Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 710
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň barşy, ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly wajyp meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymyny bellenilen möhletlerde geçirmegiň depginlerini ýokarlandyrmak we alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň guramaçylyk derejesini gowulandyrmak boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň durmuş ulgamyna degişli işler, täze okuw ýylyna, şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramyna göwnejaý taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan çäreler hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň barşyna ünsi çekip, bu jogapkärli işleriň bellenilen meýilnamadan yza galýandygyny aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer babadaýhanlarymyzyň alyn deri, yhlasly zähmeti arkaly ösdürilip ýetişdirilen bereketli pagta hasylyny talabalaýyk derejede ýygnap almak ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmegini talap etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz sebitde güýzlük bugdaý ekişiniň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmek, kärendeçiler bilen hasaplaşyk işlerini göwnejaý ýola goýmak, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylyna, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň şanly baýramçylygyna hem-de gyş möwsümine taýýarlyk işleriniň ýokary derejede guralmagynyň zerurdygyny belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowa söz berildi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, pagta ýygymynyň netijeliligini artdyrmak, bugdaý ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäginde, hususan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, sebitiň durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wajyp işleriň barşyna gözegçiligiň gowşadylandygy üçin pagta ýygymynyň depginlerini günübirin güýçlendirmek, güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, ýygymda we ekişde kuwwatly tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanmak barada welaýatyň häkimine berk talap bildirdi . Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz sebitiň maldarçylyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işleri göwnejaý alyp barmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz mekdepleriň täze okuw ýylyna berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary talaplaryna laýyk derejede başlamagy üçin ähli zerur guramaçylyk çäreleriniň görülmelidigini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly baýramçylygyny mynasyp garşylamak hem-de gyş möwsümine durmuş ulgamlaryny şu günlerden ykjam taýýarlamak boýunça degerli işleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek üçin hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlendigini we ýygyma degişli ähli düzümleriň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada, ýagny ilatyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýändigi, ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine abatlamak işleriniň alnyp barylýandygy, baş baýramymyza ýokary derejede taýýarlyk görülýändigi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işleriniň iş tertibiniň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň zerurdygy hakynda aýdyp, halal zähmet siňdirilip ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamak işleriniň göwnejaý guralmagy babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, sebitiň çäginde amala aşyrylýan gurluşyklaryň depginini güýçlendimegiň, welaýatyň durmuş ulgamyny ösdürmegiň, täze okuw ýylyna mekdepleriň taýýarlygynyň ýokary derejede bolmagynyň hem-de şanly senelere göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra hasabat bermek üçin göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow çagyryldy. Ol güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini günsaýyn ýokarlandyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim oba hojalyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, gyş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek işleriniň barşy, hususan-da, maldarçylyk hojalyklarynda ätiýaçlyk ot-iým taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler hakynda durup geçdi. Mundan başga-da, welaýatda alnyp baryljak ýol gurluşygynyň taslamasy barada milli Liderimize jikme-jik habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz gündogar sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginleriniň ylalaşyp bolmajak ýagdaýda juda pesdigine ünsi çekip, bu işde degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça zerur çäreleri görmek barada welaýat häkimine berk tabşyryk berdi. Ýetişdirilen pagta hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagy we kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleriniň göwnejaý guralmagy häzirki döwürde esasy talap bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem milli Liderimiz öňde boljak şanly senelere hem-de gyş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini aýratyn nygtady.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleri, hususan-da, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim häzirki döwürde sebitiň çäklerinde gurulýan desgalaryň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, gyş möwsüminiň ýetip gelýändigi üçin ýyladyş desgalaryny abatlamak, ilatyň we edaralaryň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň göz öňünde tutulan meýilnamadan yza galýandygyny aýratyn nygtamak bilen, bu möwsümleýin wajyp işleriň depgininiň günübirin güýçlendirilmelidigini häkimden talap etdi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, milli Liderimiz oba hojalyk pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi şu günüň esasy meselesi bolup durýar diýip belledi we bu işleriň göwnejaý ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly tagallalarynyň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymynyň öz wagtynda we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmekde kärendeçi-pagtaçylar bilen tabşyrylan hasyl üçin özara hasaplaşyklaryň wagtly-wagtynda we bökdençsiz amala aşyrylmagynyň olaryň öndürijilikli zähmet çekmäge bolan höweslerini has-da artdyrjakdygyny nygtamak bilen, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleriniň bu işi talabalaýyk guramaklarynyň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan özgertmegiň milli maksatnamasy esasynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň oba ilatynyň mynasyp durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen asylly maksadyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem köp derejede hut şunuň bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda şol maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda uly möçberli gurluşyk işleri we giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek hem-de olary berk gözegçilikde saklamak welaýat häkimleriniň jana-jan borjudyr diýip nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz olara öňde durýan wezipelere abraý bilen hötde gelmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy. Häkim öz hasabatynda paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, hususan-da, şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz sazlaşykly ösýän paýtagtymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň häzirki döwrüň baş meselesi bolup durýandygyna ünsi çekip, degişli inženerçilik ulgamlaryny we desgalary, ýollary hem-de beýleki düzümleýin ulgamlary döwrebaplaşdyrmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz şäheriň arassaçylygy, abadançylygy, paýtagtymyzda ekilen bagdaryň idegi, ýollaryň, seýilgähleriň yşyklandyrylyşy babatda alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigi, galyberse-de, hemmämiz üçin mukaddes baýram bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 21 ýyllyk toýunyň baýramçylyk ruhunyň paýtagtymyzda duýulmaýandygy üçin häkimiň işine nägilelik bildirdi. Hususan-da, paýtagtymyzyň aýry-aýry künjeklerinde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz şäheriň etrap häkimleriniň işleri göwnejaý guramakda birnäçe kemçiliklere ýol berýändigini aýtdy we olaryň hem işine düýpli nägilelik bildirdi.

Aşgabadyň senagat düzümlerini we durmuş ulgamyny göwnejaý derejede ösdürmek baradaky meselä degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz häkime ýüzlenip, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak babatda ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmese, berk çäre görüljekdigini oňa duýdurdy.

“Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň başlygy Ý.Çaryýew öz hasabatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişiniň meselelerini jikme-jik beýan etdi. Hasabatda görkezilişi ýaly, bellenilen iş tertibine laýyklykda ähli welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişiniň depgini güýçlenýär. Hasabatyň çäklerinde assosiasiýanyň ýolbaşçysy kärendeçi-gallaçylar bilen özara hasaplaşyklary geçirmek boýunça görülýän çäreler hakynda hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler netijesinde düýpli öňegidişlikleriň gazanylýandygyny belledi. Döwletimiz oba hojalygyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Gallaçylaryň bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyryp, has netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Şu babatda döwlet Baştutanymyz möhüm oba hojalyk çäresi bolan bugdaý ekişiniň guramaçylykly we göwnejaý möhletlerde geçirilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine garamazdan, ýurdumyzyň welaýatlarynyň hemmesinide bu wajyp we jogapkärli işiň bellenilen meýilnamadan yza galýandygyna ünsi çekip, bu möwsümiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek barada gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmegini berk talap etdi. Bu möhüm işde ownuk zat bolmaly däldir, sebäbi gazanylýan ahyrky netije köp şertlere, şol sanda oba hojalyk işleriniň sazlaşykly guralmagyna, ähli zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegine, ýokary hilli tohumlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk saýlanyp alynmagyna baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda milli Liderimiz Türkmenistanyň suw hojalyk ministri S.Taganowyň hasabatyny diňledi, ol oba hojalygyny suwaryş suwy hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän işler hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, täze suw howdanlaryny gurmak we olaryň göwrümini yzygiderli giňeltmek boýunça netijeli çäreleri görmegiň zerurdygy hakynda söz açyp, bu meseleleriň ählisine hemmetaraplaýyn, jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sowma akabalaryň we zeýkeşleriň akýan ugrunda degişli desgalary gurmak, şeýle hem bu işleri welaýatlaryň häkimlikleri bilen sazlaşykly geçirmek barada meýilnamalaşdyrylan işleri bellenilen möhletinde gyşarnyksyz we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda hasabat bilen Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow çykyş etdi, ol özüne ynanylan pudakda işleriň ýagdaýy hem-de ony döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, hususan-da, demir ýollarynyň gurluşygynyň barşy barada jikme-jik hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamlarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde demir ýol ulagyna ýükleri daşamakda hem-de ýolagçylary gatnatmakda we ýurdumyzyň üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm ornuň degişlidigini belläp, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, degişli düzümleri yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ministre birnäçe tankydy bellikleri, hususan-da, demir ýollaryň gurluşygynyň haýal depginlerde alnyp barylýandygyny aýdyp, bu ugurda hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça degişli zerur çäreleri görmegi berk tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna awtomobil ulaglary ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Gurbandurdyýewi çagyrdy. Ol pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, onuň düzüm birlikleriniň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde awtomobil ulagynyň uly ähmiýetini nygtady, munuň özi öňde goýlan wezipelere häzirki zamanyň ýokary talaplaryna örän oýlanyşykly çemeleşmek esasynda pudagyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurlygyndan gelip çykýar. Döwlet Baştutanymyz ulagyň bu görnüşiniň paýynyň içerki hem-de daşarky ýük dolanyşygynda yzygiderli artýandygyny belläp, pudagyň düzümlerini kämilleşdirmek hem-de ähli degişli meseleleri öz wagtynda çözmek boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň möhümdigini aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýolagçylara göreldeli hyzmat etmegiň we olaryň howpsuzlygyny gyşarnyksyz üpjün etmegiň ýokary derejesiniň esasy ileri tutulýan ugurlar bolup durýandygyny bellemek bilen, bu meselelere we tutuşlygyna alnanda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak meselelerine uly üns bermegi talap etdi.

Öz nobatynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazow awiagatnawlar ulgamynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça, şeýle hem pudagyň tehniki parkyny we düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman şertlerinde howa ulagynyň milli ykdysadyýetimizde hem , dünýä ykdysadyýetinde hem möhüm orny eýeleýändigini nygtamak bilen, öz öňünde goýlan wezipeleri nazara alyp, pudagyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilen “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmäge degişli ähli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu meseläni dowam edip, bu wezipeleriň özeninde ýolagçylara hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmagyň we tutuşlygyna alnanda, ýolagçy gatnatmakda hem-de ýük daşamakda hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmegiň durýandygyny bellemek bilen, bu ugurda anyk çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz häzirki wagtda Türkmenistanyň umumy abadançylygyň bähbitleri üçin özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjek ulag-aragatnaşyk düzümlerini kemala getirmäge işjeň gatnaşýandygy barada söz açyp, howa ulagynyň düzümleriniň işi ähli görkezijiler boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelmelidir diýip aýratyn nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B.Şamyradowyň hasabatyny diňledi. Ol ilatyň iş bilen üpjünçilik we durmuş goraglylygy babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 2012-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde garrylygyň meseleleri boýunça ministrleriň derejesindäki maslahatyna gatnaşmagyň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. Bu maslahaty BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Awstriýa Respublikasynyň Zähmet, durmuş meseleleri we sarp edijileri goramak boýunça federal ministrligi guraýarlar. Maslahatyň şygary “Ähli ýaşdakylar üçin jemgyýetiň kepillikleri: garrylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak” diýlip atlandyrylýar. Dürli ýurtlardan bolan döwlet düzümleriniň wekilleri we bilermenler maslahatda gartaşan adamlaryň durmuş gurşawynda, şol sanda zähmet bazary ýaly ugurda birleşmegi, tutuş ömrüniň dowamynda hünär bilimini dowam etmek mümkinçiligi, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarda anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, biziň ýurdumyzda ýaşuly nesliň wekilleri hakynda aladanyň hemişe döwletimiziň durmuş syýasatynyň üns merkezinde durýandygyny we şeýle bolmagynda hem galjakdygyny aýtdy. Bu syýasatyň esasynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän gymmatlyklary we köp asyrlyk däpleri goýlandyr.

Şol däpleriň biri – ýaşlary watançylyk we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek işinde baý durmuş we zähmet tejribesi bolan ýaşuly nesliň wekillerini çuňňur hormatlamak, şeýle hem Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak boýunça wezipeleri çözmekde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowamyna eýe boldy diýip, milli Liderimiz belledi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň gadym döwürlerden bäri möhüm durmuş meselelerini dana gojalar bilen ara alyp maslahatlaşmak däbi bolupdyr. Türkmen jemgyýetiniň möhüm demokratik edaralarynyň biri bolan Ýaşulularyň maslahaty munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol milli taryhymyzyň häzirki döwründe Türkmenistanda täze derejä eýe boldy.

Ýurdumyzda türkmenistanlylaryň ýaşuly nesliniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Mysal üçin, birnäçe kanunçylyk-kadalaşdyryjy namalary , şol sanda “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kodeksi kabul edildi. Olarda pensionerleri, uruş we zähmet weteranlaryny, maýyplary durmuş taýdan goramaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy.

Ýurdumyzda her ýyl pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi ýokarlandyrylýar. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň tejribesi beýleki köp ýurtlar üçin gyzyklanma döredip biler diýip, hormatly Prezidentimiz ýaşuly nesliň wekilleriniň mynasyp durmuş şertlerini üpjün etmek, biziň ýurdumyzyň durmuş-zähmet ulgamynyň dünýäde we sebitde bolup geçýän özgertmelere goşulmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe söz berildi, ol özüne ynanylan pudakda geçirilýän işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagynyň öňünde türkmen döwletiniň mundan beýläk-de rowaçlygyna we ösüşine, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ägirt uly wezipeleriň durýandygyny belläp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul edilen pudaklaýyn ösüş maksatnamalarynyň hemmesiniň, aýratyn hem şol maksatnamalaryň medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň, ýollaryň, elektrik geçirijileriň gurluşygy bilen baglanyşykly wezipeleriniň gyşarnyksyz durmuşa geçirilişiniň barşyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz halk hojalyk toplumynyň edaralary we kärhanalary tarapyndan meýilnamalaşdyrylan borçnamalaryň oňat hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi baradaky meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna bu meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň jemini jemläp, Türkmenistanyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün eder diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.