Ï Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we umumyadamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we umumyadamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

view-icon 867
Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk Hereketiniň 16-njy duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Tähranda geçirilýän Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 16-njy Sammitine gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyny hemmetaraplaýyn üpjün etmek maksady bilen sebitleýin we ählumumy möçberde ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ugur edinýär. Biziň ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary, şol sanda Goşulyşmazlyk Hereketi bilen ýola goýýan ýygjam gatnaşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. 1961-nji ýylda döredilen bu gurama häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän we harby bloklara gatnaşmazlyk hereketini ugur edinýän 120 döwleti özünde jemleýär. Mälim bolşy ýaly, şunuň ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunuň esasyny düzýär. Munuň özi ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesi we onuň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we ynsanperwerlik esaslaryna berk ygrarlylygy bilen şertlendirilýär.

Türkmen döwletiniň soňky ýyllarda birnäçe derwaýys halkara başlangyçlary bilen çykyş etmegi we olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilmegi hem-de goldanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem Türkmenistan dünýäde gapma-garşylykly ýagdaýlaryň onuň möçberlerine garamazdan syýasy-diplomatik we gepleşikler arkaly çözülmeginiň tarapdarydygyny aýratyn bellemeli. Munuň özi özüniň parahatçylyk söýüjilkili mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň hatyrasyny durmuşa geçirmäge çalyşýan ýurdumyzyň esasy ornunyň ähmiýetli tarapydyr.

Türkmenistanyň mundan beýläk-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi üçin umumy tagallalaryň birikdirilmegi ugrunda hereket etmäge bolan meýiline hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki iri halkara çärelerine, hususan-da, Tähranda geçirilýän häzirki Goşulyşmazlyk Hereketiniň duşuşygyna hut özüniň gatnaşmagy şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyz 1995-njy ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar.

Eýranyň paýtagtynyň “Mehrabad” halkara howa menzilinde hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Eýran Yslam Respublikasynyň içeri işler ministri Mostafa Mohammad Najar we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden Maslahatlar merkezine tarap ugrady. Ol ýerde şu gün Goşulyzmazlyk Hereketiniň 16-njy maslahaty öz işine başlady. Tähran duşuşygyna birnäçe halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şol sanda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun gatnaşýar.

Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmut Ahmedinežad bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda iki goňşy ýurtlaryň däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde işjeň ösdürilmegine ygrarlydygy tassyk edildi.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň beýik ruhy Lideri Aýatolla Saýed Ali Hoseýni Hamenei bilen duşuşdy.

Eýranyň Beýik ruhy lideriniň kabulhanasynda geçirilen duşuşygyň barşynda ruhy taýdan ýakynlygyň hem-de taryhy-medeni mirasyň umumylygyna esaslanýan türkmen-eýran halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylykly häsiýete eýedigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Eýranyň Beýik ruhy Lideri gumanitar ulgamda ägirt uly mümkinçilige eýe bolan özara peýdaly türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy we ösdürilmegi barada aýtdylar hem-de onuň ählumumy abadançylygyň hatyrasyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem iri halkara guramalarynyň, şol sanda Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we oňyn ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen netijeli özara gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Aýatolla Hamenei hoşlaşanlarynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, şeýle hem Tähranda geçirilýän maslahatyň ählumumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň hatyrasyna ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine täsir etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezine gaýdyp gelen soň Yslam Ösüş bankynyň baştutany doktor Ahmad Muhammad Ali Al-Madanini kabul etdi. Türkmenistan bilen YÖB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek bilen, milli Liderimiz we iri hlakara maliýe guramalarynyň biriniň baştutany birnäçe bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilmegi netijeli gatnaşyklaryň aýdyň miwesidir diýip bellediler we özara peýdaly esasda ýola goýulýan köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigini bellediler.

Soňra döwlet Baştutanymyz Goşulyşmazlyk Herekitiniň 16-njy maslahatyna gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, ýokary derejedäki maslahatyň gün tertibine parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, sebitleýin we ählumumy möçberde durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiň ugurlary ýaly möhüm halkara meseleleri girizildi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tähranda geçirilýän Goşulyşmazlyk Hereketiniň maslahatyna gatnaşmagy Türkmenistanyň häzirki zamanyň durmuş taýdan möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda milli hem-de umumy gyzyklanmalary nazara almak bilen, halkara gatnaşyklarynyň oňaýly görnüşini kemala getirmekde işjeň orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň döwlet, hökümet hem-de wekiliýetleriniň baştutanlaryna söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş etmek bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmedinežada Goşulyşmazlyk Hereketiniň Tähranda geçirilýän Maslahatynyň işine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ýokary derejeli maslahat, onuň düýpli ýörelgeleri we ähmiýeti parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň möhüm meseleleri çözülende halkara tagallalaryny birleşdirmek işinde örän möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etmek bilen, häzirki ýokary derejeli duşuşyk dünýä ösüşiniň ýönekeý bolmadyk döwründe geçirilýär, häzirki döwür bolup geçýän wakalaryň düýpli sebäplerine hem-de parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň halkara esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ylalaşykly hyzmatdaşlyk çärelerini işläp düzmegiň zerurdygyna ählumumy derejede düşünmegi talap edýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistan özüniň halkara gatnaşyklarynda alyp barýan işinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, ýaragsyzlanmak boýunça işleri goldamaga we halkara meselelerini diplomatik usullar, gepleşikler arkaly çözmäge gönükdirilen esasy ýörelgelerine pugta eýerýär diýip aýtdy.

Şoňa görä-de, häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynyň bütin ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen hil taýdan täze çemeleşmeleri kesgitlemek möhüm mesele bolup durýar. Biz bu meselede Goşulyşmazlyk Hereketiniň tejribesini, hususan-da, onuň öňki ýokary derejeli duşuşyklarynyň netijelerini peýdalanyp bilerdik diýip, milli Liderimiz şolaryň çözgütlerinde halkara gatnaşyklaryny syýasy-hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň esaslarynyň goýulandygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde geljekde Birleşen Milletler Guramasynyň garamagyna hödürlemegi nazara almak bilen, Howpsuzlygyň ählumumy konsepsiýasyny işläp düzmegiň zerurdygy baradaky meselä Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde seretmegi maksadalaýyk hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu meselede biz ýaragsyzlanmagy mundan beýläk hem ilerletmegi möhüm ugurlaryň biri hasap edýäris diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz esasy halkara şertnamalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalaryna gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistanyň ýaragsyzlanmak düzgünini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işi has-da güýçlendirmegi Goşulyşmazlyk Hereketiniň öňünde häzirki döwürde durýan ilkinji derejeli wezipeleriň biri hasap edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde bu meseleleri çözmek boýunça Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri bilen bilelikde sebit möçberinde ägirt uly işler alnyp barylýar. Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan erkin zolak baradaky şertnama muňa aýdyň mysal bolup biler, Türkmenistan bu Şertnamany ýerine ýetirmegiň utgaşdyryjysy bolmagy öz üstüne alan ilkinji ýurt boldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Biz mundan beýläk hem döwletleriň we halkara guramalarynyň ýaragsyzlanmaga ýardam bermäge gönükdirilen oňyn tekliplerini goldarys we şol teklipleri amala aşyrmaga özümiziň hem gatnaşmagymyza gyzyklanma bildirýäris diýip, döwlet Baştutany belledi. Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäkleriniň ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak boýunça halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini we kadalaryny durmuşa geçirmek boýunça biziň döwletlerimiziň bilelikde alyp barýan işini mundan beýläk hem pugtalandyrmak üçin möhüm syýasy esas bolup biler diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etmek bilen, Türkmenistanyň alyp barýan halkara işinde durnukly ösüşiň maksatlaryny we wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşmak ileri tutulýan strategiki ugur bolup durýandygyny, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde dünýäniň durnukly ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça amala aşyrýan ysnyşykly hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigini belledi.

Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň biziň ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň has möhüm meseleleri, şol sanda energetika meseleleri boýunça köptaraplaýyn gatnaşygyny guramagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk usulyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi, 2008-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy bu mesele boýunça rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi, bu işi ösdürmek maksady bilen, Goşulyşmazlyk Hereketiniň ähli döwletlerini tagallalaryny birleşdirip, Birleşen Milletler Guramasynda energetika howpsuzlygy babatda köptaraplaýyn resminamany işläp düzmek boýunça halkara bilermenler toparyny döretmek hakynda teklip bilen çykyş etmäge çagyrýandygyny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşynyň dowamynda belleýşi ýaly, häzirki dünýäde yzygiderli ykdysady ösüş we senagatyň ösmegi ekologiýa hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak meselelerinde halkara derejesinde alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny görkezýär. Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça hil taýdan täze we netijeli ýollary we ugurlary döretmegiň tarapdary bolmak bilen, şu ýylyň iýunynda geçirilen «RIO+20» atly ýokary derejeli duşuşykda biziň ýurdumyz dünýäde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem howanyň ählumumy üýtgemegi bilen bagly zyýanly netijelere garşy durmak meselelerine degişli birnäçe anyk we oňyn başlangyçlary öňe sürdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň biziň şol başlangyçlarymyzyň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirmek bilen gatnaşjakdyklaryna ynanýandygyny aýtdy.

Gumanitar meseleler babatda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy howpsuzlygy we durnuklylygy milli, sebit we ählumumy derejelerde pugtalandyrmak boýunça edilýän bilelikdäki tagallalaryň möhüm bölegidir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz belent ynsanperwerlik taglymlarynyň we gymmatlyklarynyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň esasyny düzýändigini nygtady we Türkmenistanyň ynsan şahsyýetini ösdürmek üçin has amatly şertleri döretmek boýunça alyp barýan hyzmatdaşlygymyza zerur bolan goşmaça itergileriň berilmeginiň maksada laýyk hasaplaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz halkara gumanitar hukugynyň ýörelgelerini we kadalaryny milli kanunçylygymyza işjeň girizmegiň wagtynyň gelendigini belledi. Biz bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goramak we olaryň hukuklaryny üpjün etmek meselelerine hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry hökmünde garaýarys. Dünýäde bosgunlaryň has köp böleginiň Goşulyşmazlyk Hereketine girýän ýurtlaryň paýyna düşýändigini gynanmak bilen tassyklamaly bolýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şu topara degişli raýatlaryň meseleleriniň netijeli çözgüdini gözlemäge çalşyp, Türkmenistan bu mesele boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmak başlangyjy bilen çykyş etdi diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz biziň ýurdumyzyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasy we Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bolup, 2012-nji ýylyň maýynda Aşgabatda bosgunlaryň meselelerine bagyşlanan halkara maslahatyny geçirendigini, onuň jemleýji resminamasyna esaslanyp, Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýakyn geljekde etmeli işiniň gün tertibine, özbaşdak ugur hökmünde, ynsanperwer meselelerini goşmak meselesine seretmegiň mümkindigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň gözbaşynda görnükli döwlet işgärleriniň, akyldarlaryň we dünýä derejeli syýasy baştutanlaryň durandygyny belledi we olaryň ýörelgeleri, hiç wagt hem, häzirkisi ýaly möhüm bolmandy diýip aýtdy.

Taryhy taýdan berkarar bolmagy we ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi babatda Türkmenistan üçin Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşmagyň aýratyn manysy bardyr diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistan Goşulyşmazlyk Hereketine 1995-nji ýylyň oktýabrynda kabul edildi, Kartahendäki ýokary derejeli duşuşyk Türkmenistanyň bitaraplyk ideýasyny öňe sürmekde tapgyrlaýyn waka boldy, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň, hemişelik bitarap döwlet hökmünde halkara-hukuk ýagdaýyny berkiden rezolýusiýany biragyzdan kabul edendigini aýtdy.

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk Hereketine agza bolmagyna 20 ýyl dolýar we şonda Türkmenistan öz bitaraplygynyň 20 ýyllygyny bellär diýip nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz 2015-nji ýylda Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we umumyadamzat ösüşiniň hatyrasyna ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bagyşlanan maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Milli Liderimiz çykyşyny tamamlamak bilen, dünýäniň ýurtlaryna we halklaryna parahatçylygy, abadançylygy, gülläp ösüşi we mundan beýläk-de rowaçlygy arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we maslahata gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Masalahatlar merkezinden Tähran şäheriniň “Mehrabad” halkara howa menziline bardy we ol ýerden Türkmenistana ugur aldy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.