Ï Türkmen türgenleriniň üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleriniň üstünligi

view-icon 762
Ýakynda Fransiýanyň Lill şäherinde geçirilen Bütindünýä II intellektual sport oýunlarynda türkmen türgenleri kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Halkara grossmeýsteri Amangül Berdiýewa bu iri ýaryşyň wise-çempiony boldy, Bäşim Durdyýew bolsa hormat sekisiniň üçünji basgançagyna çykdy, oňa bürünç medaldan başga-da, ýokary adyň—halkara grossmeýsteriniň talaplaryny ýerine ýetirendigini tassyklaýan güwänama gowşuryldy.

Bütindünýä intellektual oýunlary nusgawy Olimpiýa oýunlary ýaly, 4 ýylda bir gezek geçirilýär. Bu oýunlary Halkara intellektual sport assosiasiýasy guraýar, oňa sportuň esasy intellektual görnüşleriniň bäşisi-şaşka, küşt, go ýapon oýny, hytaý küşdi we brij boýunça sport guramalarynyň 400-den gowragy girýär. Umuman alnanda, 500 milliona golaý türgen halkara assosiasiýasynyň agzasy bolup durýar.

Bütindünýä intellektual sport oýunlarynyň aýratyn derejesi onuň Halkara olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýändiginden ybaratdyr.

Fransiýada geçirilen ýaryşda medallara mynasyp bolan türkmen türgenleri Türkmenistanyň ýokary ligadaky häzirki çemionlarydyr. Mundan başga hem A.Berdiýewa häzir dünýäniň çempiony adyna eýedir, ol şol ady şu ýylyň dekabrynda gorar. Dekabr aýynyň 1-nden 9-na çenli aralykda Italiýanyň Aosta şäherinde Amangül bilen Erika Rossonyň arasynda dünýä çempiony diýen at ugrunda 20 tapgyrdan ybarat ýaryş bolar. Türkmen türgeninde aýratyn artykmaçlygyň bardygyny belläp geçmeli, ýaryş deňme-deň gutaran ýagdaýynda A.Berdiýewa dünýäniň iň güýçli şaşkaçysy diýen ady özünde saklap galar.

A.Berdiýewanyň we B.Durdyýewiň häzirki gazanan üstünligine Bütindünýä şaşka federasiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk hatyny ýollap ýokary baha berdiler, şol hatda, hususan-da, türkmen şaşkaçylarynyň üstünliginiň sportuň intellektual görnüşlerini ösdürmäge türkmen Lideriniň uly üns berýändiginiň netijesidigi barada aýdylýar.

Şeýle hem hatda Bütindünýä şaşka federasiýasynyň prezidenti Riçard Bekwiziň (ABŞ) bu hatynda tutuşlygyna alnanda sport hereketini ösdürmäge Türkmenistanyň Prezidentiniň goşýan ägirt uly goşandyna ýokary baha berilýär. Aşgabatda Orta Aziýada deňsiz-taýsyz bolan Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň ýaýbaňlanmagyna haýran galmak beýan edilýär, şol şäherçäniň binýadynda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa sport oýunlary geçiriler.

Şeýlelikde, II Bütindünýä intellektual sport oýunlarynda türkmen türgenleriniň bu üstünligi ýokarda görkezilen hatyň hem şaýatlyk edişi ýaly, ýurdumyzyň sport abraýynyň ýokarlanmagyna nobatdaky goşant boldy, olimpiýa hereketini ösdürmek bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň derejesine çykaryldy.

Türkmen ýaşlarynyň arasynda sportuň intellektual görnüşleriniň meşhurlygyny artdyrmak boýunça wezipeler babatda Milli şaşka merkeziniň ýakyndaky meýilnamalary barada aýdylanda bolsa, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň öňüsyrasynda 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionatyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny belläp geçmeli.