Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 1021
Täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar gününiň tutuş ýurdumyzda giňden we dabaraly baýram edilýän pursadynda paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesiller hakynda edýän yzygiderli aladasynyň aýdyň netijesine öwrülen şanly waka boldy. Ir säher bilen Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arçabil şaýolynda baýramçylyk dabarasy höküm sürdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň döwrebap bilim we ylym merkezleri bolan ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, olaryň milletiň iň bir aň-paýhasly wekilleriniň kemala gelýän ýerine öwrülmegini üpjün etmek Türkmenistanda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda birnäçe düýpli özgertmeler durmuşa geçiilýär. Onuň baş maksady häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän netijeli bilim ulgamyny döretmekden, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Türkmenistanda dünýä ylmyna çuňňur aralaşýan, ýokary hünärli, ýakyn wagtda milli ykdysadyýetimiziň kämil hünärmenleriniň üstüni ýetirjek we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz goşandyny goşjak döwrebap işgärleri taýýarlamaga niýetlenen täze ýokary okuw mekdepleri açylýar.

Mälim bolşy ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň dünýä bazarlaryna eksport ugruny diwersifikasiýa etmek, nebitgaz pudagynyň maksatnamasyny ýokary derejede ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Türkmen döwlet nebit we gaz instituty döredildi. Täze okuw mekdebinde önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berler. Bu bolsa mugallymlara we talyplara bu ýerde dürli barlaglary, ylmy tejribeleri we synaglary geçirmäge mümkinçilik berer. Täze institutyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň, maglumatlar tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryny okuw pursatlarynda giňden öwrenmäge, ylmy-barlaglary işjeňleşdirmäge oňaýly şertleri döreder.

Täze binalar toplumynyň umumy meýdany 30 gektara barabar bolup, toplum 18 gatly baş binany we 5 sany okuw binalaryny özünde jemleýär. Toplumyň 86 okuw otaglarynda bir wagtda 3 müň talyp sapak geçip biler. Institutyň 6 fakultetinde hünärmenler nebitgaz pudagynyň 22 ugry boýunça bilim alarlar. Şeýle hem ýörite fakultetde nebitgaz pudagynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrýan kurslar hereket eder.

Toplumda taslama boýunça mejlisler we maslahatlar zaly, muzeý, arhiw, 500 müň jiltden gowrak ýöriteleşdirilen ebediýat gaznasy bolan kitaphana bar. Şeýle hem okalga zallary, magtlumatlar tehnologiýasy merkezi iň kämil enjamlar bilen üpjün edilipdir.

Institutyň ýöriteleşdirilen otaglarynda, kafedralarda professor-mugallymlaryň netijeli işi üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Ýokary okuw mekdebiniň ýanaşyk ýerinde 6 sany umumyýaşaýyş jaýy, sport toplumy bar. Olarda talyplaryň bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirmekleri üçin ähli amatly şertler üpjün edilipdir. Toplumyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypldyr, gök zolaklar döredilipdir.

Täze ýokary okuw mekdebi döwrebap enjamlar, oňaýly mebeller, durmuş üpjünçiliginiň täze ulgamlary, ýangyn howpsuzlygy we aragatnaşyk enjamlary hem-de dünýäniň öňdebaryjylarynyň kämil önümleri bilen üpjün edilipdir.

Bu günki dabara gatnaşyjylary we myhmanlary täze nebit we gaz instituty baýramçylyk ruhunda garşylaýar. Nebit wyşkasynyň şekilini ýada salýan belent başly baş bina bir bitewi binagärlik toplumyny emele getirip, paýtagtymyzyň gözelligine özboluşly öwüşgin çaýdy.

Täze institutyň binalar topulymynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanýar. Milli lybasdaky artistler bu günki baýramçylygy aýratyn dabaralandyrýarlar. Bu ýere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlilkleriň we pudaklaýyn edaralaryň, biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlar ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi güler ýüz bilen mähirli garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular we din wekilleri milli Liderimize duz-çörek hödür etdiler. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi dileg edilip, aýat-töwir okaldy. Ýokary okuw mekdebiniň öňündäki meýdançada aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Ýaş çeper höwesjeňler öz çykyşlaryny ussatlyk we ýokary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýörite taýýarlanan münbere geçip, bu ýere ýygananlary Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Türmken döwlet nebit we gaz institutynyň täze binalar toplumynyň açylyşy mynasybetli guralýan goşa dabara bilen gutlady we berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamynyň ösdürilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip belledi. Hut şonuň üçin hem döwletimiz ylym we bilim ulgamynyň ösdürilmegi, ýaşlaryň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu günki geçirilýän dabaranyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýokary okuw mekdebi milli bilim ulgamynyň ägirt uly geljeginiň bardygynyň baş alamatydyr diýip bellemek bilen, bu ýerde ukyply ýaşlaryň döwrebap bilim aljakdyklaryna we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynda öndüirijilikli zähmet çekmek üçin kämil hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz tebigy serişdelere, esasan-da nebitiň we tebigy gazyň gorlaryna örän baýdyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň baş maksadymyzyň bu baýlyklary oýlanyşykly, aýawly we netijeli peýdalanmakdan, olary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna we mähriban halkymyzyň hem-de dünýä halklarynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirmekden ybaratdygyny nygtady.

Şu jähetden milli Liderimiz ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerine baý, geljegi uly bolan sebitlerinde gözleg-agtaryş işlerini geçirmegiň, nebit we gazy çykarmagyň, senagat taýdan gaýtadan işlemegiň, elektrik energiýasyny öndürmegiň hem-de daşarky bazarlarda ýerlemegiň möçberleriniň hem ýylsaýyn artýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz institutyň mugallymlaryna we geljekki uçurymlaryna ýüzlenip, olaryň öňde durýan ähli möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary täze institutyň açylmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlaryň güni bilen ýene-de bir ýola gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlyk, täze ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlaryna ylymlar dünýäsinde täze üstünlikleri gazanmaklaryny, talyp ýaşlara bolsa häzirki döwre mynasyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebiniň baş girelgesine bardy we dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi. Döwlet Baştutanymyz ajaýyp binanyň eýwanyna girdi. Ol ýerde milli Liderimizi talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar we özleri üçin gurlup berlen ajaýyp bina üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Milli Liderimiz 250 orunlyk okalga zaly bolan institutyň kitaphanasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz häzirki zaman bilim ojagynyň möhüm bölegi bolan elektron kitaphanynyň işi we onuň düzümi bilen içgin tanyşdy. Şeýle kitaphanada öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly örän uly kitap gaznasy toplandy. Kitaphanadaky täze usul özüňe degişli maglumatlary, okuw hem-de ylmy iş üçin zerur bolan gollanmalary tiz almaga zerur bolan mümkinçiligi döredýär.

Ýeri gelende aýtsak, täze institutyň bu kitaphanasynyň dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilip, ýurdumyzyň merkezi we ýokary okuw mekdepleriniň, hususan-da, dünýäniň iri kitaphanalary bilen aragatnaşygy üpjün edilipdir. Bu bolsa professor-mugallymlaryň, talyplaryň we ylmy iş bilen meşgullanýan ýaş alymlaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna oňaýly mümkinçilik döredýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz 800 orunlyk maslahatlar zalyna baryp gördi. Ol dürli derejedäki dabaralary geçirmek üçin zerur bolan ähli degişli enjamlar bilen üpjün edilipdir.

Türkmenistanyň Prezidenti maslahatlar zalyna ýygnananlary Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlap, bu ýerde ýurdumyzyň nebit we gaz pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanjakdygyny, munuň bolsa uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmaga ýardam etjekdigini nygtady. Täze institut dünýäniň bu ugurda gazanan iň täze enjamlary bilen üpjün edilendir. Munuň özi milli hünärmenleri taýýarlamakda zerur bolan ähli şertleriň bardygyna şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, täze institutda dünýä ylmyna çuňňur aralaşmak üçin halkara derejesine laýyk gelýän şertler döredildi diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu institutyň ugurdaş ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy artdyrmakda, halkara gatnaşyklaryny giňeltmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda bu ýere ýygnananlary täze institutyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara berk jan saglyk we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz institutyň baş binasyndan çykyp, nebit we gaz fakultetine tarap ugrady.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmen döwlet nebit we gaz instituty 7 sany fakultetden: nebit we gaz, geologiýa, himiýa tehnologiýasy we ekologiýa, ykdysadyýet we dolandyryş, energetika we inženerçilik enjamlary, Balkanabatdaky bölümiň nebit senagaty fakulteti we hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça fakultetleri özünde jemleýär. Okuw geçirilýän binalardaky auditoriýalar we kafedralaryň barlaghanalary dünýäde belli “Schumberger”, “Drilling Systems”, “Utest”, “OFI”, “DOGA”, “LD Didactic” kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary, şeýle hem kompýuterler, interaktiw tagtalar we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilipdir. Geljekki hünärmenleriň tehniki taýdan hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, kurs we diplom taslamalaryny işläp düzmek üçin niýetlenen okuw otaglary enjamlaşdyryldy.

Döwlet Baştutany soňra institutyň nebit we gaz fakultetiniň 5 gatly binasyna barýar. Bu ýerde okuw geçirmekde ulanylýan we dünýä standartlaryna laýyk gelýän serişdeler bilen üpjün edilen barlaghanalaryň 20-si ýerleşýär.

Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanyna ajaýyp gül desseleri gowşurýarlar.

Milletiň Lideri “Drillsim—5000” barlaghanasyna barýar. Bu ýerde okuw-türgenleşik işlerini geçirmek üçin niýetlenen buraw desgasy goýlupdyr, şonuň kömegi bilen, institutyň talyplary okuw-türgenleşik amallaryny berjaý ederler hem-de usullary we endikleri iş ýüzünde ulanmagyň tärlerini öwrenerler.

Şu ýerde, tanyşlygyň barşynda ýokary okuw mekdebiň mugallymy Türkmenistanyň Prezidentini amaly dersleri geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdyrýar, şol amallar okatmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary, hususan-da, “Drillsim-5000” kysymly okuw-türgenleşik toplumyny ulanmak arkaly geçiriler, bu enjam köp ugurly pult bilen dolandyrylýar we manifoldalar bilen üpjün edilendir.

Ýokary okuw mekdebiniň talyplary döwlet Baştutanyna nebit guýularyny dikligine, keseligine we ýapgyt görnüşde burawlamak boýunça okuw-tejribe işleriniň geçirilişini görkezýärler. Türgenleşik geçirmek üçin niýetlenen desgada goýlan dolandyryş serişdeleri we barlag-ölçeg enjamlary burawlaýyş desgasynyň hakyky şertlerine mümkin boldugyça gabat getirildi hem-de şonda sanly we sesli effektler ulanylýar, munuň özi talyplara guýulary burawlamagyň tehnologiýasyny we amallaryny has täsirli öwretmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gatlagyň fizikasy” barlaghanasyna tarap ugraýar, bu barlaghana nebitgaz pudagy üçin zerur bolan innowasion programma bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde döwrebap enjamlar goýlupdyr, olar dag jynslaryny öwrenmäge, kernleri we gatlaklardaky flýuidleri barlamaga mümkinçilik berýär, şolar dag jynslarynyň göwrümleýin, süzüjilik kapillýar-ýokarky ýüzdäki häsiýetleri, litologiki-petrofiziki aýratynlyklar, öýjükli giňişligiň mineralogiýasy we gurluşy barada doly maglumat almaga mümkinçilik berýär. Bu maglumatlar guýulary geologiki we geofiziki taýdan barlamak, gorlaryň parametrlerini we hasaplamalaryny esaslandyrmak, ýataklaryny işläp taýýarlamagyň taslamasyny düzmek we beýleki işler üçin ulanylýar.

Milletiň Lideri nebit we gaz fakultetiniň binasyndan çykanynda, talyplara okuwda maksada okgunly we yhlasly bolmagy, mugallymlara bolsa jogapkärli pedagogik işinde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutany energetika we inženerçilik enjamlary fakultetine barýar, bu ýerde mehanikany, molekulýar fizikany, termodinamikanyň we beýleki ugurlary öwrenmek üçin niýetlenen barlaghanalaryň 23-sinde hem döwrebap tehnologik enjamlar goýlupdyr. Tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti fakultetiň “Elektrik üpjünçiligi” barlaghanasyna barýar we bu ýerde, hususan-da, elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi, elektrik geçirijileri, elektrik energiýasyny çykarmagyň dürli görnüşlerini we beýlekileri öwrenmek boýunça kompýuter programmalary arkaly dolandyrýan enjamlaryň işleýşine syn etdi.

Soňra milletiň Lideri himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň binasyna barýar. Bu ýerde barlaghanalaryň 20-si we himiki reagentligi saklamak üçin niýetlenen otaglar bar. Binanyň birinji gatynda Türkmenistanyň Prezidenti “Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň enjamlary” barlaghanasyna barýar, bu barlaghana nebiti we gazy gaýtadan işlemek bilen bagly amallary, nebit fraksiýasynyň düzümini, gazy gaýtadan işlemegiň we arassalamagyň usullaryny, nebit önümleriniň hilini himiki taýdan kesgitlenilmegini öwrenmek üçin ýörite okuw serişdeleri bilen üpjün edilipdir.

Talyplar barlaghana mahsus şertlerde nebitgaz toplumynyň daşky gurşawa öz täsirini ýetirýän nebitli galyndylar bilen hapalanmagynyň derejesini azaltmak boýunça amallary, şol sanda nebit we gaz işlenip çykarylan mahalynda çykýan suwuň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň usullaryny we tehnologiýasyny öwrenerler.

Milletiň Lideri himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetinden çykyp, talyplaryň Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň çäginde ýerleşýän umumyýaşyýyş jaýyna bardy we bu ýerde döredilen ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşdy. Umumyýaşaýyş jaýynda talyplar üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr, otaglar döwrebap mebel bilen üpjün edilipdir.

Ýeri gelende aýtsak, institutda talyplaryň netijeli okamagy we ylmy işleri alyp barmagy, oňaýly şertlerde ýaşamagy, mahlasy, şahsyýetiň sazlaşykly ösüşi üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde bedenterbiýe we sport merkezinden başga-da, dürli ugurlar boýunça, ýagny aýdym-saz, tans, folklor, çeperçilik toparlary hereket eder.

Institutyň öz muzeýi hem bar, bu ýerde özboluşly arhiw gaznasy döredilipdir, ol nebitiň we gazyň çykarylyşy, häzirki eýýamda nebitgaz pudagynyň we halk hojalygynyň ösüşi barada gürrüň berýän taryhy we beýleki maglumatlary özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz alada etmegi netijesinde pudakda ýokary netijeleriň gazanylýandygyna şaýatlyk edýän halkara sertifikatlary muzeýiň gymmatly materiallarynyň biri hasaplanylýar.

Milli Liderimiz talyplaryň umumyýaşaýyş jaýyndan çykyp, institutyň maglumat tehnologiýalary merkeziniň binasyna gelýär, bu ýerde maglumatlar ulgamynda programma bilen üpjünçiligi amala aşyrmak üçin döwrebap innowasion enjamlar we abzallar goýlupdyr. Döwlet Baştutany binanyň üçünji gatyna çykyp, maslahatlar üçin niýetlenen kiçi zala bardy.

Bu ýerde täze institutyň umumy maglumatlar merkezi bolup, ol dünýäniň iň kämil tehnikalary we tehnologiýalary bilen üpjün edilipdir. Merkezde oturdylan kompýuterleriň üsti bilen Internet arkaly dünýäniň dürli künjekleriniň ugurdaş mekrezleri bilen göni aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik bar. Şu pursatda hünärmen merkeziň Günorta Koreýanyň “LG” kompaniýasynyň edara binasynyň göni aragatnaşykdadygyny döwlet Baştutanymyza habar berdi. Koreýaly işewürler pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi bu şanly waka bilen gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz şu günki şanly waka mynasybetli Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desselerini gowşuryp, ylym we bilim ulgamynyň ösdürilmegi barada içgin alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de milletiň Liderini berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli uly möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmek ugrunda öz tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra milletiň Lideri dabara gatnaşyjlar, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary bilen mähirli hoşlaşdy we hemmeleri bu şanly waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýynyň, şeýle hem çagalar bagynyň açylyş dabaralarynyň geçiriljek ýerine ugrady.

Döwlet Baştutanynyň awtoulagy täze gurlan 12 gatly, 72 öýli ýaşaýyş jaýynyň ýanynda saklanýar. Bu ajaýyp belent binada nebitgaz pudagynyň işgärleri ýaşar.

Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda milli Lidirimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistana ýaşaýyş jaýlary boýunça amala aşyrylýan syýasatyň özboluşly nyşanlaryna öwrülip, ajaýyp we ak mermer bilen örtülen ýaşaýyş jaýlarynyň tutuş toplumlary Aşgabadyň görküni has-da artdyrdy, şol syýasatyň amala aşyrylmagy netijesinde halk hojalygynyň dürli ulgamlaryna degişli işgärleriň maşgalalarynyň müňlerçesi bu ak mermerli belent binalarda jaý toýlaryny tutdular.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini ruhubelentlik bilen garşylaýarlar, milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desselerini gowşurýarlar. Bu şanly waka mynasybetli döredijilik sowgadyny taýýarlan artistler aýdym-sazly tanslar bilen çykyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş jaýyna girip, bu ýerde oňaýly ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Öýleriň 72-siniň ählisi durmuşda ulanylýan tehnika bilen üpjün edilipdir, aşhanalar we suwa düşülýän otaglar göwnejaý enjamlaşdyrylypdyr. Öýleriň otaglary giňdir we ýagtydyr. Bu ýaşaýyş jaýda ýylylyk we elektrik energiýasy bilen özbaşdak üpjün edýän ulgam we dizel arkaly özbaşdak işleýän generator bar. Öýlerde ýylyň dowamynda amatly temperatura saklanar hem-de howa tämizlener. Ýokary tizlikli liftler gatlara çalt barmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýaşaýjylara amatly hojalyk jaýlary we awoulaglar üçin niýetlenen duralga bar. Belent binanyň daş-töweregi göwnejaý abadanlaşdyryldy hem-de işjeň ýagdaýda dynç almagy halaýanlar we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler bu ýerde ýerleşýän sport meýdançalarynda futbol, basketbol, tennis oýnap biler. Çagalar hem ünsden düşürilmändir, bu ýerde olar üçin oýun oýnalýan meýdançalar bar, şeýle hem baýramçylyk dabaralary we däp-dessurlar bilen bagly çäreler geçirmek üçin niýetlenen ýer bar. Täze ýaşaýyş jaýynda ýaşaýanlar üçin dükanlar işlär.

Belent binanyň daş-töweregi abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Ak mermer bilen örtülen täze bina paýtagtymyzyň bu böleginde binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän syýasatyň ýene-de bir nyşanyna öwrüldi, şol syýasatyň many-mazmuny “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda jemlenýär.

Türkmenistanyň Prezidenti täze ýaşaýyş jaýy synlan mahalynda birnäçe öýlere baryp gördi. Täze jaý toýuny tutýan maşgalalar döwlet Baştutanyny mähirli garşyladylar. Milli Liderimiz olary täze jaý toýy bilen gutlap, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlygy, agzybirligi arzuw etdi we olara gymmat bahaly sowgat gowşurdy.

Täze jaý toýuny toýlananlar öz gezeginde milli Liderimize halkyň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna amala aşyrýan ägirt uly özgertmelerini biragyzdan goldaýandyklaryny aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, indiki desga tarap ugrady. Şu gün Ankara köçesiniň ugrunda 160 orunlyk çagalar bagynyň ulanmaga berilmegi hem meýilleşdirildi.

Täze çagalar bagynyň açylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ýolundaky möhüm ädimiň we ösüp barýan ýaş nesil hakyndaky döwlet tarapyndan edilýän yzygiderli aladanyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle edaralaryň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda yzygiderli ulanmaga berilýändigini bellemeli. Ýaş nesillere berilýän bilimiň ýokary derejesi, olaryň ruhy we beden taýdan taýýarlygy, milletiň aň-bilim mümkinçilikleriniň ösdürilmegi häzirki döwürde ýurduň ösüşiniň esasy ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň ulagy täze çagalar bagynyň öňünde saklanýar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. Hormatly ýaşulular milli Liderimize duz-çörek hödürlediler we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň we Watanymyzyň rowaçlygyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdiler.

Ajaýyp çagalar bagyny sowgat berendigi üçin çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde körpeler hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini sowgat berdiler. Olar öz hoşallyklaryny Watanymyzy, halkymyzy, mähriban Arkadagymyzy wasp edýän goşgy setirleri bilen beýan etdiler.

Oglanjyk we gyzjagaz bu ýere ýygnanan körpeleriň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan täze binany açyp bermegini haýyş etdiler. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda binanyň toý bagyny kesdi we çagalar bagynyň ýagty eýwanyna girdi.

Mekdebe çenli çagalar edarasynyň täze binasy bilen tanyşlygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy körpeler özleriniň owazly çykyşlary bilen garşyladylar hem-de şadyýan aýdym-sazlaryň üsti bilen hormatly Prezidentimize bagtyýar çagalyk üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Çagalar bagy ýurdumyzda ykrar edilen ülňülere doly laýyklykda gurlupdyr. Onda körpe nesilleriň sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Iki gatly binada aýdym-saz bilen meşgullanmak üçin ýörite zal, informatika otagy we toparlar üçin amatly otaglar bar.

Ýöriteleşdirilen lingafon otagynda çagalar türkmen, iňlis we rus dilleriniň sözleýiş medeniýetini öwrenerler. Okuw otagy interaktiw enjamlar bilen üpjün edilipdir. Ýöriteleşdirilen ösüş maksatnamasynyň toplumy çagalara ähli okuw sapaklary bäsleşik görnüşinde alyp barmaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem binada ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen gyşky ýüzüş howzy bar. Bu ýerde enjamlaşdyrylan gimnastika zaly we kiçi türgenleşik otaglary çagalaryň bedenini berkitmäge mümkinçilik berer.

Bagyň abadanlaşdyrylan içerki howlusynda körpeler öz wagtlarynyň köp bölegini geçirerler. Oňaýly pawilonlaryň ýanynda depejigi hem-de hiňňildikleri bolan oýun meýdançalary bar. Çagalar bagynyň çäginde gök zolak döredilipdir, dürli güller oturdylypdyr we bag nahallary ekilipdir. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde döredilen şertler bilen içgin gyzyklanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz çagalar bagynyň sport zalyna bardy. Ol ýerde ýaşajyk türgenler ýörite görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem milli Liderimiz binanyň birinji gatynda ýerleşýän ýüzüş howzy synlady. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde körpeler hem-de olaryň terbiýeçileri bilen gürrüňdeş boldy, şonda olar döwlet Baştutanymyza bu ajaýyp sowgat hem-de ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy we sagdyn durmuş ýörelgeleri, şeýle hem mugallymlar, terbiýeçiler üçin edýän yzygiderli aladasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary täze binanyň açylmagy bilen ýene bir ýola gutlap, olara berk jan saglyk, abadançylyk we işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Mahlasy, şu günki şanly wakalar Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan yzygiderli döredijilik hem-de rowaçlyk syýasatyna ygrarlydygyny tassyklady.