desgalaryndan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Şu gün täze binanyň açylyş dabarasyna gatnaşan welaýat we etrap häkimlikleriniň, sport we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar öz çykyşlarynda täze stadionda geçiriljek ýaryşlaryň milletiň Lideriniň şol görkezmeleriniň göwnejaý berjaý edilýändigini görkezýän mysala öwrülmelidigini belledi. Täze sport desgasynyň açylyşy baýramçylyga mahsus ýagdaýda geçdi, şonda aýdym-sazlar ýaňlandy we türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy. Işde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Täze bina köp ugurly toplum bolup durýar, bu ýerde dürli sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmek we dürli bölümlerde türgenleşmek üçin oňaýly mümkinçilikler bar. Toplumda stadiondan başga-da, tennis, woleýbol, minnfutbol, basketbol oýnamak üçin üsti açyk meýdançalar, ýylylyk, suw we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edýän tehniki maksatly jaýlar, awtoulaglar üçin niýetlenen duralga bar.
Stadiondaky münberleriň aşagyndaky jaýlarda kiçeňräk myhmanhana, lukmançylyk otagy, eminler üçin otag, okuw-usuly otaga, suw düşülýän ýerler we beýleki hojalyk jaýlary ýerleşýär. Täze binanyň esasy bölümlerini bezemekde gurluşykçylar has berk granit örtüklerini, şeýle hem bezeg üçin niýetlenen beýleki döwrebap gurluşyk materiallaryny ulandylar. Desganyň daş-töweregi ýerli ýaşaýjylaryň dynç alýan ýerine öwrüler, bu ýerde abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler göwnejaý geçirilipdir, bu ýerde yşyklandyryş boýunça döwrebap ulgamy, iki sany uly suw çüwdürimleri, gök zolaklar, owadan çyralar we bezelen oturgyçlar bar.
Bu şanly waka mynasybetli, ata Watanymyzyň rowaçlygyna we hatyrasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna baýramçylyk sadakasy berildi.