Ï Türkmenistanyň atçylyk-sport toplumlarynda güýzki at çapyşygy möwsümi başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň atçylyk-sport toplumlarynda güýzki at çapyşygy möwsümi başlandy

view-icon 848
Şu gün Aşgabadyň, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň atçylyk- sport toplumlarynda güýzki at çapyşygy möwsümi başlandy. Bu waka ahalteke bedewleriniň watany Türkmenistanda atçylyk sportunyň giň meşhurlyga eýe bolan bu görnüşiniň köp sanly janköýerlerini atçylyk-sport toplumlarynyň münberlerine ýygnady.

Guramaçylaryň aýtmaklaryna görä, at çapyşyklarynyň esasy maksady türkmen halkynyň atçylyk babatyndaky köpasyrlyk däplerini hem-de baý tejribesini mundan beýläk-de giňden ýaýratmakdan we görkezmekden, bu özboluşly mirasy aýawly saklamakdan we bütin dünýäde wagyz etmekden, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga çekmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülen atçylyk pudagy yzygiderli ýagdaýda döwlet goldawyna eýe bolýar hem-de täze belentliklere göterilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ülňülerine doly laýyk gelýän, kämil enjamlar bilen üpjün edilen atçylyk-sport toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu gün ýurdumyzyň atçylyk-sport toplumlary köp adamly boldy. Bu ýerde ahalteke bedewleri ýyndamlykda we çakganlykda bäsleşdiler. Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda bolsa 12 çapyşyk geçirilip, oňa bedewleriň 100-den gowragy gatnaşdyryldy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda atçylyk sporty hem-de ahalteke bedewleriniň hemişe tapawutlanyp gelen ýyndamlygy bilen tanyşdyrmak üçin dünýä tejribesinde giňden ulanylýan totalizator ýola goýuldy. Güýzki at çapyşygy möwsüminiň açylmagy mynasybetli atçylyk- sport toplumlarynyň hemmesinde bolşy ýaly, paýtagtymyzdaky aýlawda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy, türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşikler guraldy, şeýle hem türkmen türgenleriniň görkezme çykyşlary boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň bedew atlary şekillendiren suratlarynyň sergisi guraldy.

Möwsüm dördünji topardaky iki ýaşar atlaryň 1000 metr aralyga geçirilen çapyşygy bilen açyldy. Şonda pellehanadan ilkinji bolup, A.Jyrrykowyň hojalygyna degişli Tyllaguş atly bedew (1 minut 10,1 sekunt) geçmegi başardy. Şu topardaky iki ýaşar bedewler bu aralyga ikinji, üçünji, dördünji we bäşinji çapyşyga hem goşuldylar. Şonda degişlilikde Ç.Muhammedowyň hojalygyna degişli Melehan (1minut 12,2 sekunt), Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan Kemer (1minut 9,3 sekunt), A.Anzarowyň hojalygyna degişli Nämesen (1 minut 12,2 sekunt) we Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Asmangül atly gysragy (1 minut 10,1 sekunt) ilkinji bolup pellehana geldiler.

Altynjy çapyşykda iki ýaşar bedewler 1400 metr aralyga ady rowaýata öwrülen Boýnowyň neslinden bolan Meleçepiň şanyna döredilen baýrak ugrunda ýaryşdylar. Meleçepiň özünden ahalteke tohumly bedewleriň özbaşdak ugurlarynyň üçüsi—Arap, Gyrsakar, Gaplaň gözbaş alyp gaýdýar. Bu aralygy 1 minut 40,3 sekuntda geçen S.Nepesowyň hojalygyna degişli Arzuw atly bedew pellehana ilkinji bolup geldi.

1500 metr aralyga geçirilen ýedinji çapyşykda üç ýaşar bedewleriň arasynda ýiti çekeleşik boldy. Onda A.Geldiýewiň hojalygyna degişli Obamaly bu aralygy 1 minut 46,2 sekuntda geçip, ýeňiji boldy.

Sekizinji çapyşykda üç ýaşar bedewler 2 müň metr aralyga goşuldylar. Bu çapyşyk şöhratly ahalteke bedewi bolan Absendiň adyna goýlan baýrak ugrunda boldy. Şonda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan Dalbedew (2 minut 24 sekunt) atly bedew ýeňiji boldy.

Dokuzynjy çapyşykda bolsa üç ýaşar bedewler 1600 metr aralykdan güýç synanyşdylar. Onda O.Orazgeldiýewiň hojalygyna degişli Garagurt atly bedew bu aralygy 1 minut 56,4 sekuntda geçip, ýeňiji boldy.

“Garaly” baýragy ugrundaky ýaryş at çapyşyklarynyň janköýerleriniň ählisi üçin möhüm wakadyr. Çünki bu baýrak ugrundaky ýaryşa atlar ömründe bir gezek gatnaşyp bilýärler.

Güýzki at çapyşyk möwsüminiň açylyşynda geçirilen çapyşyklaryň onunjysynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Doýduk atly mele gysragy ýeňiji bolmagy başardy. Ol bu aralygy 1 minut 56,2 sekuntda geçidi.

On birinji çapyşykda dört we uly ýaşar bedewler 2 müň metr aralyga goşuldylar. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan Emir atly dor bedew (2 minut 28,2 sekunt) ýeňiji boldy.

Jemleýji, on ikinji, çapyşykda üç ýaşar bedewler 1800 metr aralykdan güýç synanyşdylar. Şonda O.Orazgeldiýewiň hojalygyna degişli Bezirgen atly gara dor at ýeňiji boldy. Bezirgen bu aralygy 2 minut 5,3 sekuntda geçmegi başardy.

* * *
Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky atçylyk-sport toplumlarynda hem güýzki at çapyşyk möwsüminiň açylyşy belent dabaralara utgaşyp gitdi. Baýramçylyk äheňinde guralan at çapyşyklary oňa tomaşa edenlerde ýakymly täsir galdyrdy. Dürli toparlardan çykan dürli ýaşdaky atlar degişli aralyklar boýunça güýç synanyşdylar. Ýeňiji bolan bedewlere ýörite baýraklar gowruşyldy.

Şeýlelikde, güýzki at çapyşygy möwsüminiň şatlyk-şowhuna beslenen ilkinji güni tamamlandy.