Ï Aşgabatda futbol boýunça ilkinji okuw- türgenleşik oýunlary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda futbol boýunça ilkinji okuw- türgenleşik oýunlary tamamlandy

view-icon 983
Dynç günlerinde paýtagtymyzdaky “Aşgabat” sport toplumynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäheriniň “Al Şaab” ýetginjekler we ýaşlar toparlary bilen futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy boldy. Bu bäsleşik araplaryň toparynyň biziň ýurdumyzda okuw-türgenleşik boýunça resmi sport maksatnamasynyň jemini jemledi.

BAE-niň futboçylarynyň türkmen paýtagtyna gelmegi Türkmenistanyň sport hereketiniň ösüşinde täze sahypany açdy. Myhmanlaryň ýaşlar toparynyň futbolçylary biziň ýurdumyzyň özlerinde uly täsir galdyrandyklaryny aýtmak bilen, özleriniň sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistana ýene bir ýola gelip görmäge taýýardyklaryny kanagatlanma bilen bellediler.


“Al-Şaab” toparynyň Türkmenistandaky okuw-türgenleşik maksatnamasy arap toparynyň ýetginjekler we ýaşlar düzümleriniň şu ýylyň sentýabr aýynda başlanýan BAE-niň çempionatyna taýýarlyk bilen baglanyşyklydyr. Şarja şäheriniň futbol klubuna ýolbaşçylyk edýän baş tälimçi Žemşir Muratoglunyň esasy wezipesi diňe bir halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgasynda ýokary hilli türgenleşik geçmek bilen çäklenmän, eýsem Aziýa bäsleşiklerinde ýokary baha mynasyp bolýan futbolyň türkmen mekdebi bilen tanyşlykdan ybaratdyr.

Biziň ýaşlar ýygyndymyzyň “Al Şaab” topary bilen bolan ilkinji duşuşygy myhmanlara türkmen futbolçylaryndan öwrenere zadyň köpdügini äşgär etdi. Şol oýundan soň Ž.Muratoglu bäsleşigiň türkmen toparynyň ýokary hasap bilen gazanan ýeňşi bilen tamamlanan oýna gynanmady. Ol öz türgenleriniň asgyn taraplaryna göz ýetirdi we geljekde haýsy ugurlar boýunça türgenleşik geçmelidigini kesgitledi. Hususan-da, tälimçi oýunçylar bilen goranyş ulgamyny berkitmegiň usullaryna aýratyn üns berdi.


“Al Şaab” topary bilen türkmen ýygyndysynyň 1-nji sentýabrda geçiren jemleýji duşuşygy 8:1 hasabynda türkmen futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Arap toparynyň ýaşlar düzümi barada aýdylanda bolsa, ol birinji oýunda özüni gowy tarapdan görkezdi. Şol bäsleşik duşuşygynda hiç topar tapawutlanyp bilmedi. Şol oýunda hem Ž.Muratoglu “Al Şaabyň” goranyş ulgamyndaky kemçiliklerini ýüze çykardy.

Soňra myhmanlaryň tälimçisi toparyň düzüminde bolşy ýaly, oýnuň ýagdaýlaryna hem birnäçe düzedişleri girizdi. Bu bolsa ahyrynda oňat netije berdi. Türkmen topary bilen geçirilen duşuşyklaryň dördüsiniň ikisi arap futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Biri bolsa, ýaňy aýdyşymyz ýaly deňme-deň, beýlekisi türkmenistanlylaryň peýdasyna tamamlandy. Şunuň ýaly görkezijiler Ž.Muratogly üçin arap toparynyň ýaşlar düzüminiň milli çempionatyň öňüsyrasynda netije gazanmaga hyjuwlydygynyň subutnamasy boldy. Çünki “Al Şaab” klub toparyndan däl-de, eýsem milli ýygyndydan resmi däl artykmaçlyk gazandy.


Arap toparynyň belleýşi ýaly, Aşgabatda geçirilýän okuw-türgenleşik oýunlarynda türkmen futbolçylary bilen öz oýunçylarynyň arasynda pugta dostluk gatnaşyklary ýola goýuldy. Edil şonuň ýaly-da ol Türkmenistanyň ýetginjekler we ýaşlar ýygynda toparynyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadow bilen dostlaşdy.

Tälimçilerde birek-birek bilen pikir, tejribe alyşmaga mümkinçilik bar. Olaryň tälimçilik işi uzak ýyllara barabar boldy. Arap toparynyň tälimçisi, Türkiýe Respublikasynyň at gazanan tälimçisi Türkiýäniň belli futbol klublary “Beşiktaş”, “Fenerbahçe” we beýleki toparlara ýolbaşçylyk etdi. Ol şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndy topary bilen işledi. Bu topar türk tälimçisiniň ýolbaşçylygynda 1996-njy ýylda futbol boýunça Aziýa çempionatynda kümüş baýraga mynasyp boldy.

R.Muhadow hem biziň ýurdumyzda meşhur tälimçileriň biri hasaplanýar. Ol zehinli ýaşajyk futbolçylaryň birnäçe nesillerini ýetişdirdi. Geçen ýyl Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň “Diýar” olimpiýa rezerwleri ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň topary milli turniriň “Garaşsyzlyk” Kubogyna mynasyp boldy. Şol ýylyň güýzünde R.Muhadowa Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) we Aziýa futbol konfederasiýasynyň ýörite diplomy gowşuryldy. Munuň özi R.Muhadowa “PRO” ussat tälimçiniň derejesini ykrar etdi. Bu dereje dünýäniň islendik ýurdunyň milli ýygyndylar we klublary bilen tälimçilik işini alyp barmaga hukuk berýär.

Şeýlelikde, iki ussat tälimçileriň bilelikdäki işleri özüniň oňyn netijesini berer. Munuň şeýledigini “Al Şaab” toparynyň we Türkmenistanyň ýygyndysynyň tälimçileri tassyk etdiler. Ž.Muratoglunyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan onuň aňynda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

Türkiýeli tälimçi türkmenleriň myhmansöýerligini aýratyn belledi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Tebigy şertler bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän kaşaň sport desgalarynda ýylyň islendik paslynda netijeli okuw-türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli oňaýlyklar bar.


Sarjanyň “Al Şaab” futbol toparynyň baş tälimçisi biziň futbol meýdançalarymyza haýran aglmak bilen, bu ýerde geçirilýän okuw-türgenleşik boýunça sport maksatnamanyň möhletini uzaltmagy karar etdi. Has takygy ol “Aşgabat” sport toplumynyň ajaýyp meýdançasynda ýene bir duşuşygy geçirmegi meýilleşdirdi. Arap futbolçylary bilen bäsleşmäge ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri isleg bildirdiler. Olar hem paýtagtymyzyň futbol meýdançalarynyň ýokary hillidigini bellediler. Şeýlelikde, “Al-Şaab” toparynyň tälimçisniň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşik 4:0 hasaby bilen arap futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy.