Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik hem-de birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we ösüş depginini kanagatlanmak bilen bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenkony doglan güni bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de öz Watanynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan köp ugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Aleksandr Lukaşenko öz nobatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-belarus gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine daýanmak bilen, geljekde hem ösjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Belarus Respublikasy Türkmenistan bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Türkmenistan öz Lideriniň ýolbaşçylygynda gysga döwrüň içinde durmuş-ykdysady we medeni ösüşde uly üstünlikleri gazandy we halkara giňişliginde uly abraýa eýe boldy.
Telefon gepleşiginiň barşynda söhbetdeşler iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän möhüm halkara we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyň möhümdigini bellemek bilen, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak meselesine aýratyn üns berdiler hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki ulgamlarda türkmen-belarus gatnaşyklaryny giňeltmek ugrunda öz pikirlerini aýtdylar.
Şunuň bilen baglylykda üstünlikli işewür hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallary hökmünde, hususan-da, türkmen oba hojalyk toplumy üçin häzirki zaman belarus oba hojalyk tehnikalarynyň getirilmegi, şeýle hem iri senagat kärhanasyny -- Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyny gurmak boýunça amala aşyrylýan bilelikdäki taslama agzalyp geçildi.
Gumanitar hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary ylym, bilim, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem medeni alyşmalary işjeňleşdirmek pikirini goldadylar. Munuň özi däbe öwrülen dostlukly, birek-birege hormat goýmak we netijeli häsiýete eýe bolan türkmen-belarus gatnaşyklaryny has-da berkitmek işine hyzmat eder.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryna we strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklap, birek-birege jan saglyk we üstünlikler, dostlukly türkmen we belarus halklaryna bolsa bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.
Söhbetdeşlik belarus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.