29-njy awgustda Londonda açylan Paralimpiýa oýunlarynda adaty bolşy ýaly tükmen pälwanlarynyň gatnaşmagy bilen geçer. 14-nji Paralimpiýa oýunlarynda sportuň 20 görnüşi boýunça 150 döwletden 4200 sany türgen gatnaşar.
Paralimpiýa oýunlarynyň ilkibaşda maksady maýyplary bejermek we olaryň saglygyny hem-de zähmete ukyplylygyny dikeltmekden ybarat bolup, soňy bilen ýokary derejeli sport çäresine öwrüldi. Bu sport oýunlarynda gorkezilýän netijeler dünýä derejesindäki üstünliklere ýakynlaşdyrylandyr. Şonuň üçin bütündünýä paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin türgeniň ýokary sport görkezijileri bolmalydyr. Şu görkezijiler esasynda türkmen paralimpiýaçylarynyň düzüminde bäş sany pälwany bar. Olaryň dördüsi pauerlifting sportunda medal ugrunda bäsleşerler. Ýene-de bir türkmen türgeni ýeňil atletika boýunça çykyş eder.
Paralimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzümindäki we Aşgabadyň maýyplar sport mekdebinde Türkmenistanyň tanymal tälimçileri Ýusif we Adyl Aliýewleriň ýolbaşçylygynda tügenleşýän M. Agalikow (52 kg agramynda) ştanga ýaryşynda çykyş eder. Mekan sport meýdançasyna Londonyň sergiler zalynyň ExCel merkezinde 31 –nji awgustda çykyş eder. Ýaş türkmen türgenine yly ynam bildirilýär. Onuň öňünde bolmady diýlende Ýer togalagynyň iň güýçli pälwanlarynyň bäşligine, ýogsa-da medala mynasyp bolmak wezipesi durýar.
Güýzüň ilkinji gününde Olimpiýa stadionynyň ýaryş meýdançasyna maýyplar sport mekdebinden Lýudmila Dzehiň terbiýelän türgeni ýeňil atletikaçysy Söhbet Çaryýew çykar. Ol Ýer togalagynyň uzynlyga bökýän görüş boýunça iň ussat maýyp türgenleri bilen bäsleşip, türkmen paralimpiýa hereketiniň ösüşiniň täze sahypasyny açar. Söhbet London paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny 2010- njy ýylda Guançjouda (Hytaý) geçirilen Aziýa oýunlarynda alypdy.
Senýabryň ikisine ştangaçy Sergeý Meladze (67.5 kg agrama çenli) çykyş eder. Ol paralimpiýa oýunlaryna eýýam üçünji gezek gatnaşýar. Ilkinji gezek ol Afinadaky bütündünýä oýunlaryna (2004ý) gatnaşyp 8-nji orna mynasyp bolypdy. Pekinde 2008 –nji ýylda geçirilen paralimpiýa oýunlaryna Sergeý tälimçi bolup gatnaşypdy. Indi bolsa Sergeý ýene-de bir gezek ýaryşda özüni synar.
Pekin oýunlarynda Meladzeniň taýýarlan türgeni Walentina Simakowa (67.5 kg agrama çenli) iň güýçli pälwanlarynyň onlugyna giripdi (häzirki wagtda türgenleriň ikisi hem Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Tahyr Şorohanowyň ýolbaşçylygynda maýyplaryň merkezinde türgenleşýärler ). Şu gezekki oýunlarda Walentina öz netijesini gowulandyrmagy maksat edinýär: Sergi merkeziniň meýdançasyna ol 3-nji sentýabrda çykar.
Şol gün pauerlifting sport görnüşinde medal almak ugrunda Mary welaýatynyň maýyplaryň bedenterbiýe sport klubyndan Jennet Orjiýewa (75 kg agrama çenli) ýaryşar. Bu oýunlara gatnaşmak onuň üçin ilkinji sport basgançagy boldy. Jennet Orjiýewanyň tälimçisi onuň ýan ýoldaşy Öwez Orjiýew. Ol 2004-nji ýylda Afinada geçirilen bütündünýä paralimpiýa oýunlarynda türkmen ýygynda toparynyň düzüminde çykyş edip 10 orna mynasyp bolupdy. 2008-nji ýylda Pekinde bolsa dünýäniň iň ussat pälwanlarynyň ýediligine girmek oňa başartdy.
Türkmen ýygyndy topary London oýunlaryna uly hyjuw bilen we tutanýerli gatnaşyp öz sport mümkinçilikleriniň iň ýokary derejesini görkezmäge söz berdiler. Bize bolsa olara sport üstünliklerini arzuw edäýmek galýar. Paralimpiýa oýunlary 9-njy sentýabra çenli dowam eder.
Fotosuratda (çepden saga) .Agalikow, S.Çaryýew, W.Simakowa, J.Orjiýewa we S.Meladze